Türkmenistanda raýatlary Özbegistanda işlemäge çagyrýan bildirişler ‘köpelýär’

Türkmen-özbek serhet geçelgesi (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda raýatlary Özbegistanyň dürli şäherlerinde işlemäge çagyrýan bildirişleriň sany göz-görtele köpelýär. Bu waka, Türkmenistanda ilatyň ýurduň daşyna çykmaga, şol sanda Özbegistana gitmäge islegi ýokary bolmagynda galýan mahalyna gabat gelýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 18-nji maýda Lebap welaýatyndan maglumat berdi.

“Şeýle bildirişler esasan IMO, Telegram we TikTok ýaly sosial ulgamlarda we messenjerlerde çap edilýär. Bildirişlerde köplenç gurluşyk işlerinde işlejek işgärler gözlenýär” diýip, ýagdaýlardan habarly lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Türkmen dilinde çap edilýän bu bildirişlerde, ýagdaýlardan habarly lebaplylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, esasan 18-40 ýaş aralygyndaky raýatlar işe çagyrylýar.

Degişli maglumat

Türkmenistanda özbek wizasy üçin uly nobat saklanýar. Özbegistana şu ýyl baran türkmen raýatlarynyň sany 51 müňden geçipdir

“Aýlyklar ýüzlerçe ABŞ dollary möçberinde bolup, käbir bildirişlerde iş wagtynyň günde 13 sagada çenli dowam edýändigi bellenilýär. Muňa garamazdan, ilat arasynda bildirişlere gyzyklanma ýokary” diýip, lebaply ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Şol bir wagtda, ýaşaýjylaryň ençemesi bu bildirişleriň anyk kimler tarapyndan ýaýradylýandygynyň, işgärleriň ýaşaýyş we iş şertleriniň takyk belli däldigini hem aýdýar.

Azatlyk bildirişleriň birnäçesinde görkezilen telefon belgilerine jaň edip, bildirişleriň jikme-jiklikleri barada teswir almaga synanyşdy. Ýöne 18-nji maýda bu belgilerde telefona jogap beren adamlar ‘maglumat berip bilmeýändiklerini” aýdyp, telefony taşlamak bilen boldular.

Türkmenistanda raýatlary Özbegistanyň dürli şäherlerinde işlemäge çagyrýan bildirişleriň köpelmegi, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, ilatyň goňşy ýurda işlemek we okamak üçin gitmäge islegi ýokary bolmagynda galýan mahalyna gabat gelýär.

Lebaply ýaşaýjylaryň ençemesiniň we sebitiň gümrük edaralarynyň birinde işleýän çeşmämiziň sözlerine görä, häzir Özbegistana işçi migrant bolup gitmäge ýykgyn edýän raýatlaryň sany örän köp. Munuň sebäbi bu ýurda gitmek üçin wiza çykdajylarynyň arzan bolmagy bilen baglanyşykly.

"Aşgabadyň haýyşy boýunça Türkiýe türkmenlere wiza düzgünini girizensoň, häzir türk işçi wizasyny almak 2 müň amerikan dollaryna barabar bolýar. Goňşy Özbegistanda işlemek üçin multi wizanyň çykdajysy bolsa, 300 amerikan dollaryna barabar bolýar. Türk wizasyny almaga maddy ýagdaýy bolmadyk köp adam özbek wizasyny alyp, Özbegistana gidýär" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Degişli maglumat

Bilim almak üçin Özbegistana gidýän türkmen ýaşlarynyň, şol sanda etniki özbekleriň sany artýar

Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web sahypasyndaky maglumata görä, gysga möhletli wizalar 7 günden başlanýar we bir ýyla ýetýär, olaryň bahasy 40-160 dollar aralygynda, 6 aýlyk we bir ýyllyk uzakmöhletli wizalar 150-250 amerikan dollary aralygynda durýar.

Ýurtda özbek wizasyny almaga islegiň uludygyny Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri ýygy-ýygydan habar berýärler. Mart aýynda Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde 100-e golaý türkmen raýatynyň nobatda durýandygy barada maglumatlar gelip gowuşdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ne ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, ne-de türkmenistanlylaryň daşary ýurtlara, şol sanda Özbegistana zähmet migrasiýasyna we okamaga gitmegi barada aç-açan gürrüň gozgaýar. Häkimiýetler bu baradaky statistikany hem ilat köpçüligi bilen paýlaşmaýar.

Özbegistanyň syýahatçylyk boýunça komitetiniň maglumatyna görä, 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistandan 51 206 adam Özbegistana barypdyr.

2025-nji ýylda Özbegistana okuw maksady bilen gelen daşary ýurtlularyň arasynda Türkmenistanyň raýatlary ikinji orny eýeläp, 9349 adama barabar bolupdyr. Bu barada Özbegistanyň statistika komitetiniň sanlarynda mälim edilýär. Şeýle-de, onda şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Özbegistana okuw maksady bilen eýýäm 7174 türkmen raýatynyň barandygy görkezilýär.

Türkmenistanlylar iş gözleginde esasan Russiýa, Türkiýe we Birleşen Arap Emirliklerine barýarlar. Ýöne soňky ýyllarda Özbegistana, Azerbaýjana, Gazagystana we Gyrgyzystana zähmet migrasiýasyna gidýän türkmenistanlylar hem göz-görtele köpelýär.

Bu ýagdaýlar we munuň sebäpleri barada Türkmenistanyň metbugatynda aç-açan gürrüň gozgalmaýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.