Türkmenistanlylar Täze ýylda jaý, gowy aýlyk, hakyky ösüş arzuw edýärler

Aşgabatda awtobusa garaşýan ýolagçylar. Arhiw suraty

Azatlygyň habarçylary ýyl aýagynda we başynda birnäçe ýaşaýjy bilen söhbetdeş bolup, olaryň 2026-njy ýylda bolmagyny isleýän zatlary bilen gyzyklandy.

Gyzylarbatly 56 ýaşly oba hojalyk hünärmeni, ady redaksiýada saklanýar, döwletiň daýhanlara bolan garaýyşlaryny üýtgetmelidigini aýtdy.

“Daýhanlara täze ýyldan ipoteka jaý satyn almak ýa-da jaý gurmak üçin karz almagyny ýola goýmak zerur. Daýhanlar, hamala, üçünji sort adam ýaly, bu pudagyň işgärlerine ne kredit berilýär, ne jaý satyn alar ýaly dahod berilýär. Daýhanlar, Berdimuhamedowlar döwründe, ‘itiň sanawynda ady ýok’ diýenleri boldy" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

'Kärendeçini 400 manatlyk garrylyk pensiýasyna çykarýarlar'

Onuň tassyklamagyna görä, tonnalap pagta, bugdaý ýetişdiren kärendeçi pensiýa çykan wagty, onuň işlän döwründe döwlete tabşyran pagtadyr bugdaýy, zähmet çeken ýyllary pensiýa üçin staža goşulmaýar.

Habarçymyz, howpsuzlyk aladalary sebäpli, bu barada resmilerden hiç bir düşündiriş sorap bilmedi.

Degişli maglumat 'Ene-ata garyp çagalaryna ýük bolýar', garrylar öýüne düşýär


Oba hojalyk hünärmeniniň tassyklamagyna görä, kärendeçi pensiýa çykanda, ony 400 manatlyk garrylyk pensiýasyna çykarýarlar.

40 ýyllap 50 gradus yssyda zähmet çeken daýhanlar döwlet ünsünden çetde galýar, eger-de daýhanyň agyr zähmet netijesinde öndüren ýüpegi, pagtasy we bugdaýy, gök-bakja ekinleri bolmasa, maldarlaryň öndüren et-ýag, süýt-gatyk önümleri bolmasa, paýtagtda we beýleki şäherlerde ýaşaýyş hem bolmazdy diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 60 ýaşly inženeri, ady redaksiýada saklanýar, ýaşlaryň ýurtdan gidip okap, soň yzyna dolanmazlygy barada alada edýändigini aýtdy.

“Nebit hünärmenleri ýetişmezlik edýär, muňa hökümetiň işgärlere ýeterlik aýlyk tölemezligi sebäp bolýar. Döwletiň zähmete töleg ukybyny ýokarlandyrmaly. Bu ugurdaky ýalňyş tiz düzedilmese, bilimli hünärmenlere zar bolarys” diýip, nebitçi inžener aýtdy.

Azatlygyň bir söhbetdeşi Täze ýyl arzuwy baradaky soraga jogap berip, “4 oglum bar, üçüsine jaý satyn almaly, 2 gyzyma toý etmeli, ömrüm ýetse, başga uly baýlyk arzuwym ýok, bar arzuwym şu aladalarymdan gutulmak” diýip jogap berdi.

Kyrk ýaşly lukman, ady redaksiýada saklanýar, Balkanabatdaky şäher awtobus gatnawlaryndan şikaýat etdi.

Saglyk işgärlerine 'aýratyn awtobuslar gerek'

“Lukmançylyk edaralaryna aýratyn awtobuslar berilse, işe gatnamaga ýeňillik döredilse gowy bolardy. Işe taksi bilen gatnamak alýan aýlygymyza gabat gelmeýär” diýip, söhbetdeşmiz aýtdy.

Şeýle-de, ol saglyk edalarynda geçirilýän barlaglaryň azalmagyny, aýlyklardan edilýän tutumlar aýrylmagyny, mejbury kitap söwdasynyň bolmazlygyny arzuw etdi.

Degişli maglumat Maryda gatnaýan minibuslar azalýar, ýolagçylar kösenýär


“12-nji dekabrda Serdaryň täze çapdan çykan kitabyny mejbury satyn almaly etdiler. Beýle zatlar aradan aýrylyp, dünýewi demokratik, hakyky ösen döwlete öwrüleli, dilegçi hökümet atlandyrylýan sistema perspektiwaly hökümete öwrülsin, halkyna ýürekden hyzmat edýän hökümeti arzuw edýärin. Özüm lukman, ýokary bilimli, ýöne 110 dollar aýlygym bar, gije-gündiz işleýäris, bu az bolýar, ýetmeýär. Aýal maşgala näme etmeli, para almalymy ýa-da işden daşary başga iş etmelimi?” diýip, saglyk işgäri aýtdy.

Habarçylarymyz bilen söhbetde bolan adamlaryň köpüsi Täze ýylda jaý almagy arzuw edýändigini aýtsa, biri köne ulag satyn alyp, kireý etmekden başga pikiriniň ýokdugyny aýtdy, beýleki biri Täze ýylda baş arzuwym çörek tapmak diýdi. Bir ýaş ýigit, biraz özümi oňaryp başlasam, Polşa gidip işlemegi arzuw edýärin diýdi.

Ýurtdaky maglumat ýapyklygy zerarly, Azatlyk ýurt içinde adamlar bilen açyk gürleşip, dürli ýaşdaky adamlaryň Täze ýyl arzuwlary barada wideogepleşik taýýarlap bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.