Owganystantanly türkmenler 3-nji oktýabrda Anthoý şäherinde ýygnanyp, Türkmen diliniň milli gününi bellediler.
Farýap welaýatyndaky çeşme Türkmen dili gününiň ozallar sentýabryň ahyrky hepdesinde 23-nji ýa 24-nji sentýabrda giňden bellenendigini, ýöne bu gezek ony biraz gijigip, 3-nji oktýabrda belländiklerini habar berdi.
Sosial mediada paýlaşylan wideodan görnüşine görä, geçen ýyllarda bolşy ýaly, bu çärä birnäçe şahyr, medeni işgär we ýerli ýaşaýjylar gatnaşdy.
Çykyş edenler öz ene dillerine bolan sylag-hormatlaryny, söýgülerini beýan etdiler, goşgy-gazal okadylar we ata-babadan miras galan türkmen medeniýetini, däp-dessurlaryny, şol sanda türkmen dilini mundan beýläk hem gorap saklamaga, nesilden nesle geçirmäge çagyrdylar.
TOLO news neşiri geçen ýylyň 28-nji sentýabrynda, Türkmen diliniň Farýap welaýatynda bellenen güni barada beren habarynda Eýrandam Pakistanda, Saud Arabystanynda ýaşaýan türkmenleriň hem bu güni baýram edýändigini habar berdi.
Azatlygyň öňki habarçysy Şaýmerdanguly Myrady Birleşen Ştatlarda ýaşaýan türkmenleriň hem bu güni her ýyl baýram edýändigini aýtdy.
Maglumat üçin aýdylsa, 2004-nji ýylda tassyklanan owgan konstitusiýasy puştun we dari dillerini Owganystanyň döwlet dili hökmünde kabul edip, şol bir wagtda, etniki azlyklar tarapyndan ulanylýan türkmen, özbek, buluç.. dillerini ýerli resmi dil hökmünde ykrar edýär.
Degişli maglumat Etniki türkmenler Owganystanda türkmen diliniň resmi dil hökmünde ykrar edilmeginiň ýyl dönümini belleýär