Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Etniki türkmenler Owganystanda türkmen diliniň resmi dil hökmünde ykrar edilmeginiň ýyl dönümini belleýär


Owgan türkmenleri

2004-nji ýylda tassyklanan owgan konstitusiýasy puştun we dari dillerini Owganystanyň döwlet dili hökmünde kabul edýär, şol bir wagtda, etniki azlyklar tarapyndan ulanylýan türkmen, özbek, buluç we başga-da birnäçe dili ýerli resmi dil hökmünde ykrar edýär.

18 ýyl mundan ozal, türkmen dili Owganystanyň baş kanunynda ýerli resmi dil hökmünde ykrar edildi. Munuň yz ýany, Owganystanyň Magaryf ministrliginde Türkmen dili bölümi döredildi.

Owgan türkmenleriniň toý däpleri
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:15 0:00

24-nji sentýabrda owgan türkmenleri ýurtda öz dilleriniň ýerli resmi dil hökmünde ykrar edilmegini belleýär.

2004-nji ýylda tassyklanan owgan konstitusiýasy puştun we dari dillerini Owganystanyň döwlet dili hökmünde kabul edýär, ýöne şol bir wagtyň özünde, etniki azlyklar tarapyndan ulanylýan türkmen, özbek, buluç we başga-da birnäçe dili ýerli resmi dil hökmünde ykrar edýär. Ýurduň konstitusiýasy türkmen dilini üçünji ýerli resmi dil hökmünde kabul edýär.

Owganystanda türkmen diliniň ýerli remi dil hökmünde ykrar edilmeginden soňra, mekdep okuwçylaryna niýetlenip, türkmen dilinde okuw kitaplary çap edildi.

Ýöne etniki türkmenleriň sözlerine görä, türkmen obalarynda hereket edýän mekdepleriň köpüsi Türkmen dili kitaplaryndan mahrum boldy, Magaryf ministrligi tarapyndan çap edilen kitaplar köp mekdebe gowuşmady.

Bar bolan kynçylyklara garamazdan, owgan türkmenleri, hususan-da ýokary bilimli ýaşlar 24-nji sentýabrda Owganystanda türkmen diliniň milli gününi belleýär.

Owgan türkmenleriniň wekillerinden ýazyjy Rahmatylla Türkmen Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde Owganystanda türkmen diliniň ösdürilmegi boýunça hökümet derejesinde az tagalla edilendigini aýtdy.

Ýazyjy etniki türkmenleriň 24-nji sentýabrda paýtagt Kabulda we ýurduň dürli künjeklerinde türkmen diliniň milli gününi belläp geçýändiklerini gürrüň berdi.

Farap welaýatynyň ýerli geňeşiniň agzasy Akmuhammet Nury Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda etniki türkmenleri özleriniň milli güni mynasybetli gutlady.

Kabul uniwersitetiniň Türk dili bölüminiň uly mugallymy Rawuş Turan Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde türkmenleriň milli güni mynasybetli Internet arkaly onlaýn çäre geçirmegi teklip etdi

Owganystanyň Ylymlar akademiýasy geçen ýyl täze türkmen elipbiýsini resmi taýdan hasaba aldy.

20 ýyl bäri uruşdan ejir çeken Owganystanda ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara güýçler ýurdy terk edensoň, “Talyban” awgustyň ortalaryndan häkimiýeti ele geçirdi. Sentýabryň başlarynda Owganystanda “Talyban” ýolbaşçylygynda hökümet yglan edildi. Daşary ýurt döwletleri Owganystanyň “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümetini ykrar etmekde howlukmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG