Ukrainada ilkinji gezek ulanylyp başlan ‘päsgelçiliklere durnukly’ dronlar Ýakyn Gündogardaky uruşda peýda bolýar

2026-njy ýylyň 19-njy maýynda ýaraglandyrylan dörtganatly dron Liwanyň günorta serhedinden Ysraýyla tarap uçup girende, Ysraýylyň Goranmak Güýçleriniň (IDF) bir esgeri golaýdaky depä tarap ylgap çykyp, dronyň optiki süýümli dolandyryş kabelini metal galyndy bilen tutmaga synanyşdy.

Suratkeşler tarapyndan harbylaşdyrylan serhetde düşürilen bu täsin waka, ilkinji gezek rus esgerleri tarapyndan ulanylan, soňra Ukrainada giňden ulanylyp başlan optiki süýümli dronlaryň Eýran tarapyndan goldanylýan Hezbollah söweşijileri tarapyndan hem ulanylýandygyny görkezýän iň açyk mysallaryň biri boldy.

Bu ýagdaý şeýle hem dünýäniň iň ösen harby güýçleriniň hem arzan dron tehnologiýasynyň öňünde näderejede gowşak bolup bilýändigini görkezýär.

2026-njy ýylyň 19-njy maýynda bir ysraýyl esgeri ilkinji şahs görnüşindäki (FPV) dronyň optiki süýümli kabelini metal bir bölek bilen ilmäge synanyşýar.

Soňky bir aýyň dowamynda Hezbollah söweşijileri kilometrlerçe uzynlykdaky optiki-süýümli kabeller arkaly dolandyrylýan kamikadze dronlary ulanmak bilen üç sany IDF esgerini we bir ysraýylly raýaty öldürdi.

Muňa jogap hökmünde Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu şu görnüşli dron howpuna garşy göreşmek üçin ýörite topar döredilendigini yglan etdi. Ysraýyl bu iş toparyny “çäksiz býujet” bilen üpjün edýär, bu bolsa 2024-nji ýylda ilkinji gezek ýüze çykan ýarag görnüşine taýýarlygyň ýeterlik däldigi baradaky ýurt içindäki barha artýan jedelleriň arasynda bolup geçýär.

Habarlara görä, IDF mundan öň Kiýewiň Ysraýyl güýçlerine anti-dron usullary boýunça tälim bermek baradaky tekliplerini ret edipdi, emma 17-nji maýda Netanýahu häzirki dron krizisinden birnäçe ýyl öň bu ýarag görnüşiniň howpuny duýdurandygyny aýtdy.

“Ukrainadaky urşy görenden soň, munuň biziň söweş meýdanymyzda hem ulanylýan gural bolup biljekdigini pikir etdim” diýip, Netanýahu hökümet mejlisinde aýtdy.

Ysraýyl harby güýçleri tarapyndan çap edilen suratda, FPV dronynyň näbelli bir ýerde ysraýyl harby ulaglarynyň üstünde tor içinde asylgy ýagdaýy görkezilýär.

Radio arkaly dolandyrylýan dronlar elektriki signal bozujy ulgamlaryna garşy gowşak bolup, dolandyryjy bilen arasyndaky açyk görüş çyzygyny talap edýär. Olardan tapawutlylykda, optiki süýümli dronlar bolsa uçmaga mümkinçilik bar bolan islendik ýere ugradylyp bilýär.

Ukrainada tejribeli dron uçarmanlarynyň öz enjamlaryny binalaryň içine, hatda duşman territoriýasynyň birnäçe kilometr çuňlugyndaky penjirelerden geçirip, esgerleri gözläp barýandygy dokumentleşdirildi.

Uçuşyň şeýle erkinligi diňe batareýanyň ömri we dronyň kabeliniň uzynlygy bilen çäklendirilýär. Bu ýagdaý söweşijileriň tunellerden çykyp drony uçuryp, soňra ýerasty ýerden görünmän dolandyrmagy mümkin diýen aladalary güýçlendirýär.

Süýümli kabelli dronlar radio ýa-da ýylylyk yzyny galdyrmaýar we pes belentlikde, köptaraplaýyn fonuň içinde uçan ýagdaýynda radar ulgamlarynyň köpüsinden sowlup geçip bilýär.

Käbir hünärmenler Hezbollah söweşijileri tarapyndan ulanylýan bu görnüş dronlaryň ýüze çykmagy, Russiýanyň bu tehnologiýa baradaky maglumatlary Eýrana geçirýändigini görkezýär diýip hasaplaýarlar. Beýlekiler bolsa has aladaly başga bir ähtimallygyň has dogry bolup biljekdigini aýdýarlar.

Russiýa–Eýran gatnaşyklary boýunça ekspert Nikol Graýewskiý Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde 19-njy maýda düşürilen optiki süýümli dronyň Ukrainadaky rus güýçleriniň ulanýan konfigurasiýalary bilen tas birmeňzeşdigini aýtdy.

Ol Hezbollah tarapyndan saklanýan rus ýaraglarynyň uly ätiýaçlyklarynyň bu tehnologiýanyň “ýa göni ruslardan, ýa-da Russiýanyň üsti bilen eýranlylara geçip, ol ýerden gelýändigini” görkezýän alamat bolup biljekdigini belleýär.

Moskwa bolsa Hezbollahy ýarag üpjün edýändigini ret edýär.

19-njy maýda Hezbollah söweşijileri tarapyndan uçurylan optiki süýümli dron, içindäki kabel tegegi we partlaýjy baş oky bilen Ysraýylda näbelli nyşana tarap hereket edýär.

Emma Russiýanyň Ukrainany basyp alyş urşunyň taryhda iň köp wizuallaşdyrylan söweşleriň biri bolandygy sebäpli, käbir analitikler Hezbollah söweşijileriniň öz enjamlaryny we taktikalaryny Russiýanyň Ukrainadaky urşundan düşürilen wideolara esaslanyp jemläp bilendigini aýdýarlar.

“Bu beýle bir uly aň-bilim talap etmeýär” diýip, Ýaakow Lappin Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy. “Hezbolla Ukrainanyň söweş meýdanlarynda FPV dronlarynyň möhüm täsirini gördi we ony ullanmagy karar etdi.” Ysraýyl harby analitigi şeýle hem dronlaryň partlaýjy baş okundan başga ähli bölekleriniň “internetdäki web sahypalaryndan aňsatlyk bilen satyn alnyp bilinýändigini” belleýär.

Käbir hytaý platformalary 30 kilometre çenli kabel saklaýan tegek konteýnerlerini hem öz içine alýan optiki süýümli dron böleklerini açyk ýagdaýda satýar.

Meşhur “Drone Wars” sosial media sahypasyny ýöredýän Monika Ahlborn hem täze ýüze çykýan Hezbollah dronlarynyň diňe bir göçürme ýagdaýy bolup biljekdigini aýdýar. Ol sosial mediýanyň giň ýaýramagy sebäpli “ideýalaryň, konfigurasiýalaryň we taktikalaryň dürli uruş meýdanlaryna çalt ýaýrap bilýändigini” belleýär.

Soňky ýyllarda söweş meýdanyndaky şuňa meňzeş innowasiýalaryň ýaýramagy başga mysallarda hem görlüpdir, şol sanda dron arkaly taşlanýan kiçi bomba (bomblet) ulanmak taktikasy. Bu usul ilkinji gezek 2017-nji ýylyň başynda ekstremist Yslam döwleti toparynyň propaganda wideolarynda görlüp, soňra Ukrainadaky we beýleki ýerlerde söweşijiler tarapyndan ulanylypdy.

2026-njy ýylyň 19-njy maýynda Liwan–Ysraýyl serhedinde optiki süýümli dronlaryň ýokarlanýan howpy sebäpli tor bilen enjamlaşdyrylan Ysraýyl tanky görülýär.

Lappin: “Bar bolan [Ysraýyl] goranyş ulgamlarynyň hiç biri hem optiki süýümli FPV dronlarynyň howpuna laýyklykda taslanmady”.

Onuň sözlerine görä, bu täze howpa garşy ýurduň içinde ara alnyp maslahatlaşylýan ilkinji çäreleriň arasynda “öňüni alyş dronlar, elektro-optiki we akustiki sensorlar, kompýuterleşdirilen nişana alýan ýarag ulgamlary, şeýle hem sensorlar tarapyndan dolandyrylýan lazerler we/ýa-da pulemýotlar” bar.

Russiýa hem-de Ukraina söweş meýdanynda ýeňil, el bilen uçurylýan öňüni alyş we torly ýaraglar ýaly kinetiki anti-dron enjamlaryny ösdürdi. Bu ulgamlaryň käbirleriniň söweş meýdanynda belli bir derejede üstünlik gazandygy dokumentleşdirildi.