Ukrainanyň zenan harby gullukçylary täze egin-eşikleri synagdan geçirýärler
Ukrainanyň harby okuw jaýynyň diňleýjileri täze harby eşikde, Kiýewiň etegindäki türgenleşik meýdançasynda, okuw synaglaryny geçýärler. 2023-nji ýylyň 12-nji iýuly.
Türgenleşik söweş şertlerindäki ýaly geçirilýär. Türgenleşige gatnaşyjylar aýallar üçin ýörite taýýarlanan egin-eşiklerde tüpeň atýarlar.
Täze harby eşik geýen ukrain harby okuwçysynyň saçyny örýär.
Iň meşhur eşik XS we XXS ölçegler hasaplanýar. Ukrainanyň ähli zenan harby gullukçylary ýakyn wagtda täze biçimli egin-eşik alyp bilerler.
Mugallym Kiýew şäheriniň etegindäki harby türgenleşik meýdançasynda, täze harby eşikdäki okuwça päsgelçilikden geçmäge kömek edýär.
Okuwçy gyzlar Kiýewiň etegindäki türgenleşik okuwynda. «Gyzlara özlerini amatly duýar ýaly, içki eşikleri tapmak gaty kyn. Harby gullukçylar tarapyndan geýilýän içki eşik möhüm mesele, ol adaty ýagdaýdaky eşiklerden tapawutlanýar» diýip, Nikorak düşündirýär.
«Meniň pikirime görä, eger aýal eline ýarag alyp, öz öýüni, maşgalasyny we ýurduny gorasa, onuň iň bolmanda amatly egin-eşigi bolmalydyr» diýip, Nikorak hasap edýär.
Ukrainanyň harby okuwçy gyzlary zenanlar üçin aýratyn niýetlenen täze harby eşikde.