2017-nji ýyl suratlarda

Gyrgyzystanda bir obanyň üstüne ýük uçary gaçyp, 35 ýerli ýaşaýyjy we uçaryň ekipažynyň dört agzasy wepat boldy. Halas ediji toparlar heläkçiligiň bolan ýerinde. 16-njy ýanwar, 2017 (epa/Igor Kovalenko)
 

Gündogar Owganystanda bosgunlar üçin niýetlenen Lagman bosgun lagerinde çagalar laýdan ýasalan jaýda ýylanýar. Uruşda ýarym million owganystanly ýaşaýan ýerlerinden göçmäge mejbur boldy. Köpsanly owgan bosgun Pakistandan, Ýewropadan we Eýrandan yzyna, öz ýurduna ugradyldy.  11-nji ýanwar, 2017. (AFP/Nurullah Şirzada)

Trampyň prezidenlik wezipesine girişmek dabarysynyň öňýany, ABŞ-nyň prezidenti Obama Ak tama çaýa gelýän saýlanan prezident Donald Tramp bilen onuň aýaly Melaniany garşy alýar. 20-nji ýanwar, 2017 (Reuters/Jonatan Ernst)

Demirgazyk-günbatar Pakistanyň Peşawar welaýatynda şagalaňa taýýarlyk görýän transgenderler toparynyň agzasy Rani ýylgyrýar. 22-nji ýanwar, 2017 (Reuters/Karen Firuz)

Ukrainanyň gündogarynda ýerleşýän hökümetiň gözegçiligindäki Awdiýiwka şäherçesinde tanklar görünýär. 1-nji fewral, 2017 (Reuters/Gleb Garaniç)

Siriýaly bosgun Baraa Haj Halaf (çepde) Çikagonyň O’Hare Halkara howa menziline gelen kakasy Haledi ogşaýar, ejesi Fattum (sagda) bir gapdalda ýüzüni tutup aglaýar. 7-nji fewral, 2017. Olar ilatynyň aglabasy musulmanlardan bolan ýedi ýurduň halklaryna, şol sanda Siriýanyň raýatlaryna garşy syýahat çäklendirmeleriniň girizillmeginden soň birek-birege gowuşdylar. (Reuters/Kamil Krzaçinski)

14 ýaşly hossarsyz owganystanly migrant gyşyň güni otly tamçasynyň gapdalynda ýuwunýar. 11-nji fewral, 2017. Serbianyň Belgrad şäherinde ol we beýleki migrantlar bosgunlyk aldylar. (AP/Muhammed Muhsin)

Rumyniýanyň Buharest şäherinde hökümetiň anti-korrupsiýa kanunlary gowşatmagyna garşy protest çäresini geçirýän adamlar el telefonlarynyň çyralaryny ýakyp ÝB-niň baýdagynyň keşbini döredýär. 26-nji fewral, 2017. (AP/Wadim Girda)

Musulyň “Yslamy döwleti” jeňçileriniň gözegçiligindäki çäginden gaçyp, yrakly ýörite güýçleriň gözegçiligindäki teritoriýa golaýlaşýan adam elinde gyzyny göterip gelişine aglaýar. 4-nji mart, 2017 (Reuters/Goran Tomaşewiç)

Belarusyň Misnk şäherinde “sosial parazitler atly kanuna” garşy gurnalan ýöriş. 15-nji mart, 2017. Müňlerçe adam işsiz adamlara goşmaça salgyt girizýän kanuna protest bildirdi. (AÝ/AR)

“OMON” güýçleri Moskwada protestçini saklaýar. 26-njy mart, 2017. Orsýetde hökümete garşy geçirilen iň uly protest çärelerinde 1 müňden gowrak adam polisiýa tarapyndn tussag edildi. (EPA/Maksim Şipenkow)

 Bir harby we onuň gyzy Demirgazyk Koreýanyň Phenýan şäherinde ýokary lider Kim il-sungyň dünýä inmeginiň 105 ýyllygyna bagyşlanan dabaralaryň çäginde  geçirilen gül sergisine gatnaşýar. 16-njy aprel, 2017. (EPA-EFE/How Hwee Young)

Prezident Rejep Taýyp Erdogana häkimiýet başynda täze mümkinçiliklere ýol açan referendumda türkler Stambulda dynç güni ses berýär. 16-njy aprel, 2017. (Getty Images/NurPhoto/Jodi Hilton)

Rumyniýanyň Geamana obasynyň golaýyndaky Rosia Poieni mis magdanyna gark bolan bir jaý. 21-nji aprel, 2017. (AÝ/AR, Amos Çappl)

Bir adam wepat bolan çaganyň jansyz bedenini göterip barýar. BMG-niň  derňew topary Han Şeýhun şäherinde Siriýanyň Howa  güýçleriniň himiki hüjümi amala aşyrandygyny aýtdy. 4-nji aprel, 2017. (Reuters/Ammar Abdullah)  

Wenezuallanyň prezidenti Nikolas Maduro garşy guralan demonstrasiýanyň çäginde protestçiler Karakasda şaýoly petikleýär. 27-nji maý, 2017. (AFP/Huan Barreto)

Eýranyň polisiýasy Tähranda raýatlaryň parlament binasyndan gaçyp çykmagyna ýardam berýär. Parlamente we Eýranyň ozalky ýokary lideri Aýatolla Homeýniniň gubyrlaryna edilen hüjümlerde azyndan 12 adam öldi. 7-nji iýun, 2017. (EPA-EFE/Omid Wahabzadeh)

Londonda köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň birini ot-ýalyn we tüsse gurşap alypdyr. 14-nji iýun, 2017. “Grenfell” diňinde dörän ýangynyň netijesinde 71 adam, şol sanda çagalar wepat boldy. Heläkçiligiň sebäpleri barada dekabr aýynda resmi derňew başladyldy. (Reuters/Toby Melwil)

Germaniýanyň Hamburg şäherinde 20-ler toparynyň sammitiniň çäginde Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ilkinji gezek duşuşýar. 7-nji iýul (Reuters/Karlos Barria)

Srebrenisa gyrgynçylygynda pida bolan 71 adamyň jesedi tabytda jaýlanmaga garaşýar. 11-nji iýul, 2017. Her ýyl anyklanan jesetleri jaýlamaga dowam edilýär. Noýabr aýynda BMG-niň tribunaly ozalky bosniýaly serb komandiri Ratko Mladiçi Srebrenisa gyrgynçylygy boýunça genositde günäli tapdy. (AÝ/AR, Midhat Poturowiç)

Günorta Osetiýa bilen araçäkleşýän Berşueti obasynyň golaýynda gürjüstanly talyplaryň we aktiwistleriň guramagynda geçirilýän protest çäresine gatnaşyjylaryň ikisi. Protestçiler Orsýetiň Gruziýanyň araçägini assyrynlyk bilen gysyp, süýşürýändigini öňe sürýärler. 7-nji awgust, 2017. (AÝ/AR, Mzia Saganelidze)

Londonda geçirilen Ýeňil-atletikaçylar federasiýasynyň halkara bileleşiginiň dünýä çempionatynda erkekleriň 4 x 100 metr aralyga estafeta ýaryşynyň jemleýiji tapgyrynda ýaralanan ýamaýkaly Usain Bolt (merkezde) reaksiýa görkezýär. 12-nji awgust, 2017. (EPA-EFE/Srdjan Suki)

Barselonada 13 adamyň ölümine ýol açan ýük ulagly hüjümiň pidalarynyň ýasyny tutýan adamlar. Agzalýan hüjüm 2004-nji ýylda Madridde bolup geçen bomba partladylmagyndan bäri Ispaniýada amala aşyrlan iň agyr hüjüm boldy. 20-nji awgust, 2017. (Reuters/Susana Wera)

Owgan polisiýasy Kabuldaky şaýy musulmanlaryň metjidine jeňçileriň amala aşyrýan hüjüminde bir çagajygy halas edýär. 25-nji awgust, 2017. (Reuters/Omar Sobhani)

Meýletinçiler Hýustonyň gündogarynda turan “Harweý” harasatyndan halas edilenleriň gaýyklaryny çekmäge kömekleşýär. 28-nji awgust, 2017. (Reuters/Adris Latif)

Rus rewolusiýasyndan takmynan 100 ýyl soň Sankt Peterburgda bir işçi Wladimir Leniniň heýkelini ýuwýar. 28-nji sentýabr, 2017. (AFP/Olga Maltsewa)

Merkezi Ukrainanyň Kalyniwka şäherindäki ok-däri ammarynda dörän partlamada ot-ýalyn we tüsse asmana göterilýär. 27-nji sentýabr, 2017. 30 müňe golaý adam ewakuasiýa edildi. (Reuters/Gleb Garaniç)

Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirilen ýörişde referendumda garaşsyzylygy goldan demonstrasiýaçylaryň zyňan ses bukjalarynyň üstünden Kataloniýanyň baýdagyny oranyp, ýöräp barýan bir aýal. 1-nji oktýabr, 2017. (AP/Emilio Morenatti)

ABŞ-nyň penasyndaky Siriýanyň demokratik güýçleriniň bir agzasy Rakka şäherini “Yslam döwletiniň” jeňçilerinden yzyna almak ugrundaky söweşi penjireden synlaýar. 16-njy oktýabr, 2017. (AFP/Bulent Kylyç)

Meşhur akýagyz milletparaz, şol sanda “aşa-sagçy” diýilýän hereketiň metbugat wekili Riçard Spenseriň Florida uniwersitetiniň kampusynda söz sözleýän ýerinde bolup geçýän harçaňlaşma. 19-njy oktýabr, 2017. (Reuters/Şannon Stapleton)

Siriýanyň Douma şäherinde bir hassahana. 26-njy oktýabr, 2017. Aýdylmagyna görä, adaty raýatlaryň ýaşaýan ýerini Siriýa režimine wepaly güýçleriň bomabalamagynyň netijesinde 7 adam öldürildi. (EPA-EFE/Mohammed Badra)

 

Rohingýa bosguny Mýanmardan Bangladeşe gaçyp barýan wagty fotosuratçylar onuň derýadan çykmagyna kömek edýär. 1-nji noýabr, 2017. (Reuters/Hannah MakKeý)

Günbatar Owganystanyň Herat welaýatynda owgan zenanlar zapgyran gülüni çöpleýär. 5-nji noýabr, 2017. Zapgyran bu dünýäniň iň gymmat bahaly tagam berijisi bolup, owgan hökümeti daýhanlary göknara derek zapgyran ekmäge höweslendirýär. (EPA-EFE/Jalil Rezaýy)

Günbatar Eýranyň Sarpol-e Zahab şäherinde 7.3 magnitutlyk ýer yranmasyndan soň ýaşaýyjylar oduň daşyna üýşüp dur. 13-nji noýabr, 2017. (AFP/ISNA/Puriýa Pakizeh)

Pakistanyň howpsuzlyk resmisi Peşawarda ýokary derejeli bir polisiýanyň ulagyna edilen hüjümden soň awtoulagyň döwülen öňki aýnasyny barlaýar. 24-nji noýabr, 2017. (EPA-EFE/Arşad Arbab)

Piksel lakamly 22 ýaşly ukrain esgeri odun çapýar. Bu gündogar Ukrainanyň Pisky obasynda ýylanmagyň ýeke-täk usuly.  2-nji dekabr, 2017. (AÝ/AR, Mariam Kuşnir)

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty diýip ykrar etmek boýunça alan kararyny protest edýän palestinler teker ýakyp, Ramallanyň Günbatar Kenarynda ysraýylly harbylar bilen çaknyşýar. 8-nji dekabr, 2017. (AP/Nasser Nasser)