2015-nji ýyl suratlarda

Orsýetiň günortasyndaky Mussa-Açitara dagyndaky Dombaý şäherçesinde ýerleşýän kafede rus prezidenti Wladimir Putiniň diwarda asylan portreti. 2-nji ýanwar, 2015 ý. (Reuters/Eduard Korniýenko)

Owganystanyň paýtagty Kabulda adamlar janyndan geçen bombaçynyň amala aşyran hüjüminiň bolan ýerinden gaçýarlar. Şol hüjümde Ýewropa Bileleşiginiň polisiýa missiýasynyň ulagy nyşana alnypdy. 5-nji ýanwar, 2015 ý. (epa/Jawad Jalali).

Liwanyň paýtagty Beýrudyň günortasyndaky Ketermaýa obasynda ýerleşýän wagtlaýyn jaýlaryň biriniň öňünde duran siriýaly bosgun gyz. Garyň ýagmagy we ýeliň turmagy netijesinde Liwanyň Bekaa jülgesindäki käbir wagtlaýyn jaýlar ýumrulypdy. (Reuters/Ali Haşişo)

2015-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Parižde adamlar terrorizme garşy ýöriş geçirmek üçin ýygnandylar. Fransiýadaky “Charlie Hebdo” satiriki žurnalyna ýaragly adamlaryň ot açmagy netijesinde 17 adam heläk bolupdy. Şol helak bolan adamlaryň hatyrasyna ýüz müňlerçe adam we 40-dan gowrak dünýä lideri Parižde geçirilen ýörişe gatnaşdylar. (epa/Frederic Won Erihsen)

2015-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda öýlerinde göçmäge mejbur edilen Yragyň ýazidi jemgyýetiniň agzalary çöregiň bişmegine garaşýarlar. Olar Dohuk şäherindäki “Dawodiýa” lagerinde galýarlar. (AFP/Safin Hamed)

Ukrainanyň Donetsk regionyndaky Debaltsewo şäherindäki 9-njy çagalar bagynyň hüjümden soňky ýagdaýyny şekillendirýän surat. 22-nji ýanwar, 2015 ý. (epa/Anastasia Wlasowa)

Eýranyň milli egin-eşiklerinde tans edýän eýranly ýaş zenanlar. Olar Eýranyň Täze ýylyndan 50 gün ozal geçirilýän “Sade” atly dabarada tans edýärler. Bu surat Eýranyň paýtagty Tähranyň gündograynda ýerleşýän “Markar” bagynda düşürildi. 30-njy ýanwar, 2015 ý. (epa/Abedin Taherkenareh)

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň öňünde geçirilen protest ýörişleri döwründe otlanan plastiki tekerler söndürilen mahaly, “Aýdar” atly meýletin batalonyň agzasy bildiriş tagtasyny derwezäniň ýokarsyndan oklamaga synanyşýar. 2-nji fewral, 2015 ý. (epa/Roman Pilipeý)

Pakistanyň Peşawar şäherinde owgan bosgunlary Dünýä kriket çempionatynyň çäginde Owganystan bilen Bangladeşiň toparlarynyň arasynda oýnalýan ýaryşa tomaşa edýärler. 18-nji fewral, 2015 ý. (AFP/A Majeed)

2015-nji ýylyň 1-nji martynda Moskwada adamlar Kremliň tankytçysy Boris Nemtsowyň jaýlanyş çäresiniň dowamynda, onuň hatyrasyna ýöriş geçirýärler. 55 ýaşyndaky Nemtsow şu ýylyň fewral aýynda Kremliň golaýynda atylyp öldürilipdi. (RFE/RL, Mihail Sokolow)

2015-nji ýylyň 8-nji martynda Yragyň al-Alam sebitiniň çetinde şaýy söweşijileri “Yslam döwleti” atly toparyň jeňçilerine garşy raketa atýarlar. (Reuters/Thaier Al-Sudani)

2015-nji ýylyň 15-nji martynda gazaklar özleriniň goýun sürüsini Hytaýyň Sinjang uýgur awtonom regionyndan alyp gelýärler. (Reuters/China Daily)

2015-nji ýylyň 22-nji martynda Owgan zenanlarynyň hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwistler Farhundanyň tabytyny göterip barýarlar. Farhunda atly owgan zenany urlup-ýenjilip öldürilipdi we soňra onuň jesedi otlanyp Kabul derýasyna oklanypdy. (Reuters/Mohammad Ismail)

2015-nji ýylyň 25-nji martynda siriýaly kürt zenany çagasy bilen Kobani şäherindäki harabaçylyklaryň arasyndan geçýär. “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri tarapyndan alty aýlap gabawa alnan şäherçe şu bylyň mart aýynda Kürt we onuň ýaran güýçleri tarapyndan azat edilipdi. (AFP/Ýasin Asgul)

Ukrainanyň gündogaryndaky Debaltsewe şäherçesinde ýaşaýjylar ýaramaz şertlerde ýaşaýarlar. 9-njy aprel, 2015 ý. Bu şäher, şu ýylyň fewral aýynda Kiýew bilen Orsýete tarapdar separatistleriň arasynda ok atyşygy bes etmek barada ylalaşyga gol gýulandan gysga wagt soň, separatistleriň kontrollygyna geçipdi.

2015-nji ýylyň 25-nji aprelinde Belgradda geçirilýän futbol ýaryşlarynyň dowamynda futbol muşdaklary tüsseli bombanyň arasynda dürli şygarlary gygyrýarlar. (Reuters/Mark Djuriça)

Suwdan doldurylan gaplara daňylan ýüp ýer titremede ýaralanan gyzjagazyň aýagyny çekip saklamak üçin ulanylýar. Bu surat 2015-nji ýylyň 29-njy aprelinde Nepalyň Kathmandu sebitindäki keselhanadan düşürilipdi. (Reuters/Daniş Siddiki)

2015-nji ýylyň 29-njy aprelinde Minskde bir oglanjyk telewizoryň golaýynda oturyp, belarus prezidenti Alýaksandr Lukaşenkanyň ýyllyk çykyşyna tomaşa edýär. (AFP/Sergeý Gapon) 

2015-nji ýylyň 6-njy maýynda Damask şäherinde Gyzyl ýarymaý jemgyýetine edilen hüjümden soň, dört ýaşyndaky Gazal (çepde), 8 aýlyk Suhairi göterip barýan ýedi ýaşyndaky Judy bilen gaçyp barýar. (Reuters//Bassam Habieh)

Tähranyň “Azadi” stadionynda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň (AFC) kubogy ugrunda geçirilýän futbol ýaryşynyň dowamynda Eýranyň “Persepolis” futbol komandasynyň tarapdarlary öz toparyny goldap çykyş edýärler. 2015-nji ýylyň 19-njy maýynda geçirilen şol ýaryşda Eýranyň topary Saud Arabystanynyň “Al-Hilal” komandasy bilen ýaryşypdy. (AFP/Atta Kenare)

2015-nji ýylyň 20-nji maýynda saýgak keýigi Gazagystanyň Kostanaý regionyndaky meýdanda ölen keýikleriň ýanynda otlaýar. (Reuters)

2015-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda adamlar türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň monumentiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin ýygnandylar. (Reuters/Marat Gurt)

2015-nji ýylyň 8-nji iýunynda Germaniýanyň “Elmau” köşgüniň daşynda german kansleri Angela Merkel Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen gepleşýär. (Reuters/Mihael Kappeler)

2015-nji ýylyň 9-njy iýunynda Kürt awtonom regionynyň paýtagty Erbil şäherinde zenan peşmerga söweşijileri selfi, ýagny öz-özlerini surata düşürýärler. Kürdüstanda kürt zenanlarynyň ençemesi “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy göreşmek üçin Peşmerga güýçlerine goşuldy. (AFP/Safin Hamed)

2015-nji ýylyň 10-njy iýunynda Bosniýa-Gersogowinada zenan we çaga 1995-nji ýylda bolan “Srebrenika” gyrgynçylygynyň pidalarynyň hatyrasyna gurlan “Potokari” ýadygärliginde surata düşürildi. (RFE/RL, Midhat Poturoviç)

2015-nji ýylyň 12-nji iýunynda Kosowanyň paýtagty Pristinada “Sen barada oýlanýaryn” atly sungat eseriniň suraty. Pristinanyň esasy futbol stadionynyň meýdançasynda müňlerçe zenanyň köýnegi bir setir görnüşinde asyldy. (epa/Waldrin Hemaj)

2015-nji ýylyň 15-nji iýunynda Gürjüstanyň paýtagtynda bolan ýowuz suw joşgunyndan soň, meýletinçiler Tbilisi haýwanat bagyny arassalaýar. (RFE/RL, Mzia Saganelidze)

2015-nji ýylyň 18-nji iýunynda Makedoniýanyň Demi Kapija demir ýol stansiýasynda migrantlar Serbiýa gidýän otlynyň gelmegine garaşýarlar. (epa/Nake Batew)

2015-nji ýylyň 19-njy iýunynda orsýetli Margarita Mamun ritmik, ýagny sazlaşykly gimnastika ýaryşynda çykyş edýär. (Reuters/Kai Pfaffenbah)

2015-nji ýylyň 23-nji iýunynda Ýerewanda geçirilen ýörişler döwründe ermeni polisiýasy protestçileri dargatmaga synanyşýar. Şonda ermeni protestçileri ýurtda elektrik nyrhlaryny ýokarlandyrmak baradaky karara garşy protest geçiripdiler. (Photolure/Wahram Baghdasarýan)

31 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda Indoneziýanyň howpsuzlyk güýçleri we halas ediş toparlary ýurduň “C-130” kysymly harby transport uçarynyň galyndylaryny derňeýärler. Bu uçar Indoneziýanyň Medan sebitiniň Demirgazyk Sumata şäherinde heläkçilige uçrapdy. (Reuters/Roni Bintang)

2015-nji ýylyň 14-nji iýunynda Wenada Eýran bilen dünýäniň iň kuwwatly ýurtlary Tähranyň ýadro programmasy boýunça ylalaşyga gelensoň, Tähranda eýranlylar bu çäräni dabara bilen bellediler. (ISNA)

2015-nji ýylyň 26-njy iýulynda Türkiýäniň Stambul şäheriniň Gazi etrabynda türk polisiýa güýçleri bilen protestçileriň arasynda bolan çaknyşyklar mahaly, ýüzi örtgüli protestçiler oduň golaýynda oturýarlar. (epa/Ýunus Tosun)

Pakistanyň Punjab welaýatynyň Rajanpur etrabynda ýurduň harby dikuçarynyň kölegesi daşy suw bilen gaplanan adanyň golaýynda görünýär. 6-njy awgust, 2015 ý. (AFP)

Belarusyň paýtagty Minsk şäherinde 2015-nji ýyl boýunça geçirilen “Dünýä gözellik bäsleşigine” gatnaşan belarusly ýaş zenan uly ulagyň golaýynda selfi, ýagny öz-özüni surata düşürýär. (AFP/Sergeý Gapon)

Gresiýanyň Lesbos adasynyň golaýynda migrantlaryň akymyndan soň, deňizde gaýyp ýören rezin tekerleri görse bolýar. 5-nji oktýabr, 2015 ý. Şu ýylyň diňe awgust aýynda grek adalaryna 100 müňden gowrak bosgunyň we migrantyň gelendigi çaklanylýar. (EPA/Filip Singer)

Makedoniýadan Serbiýa geçen migrantlar öz barmaly ýerlerine barýan mahaly, ýetginjek gyz öz gurjagyny göterip ýöräp barýar. 15-nji oktýabr, 2015 ý. (Reuters/Marko Djuriça)

Türkiýäniň Diýarbakyr şäheriniň Sur etrabynda diwarlaryndan ok geçen jaýyň içinden ýöräp barýan zenan. 30-njy oktýabr, 2015 ý. (epa/Sedat Suna)

Orsýetiň Müsürde heläkçilige uçran “Airbus A321” kysymly uçarynda pida bolanlaryň hatyrasyna güller goýlup, şemler ýakyldy. Bu surat 2015-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Orsýetiň Sank-Peterburg şäherindäki Dwortsowaýa meýdançasynda düşürildi. (epa/Anatoly Maltsew)

Fransiýanyň paýtagty Parižde 13-nji noýabrda edilen hüjümlerde pida bolanlaryň hatyrasyna adamlar bir minutlyk dymyşlyga gatnaşýarlar. Bu surat 2015-nji ýylyň 16-njy noýabrynda “Eýfel diňiniň” golaýyndaky Trokadero sebitinde düşürildi. (Reuters/Philippe Wojazer)

Ýük maşynlaryň sürüjileri prezident W.Putiniň ýyllyk halaka ýüzlenmesini diňleýärler. 3-nji dekabr. (TASS/Wladimir Smirnow)

Şu ýyl dünýä metbugatynyň sözbaşylarynda terrorizm we bosgunlar baradaky maglumatlar hemişekisinden has köp boldy. 1 milliondan gowrak adam öz ýurtlaryndaky konfliktden gaçyp, Ýewropa akym eden mahaly, söweşijiler öz hüjümleriniň gerimini Siriýadan Parižiň köçelerine çenli ýaýbaňlandyrdylar. Aşakdaky fotosergide 2015-nji ýylda bolan möhüm wakalarda surata düşürilen şekillere syn edip bilersiňiz.