Ýewropa Ukraina boýunça parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşyp biler, emma Putin eglişige meýilli görünmeýär

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý (ortada) we ABŞ-nyň wekilleri Jared Kuşner (çepde) bilen Stiw Witkoff 12-nji noýabrda Dubliniň günbataryndaky Baldonnel aerodromynda geçirilen duşuşykdan soň metbugat wekilleriniň öňünde çykyş edýärler.

WAŞINGTON -- Moskwanyň, Kiýewiň we Waşingtonyň gatnaşmagynda üç gün dowam eden diplomatik tagallalar Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşuny bes etmek ugrunda çäkli öňegidişlik getirdi. Habarlara görä, geljekki gepleşiklere Ýewropa ýurtlaryny hem gatnaşdyrmak barada ylalaşyldy. Emma Wladimir Putiniň Ukrainanyň ýerleri baradaky talaplaryndan el çekmeýändigi we Ukraina garşy hüjümleriň dowam etmegi taraplaryň ylalaşykdan entek daşdadygyny görkezýär.

Iň möhüm öňegidişlik 12-nji noýabrda gazanyldy. Şol gün ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň wekilleri Jared Kuşner bilen Stiw Witkoff Ýewropanyň wekillerini parahatçylyk gepleşikleriniň indiki tapgyryna gatnaşdyrmaga Putiniň razylygyny alandyklaryny mälim etdiler.

Bu ädim Ukrainanyň Ýewropadaky ýaranlaryna yklymyň howpsuzlygy baradaky gepleşiklere gönüden-göni gatnaşmaga mümkinçilik berip, Kiýewiň gepleşiklerdäki ornuny güýçlendirip biler.

Putin Moskwanyň öz düzümine goşandygyny öňe sürýän dört ukrain sebitiniň tutuşlygyna Russiýanyň gözegçiligine geçmegini öňküsi ýaly talap edýär. Ol Ukrainada daşary ýurtlaryň parahatçylygy goraýjy güýçlerini ýerleşdirmek teklibini hem ret etdi.

Kuşner öňegidişligiň bardygyny aýdýar

Kuşner Moskwada Putin, Dublinde Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý, şeýle-de Ýewropa ýurtlarynyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçileri bilen geçiren duşuşyklaryndan soň X ulgamynda beýanat çap etdi. Ol üç günlük diplomatik tagallalaryň “ähmiýetli öňegidişlik” getirendigini aýtdy.

“Iki tarap hem gepleşikleriň indiki tapgyryny giňeldip, oňa Ýewropadaky hyzmatdaşlarymyzy gatnaşdyrmaga razy boldy” diýip, Kuşner ýazdy. Ol gepleşiklerde Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky ýer-çäk meseleleri bilen birlikde Ýewropanyň howpsuzlygy boýunça has giň gerimli ylalaşyklaryň hem ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

Kuşner Kiýewi ynandyrmaga çalşyp, Ukrainanyň howpsuzlyk baradaky aladalary nazara alynmazdan, Ýewropanyň howpsuzlygy boýunça has giň gerimli ylalaşyklaryň gutarnykly görnüşe getirilmejekdigini hem aýtdy. Onuň sözlerine görä, ynsanperwer çärelerden başga hiç bir mesele boýunça hemmetaraplaýyn ylalaşyk gazanylýança gutarnykly karar kabul edilmez.

Dublinde Zelenski bilen duşuşandan soň Kuşner söhbetdeşligiň “örän gowy” geçendigini aýtdy. Ol köp sanly ýesiri alyşmak ugrunda gazanylan öňegidişligi “örän gowy sepgit” diýip atlandyrdy. Ýewropanyň gepleşiklere gatnaşmagy babatda bolsa, onuň aýtmagyna görä, Putin iň bolmanda muny “synap görmäge” taýýar.

Kuşner Waşingtonyň uruş başlanaly bäri iň uly bolup biljek ýesir alyş-çalşygyny geçirmek ugrunda işleýändigini aýtdy. Bu amala aşsa, müňlerçe adam maşgalasyna gowşup biler. Kuşner düýpli düşünişmezlikleriň henizem bardygyny hem boýun aldy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ozalky ýokary derejeli resmisi, häzir Jorjtaun uniwersitetiniň Demokratiýa we dolandyryş merkeziniň uly ylmy işgäri Tomas Meliýa Ýewropanyň wekilleriniň gepleşiklere gatnaşmak mümkinçiligini oňyn garşylady. Onuň pikiriçe, olaryň gatnaşmagy Kiýewiň gepleşiklerdäki ornuny güýçlendirer

“Ýewropalylar gepleşiklere näçe işjeň gatnaşsa, Ukrainanyň orny şonça-da berk bolar” diýip, ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy. Meliýa Ýewropanyň liderleriniň Ukrainanyň goranyşyny we özygtyýarlylygyny tutanýerli goldaýandygyna ünsi çekdi.

Ýewropa üçin gepleşiklere ýol açylýar, Putiniň talaplary üýtgemeýär

Moskwadaky duşuşykdan soň Putiniň aýdanlarynda Kremliň gepleşiklerdäki tutumynyň üýtgändigini görkezýän alamat kän bolmady.

Putin gepleşikleriň gerimini giňeldip, Ýewropanyň howpsuzlygyny hem ara alyp maslahatlaşmaga çalyşýar. Ol Ýewropa ýurtlary öz adyndan gepleşik geçirmäge ygtyýarly wekil bellänsoň, dört taraplaýyn gepleşikleriň geçirilip bilinjekdigini aýtdy.

Bu çemeleşme Moskwanyň ünsi öz çozuşyndan sowmak we Günbatar ýaranlarynyň arasynda bölünişik döretmek üçin bu meseläni ulanyp biljekdigi baradaky aladalary döretdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýokary wekili Kaýa Kallas Ýewropanyň howpsuzlyk ulgamynyň eýýäm bardygyny ýatlatdy we Russiýanyň hereket edýän ylalaşyklary ençeme gezek bozandygyny aýtdy. Ol atyşyk bes edilmese we şol borçnamalar berjaý edilmese, täze howpsuzlyk ylalaşygy baradaky gepleşikleriň ünsi esasy meseleden sowup biljekdigini duýdurdy.

Ýewropanyň liderleri hem gepleşikler üçin ýeke-täk wekil bellemäge howlukmaýarlar. Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Ýewropanyň howpsuzlygy baradaky kararlary ýewropalylaryň özleriniň kabul etjekdigini nygtady. Germaniýanyň kansleri Fridrih Mers bolsa esasy wezipäniň Putiniň gepleşiklere çynlakaý çemeleşmegini gazanmakdygyny aýtdy.

2013-2016-njy ýyllarda ABŞ-nyň Ukrainadaky ilçisi bolan, häzir bolsa Ukrainanyň DTEK energetika kompaniýasynyň maslahat geňeşine ýolbaşçylyk edýän Jeffri Paýatt Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna Moskwanyň niýetiniň hakykatdan-da üýtgändigini görkezýän alamatlaryň azdygyny aýtdy.

“Bu ýerde söhbetdeş bolýan ukrainalylarymyň tutumy örän berk” diýip, Paýatt aýtdy. Onuň pikiriçe, Ýewropanyň gepleşiklere gatnaşmagy baradaky çekişme diplomatik öňegidişlik gazanylýan ýaly täsir döredip biler.

Ýesir alyşmak umydy we söweş meýdanyndaky ýagdaý

Köp sanly ýesiriň alyşylmagy bu diplomatik tagallalaryň ýakyn wagtdaky iň aýdyň ynsanperwer netijesi bolup biler.

Meliýa köp sanly ýesiriň öýlerine dolanmak mümkinçiligini oňyn garşylady. Ol ýesirleriň boşadylmagynyň, urşy bes etmäge getirmese-de, ähmiýetlidigini aýtdy.

Emma ol ynsanperwer ädimleri syýasy taýdan düýpli öňegidişlik hasaplamakdan ägä bolmaga çagyrdy. Meliýa Russiýanyň Ukrainada parahat ilata we raýat infrastrukturasyna hüjüm etmegini dowam etdirýändigini, Ukrainanyň bolsa Russiýanyň harby taýdan ähmiýetli desgalaryny nyşana alýandygyny belledi

“Güýç arkaly parahatçylyk” institutynyň esaslandyryjysy Bill Koul gepleşikleriň söweş meýdanyndaky güýç deňagramlylygyny üýtgetmän we taraplary ylalaşyga ýakynlaşdyrman uzaga çekip biljekdigini duýdurdy.

Koul Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gepleşikleriň 2027-nji ýylyň başlarynda-da dowam edip biljekdigini aýtdy. Onuň pikiriçe, ABŞ we onuň Ýewropadaky ýaranlary Russiýanyň harby kuwwatyny gowşatmak üçin Ukrainanyň pilotsyz ulgamlaryna, şol sanda dron mümkinçiliklerine has köp maýa goýmaly.

Ol Ukrainanyň söweş meýdanynda toplan tejribesini Günbatar üçin strategik taýdan gymmatly hasaplaýar. Onuň pikiriçe, Waşington öz harby mümkinçiliklerini güýçlendirmek üçin Ukrainanyň bu tejribesinden ýeterlik peýdalanmaýar.

Koul Kuşneriň diplomatik tagallalary “äpet daşy eňňitden ýokary iteklemek” bilen deňeşdirendigine hem ünsi çekdi. Onuň pikiriçe, bu meňzetme Trampyň administrasiýasynyň düýpli öňegidişlik gazanmagyň nähili kyndygyna düşünýändigini görkezýär.

Ol gepleşikler netije bermese, Waşingtonyň ugruny üýtgetmäge taýýardygyny görkezýän alamatlara üns berjekdigini aýtdy.

Starlink ulgamyndaky bökdençlikler näbelliligi artdyrýar

Ukrainanyň Starlink ulgamyna daýanýan harby aragatnaşygyna täsir edýän çäklendirmeleriň gaýtadan ýüze çykmagy hem bu diplomatik tagallalara kölege saldy.

Zelenskiniň sözlerine görä, SpaceX-iň hemra aragatnaşyk hyzmatynyň harby görnüşi bolan Starshield ulgamyndaky bökdençlikler ukrain güýçleriniň barha kämilleşýän rus dronlaryny howada zyýansyzlandyrmagyny kynlaşdyrdy. Kiýew düşündiriş sorap Waşingtona ýüz tutdy. Ukrainanyň prezidenti bu çäklendirmeleriň tehniki näsazlygyň netijesi bolman, bilkastlaýyn girizilen bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

ABŞ-nyň senatorlary Jin Şahin bilen Tom Tillis habar berlen çäklendirmeleri ýazgardylar we Trampyň administrasiýasyny hem-de SpaceX-i Ukrainanyň bu ulgamy ulanmak mümkinçiliklerini dikeltmäge çagyrdylar.

Olar bu çäklendirmeleri girizmegi kimiň tabşyrandygyny ýa-da makullandygyny anyklamak üçin Kongresiň bu meselä gözegçilik etjekdigini hem aýtdylar.

Meliýa Ak tamyň, Ilon Maskyň we bu işe dahylly kompaniýalaryň beren düşündirişlerine şübhe bildirdi. Ol bu düşündirişleri ygtybarsyz hasaplaýandygyny aýdyp, kimdir biriniň hakykaty aýtmaýan bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.

Paýatt soňky wakalaryň Moskwanyň niýeti baradaky pikirini kän üýtgetmändigini aýtdy.

“Rus tarapy öz maksatlaryny üýtgetmedi we gepleşiklere çynlakaý çemeleşmeýär” diýip, ol aýtdy. “Biz Moskwa edilýän basyşy güýçlendirmeli”.