Ymamlar Gurban baýramyny giňden bellemäge çagyrýar, ilat muny ‘ykdysady kynçylyklary ýaşyrmak tagallalary’ atlandyrýar

Türkmenistanyň metjitleriniň birinde üýşen adamlar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda Gurban baýramyna sanlyja gün galanda, Ahal welaýatynyň metjitlerinde ymamlar ilaty bu baýramçylygy giňden bellemäge çagyryp, bu babatda wagyz-nesihat işlerini geçirýärler.

Ýaşaýjylaryň ençemesi muny, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, häkimiýetleriň ‘ilatyň güzeran eklenjiniň ýaramazlaşandygyny ýaşyrmaga çalyşmak we goşmaça gazanç etmek tagallalary’ atlandyrýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji maýda Ahaldan maglumat berdi.

“Ymamlar metjitlere gelýän adamlara ‘häzir iş ýok, aýlyk ýetmeýär, bergim bar, et gymmatlady, pensiýa we kömek pullary 10% ýokarlanmady we ýene birgiden şuňa meňzeş gürrüňler köpeldi’ diýip, ‘musulman doganlar, geliň, özümiz bilen dogry bolalyň. Täze ýyl baýramy gelende ýagdaýym ýok diýip oturýarysmy ýa-da bergim bar diýip arça bezemän oturýarysmy ? Aýlygym ýetmeýär diýip, saçak ýazmaýyn diýýärismi ýa eýdip-beýdip pul tapyp belleýärismi? diýip soraýarlar” diýip, ýagdaýlara şaýat bolan ahally ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Degişli maglumat

Ymamlar Gurban baýramynda gurbanlyk soýmagyň parz däldigini aýdýar, resmiler tygşytlylyk ündeýär

Ymamlar sözlerini dowam etdirip, ilata “geliň, goýun soýalyň, gurbanlyk sadakasyny bereliň, saçak ýazalyň” diýip, özlerinden goýun satyn almagy we onuň pulunyň belli bir bölegine bir aý möhlet bilen garaşmagy hem teklip edýärler.

“Ymamlar bir goýna puly ýetmeýän adamlary iki adam bolup, bir goýun almagy we şeýdip, gurbanlyk sadakasyny bermegi hem ündeýärler. Olar häzir goýunlaryň iň arzan bahasynyň 3600 manatdan başlap, 5-6 müň manada çenli ýetýändigini hem tassyklaýarlar” diýip, ahally ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

"Ilatyň eklenjiniň ýaramazlaşandygyny ýaşyrmak"

Bu çykyşlara şaýat bolan ahally ýaşaýjylaryň ençemesi bu çagyryşlary we wagyz-nesihatlary diňe metjitleriň ymamlarynyň däl, eýse gonamçylyklaryň müftüleriniň we müjewürleriň hem edýändigini aýdýar.

“Olar ‘elbetde, ýagdaýy bolmadyk adamlara gurbanlyk etmek wajyp däldir, bergisi bolup bergisini töläp bilmeýän adama bergiňi goýup gurbanlyk etmeli diýenok, dinimiz adalatly din, Arkadagymyzam we arkadagly Serdarymyzam adalatly, muny hem aýratyn belläp geçmeli’ diýip, Täze ýyl baýramçylygy ýaly daşary ýurt baýramyny bellemäge ýagdaýymyz bolsa, Gurban baýramyny hem bellemelidiris’ diýýärler” diýip, ahally ýaşaýjy aýtdy.

Şol bir wagtda, habarçymyz ilat köpçüliginiň garaýyşlarynyň bu edilýän çagyryşlardan we wagyz-nesihatlardan tas düýpli tapawutlanýandygyny aýdýar.

Köp ýaşaýjy muny ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, häkimiýetleriň ‘ilatyň güzeran eklenjiniň ýaramazlaşandygyny ýaşyrmaga çalyşmak we goşmaça gazanç etmek tagallalary’ atlandyrýar.

“Iň arzan goýunyň bahasy 3600 manatdan başlanýar. Bu, häzir hojalyklaryň aglabasynyň bir aýlyk girdejisi bolup, bir aýyň dowamynda hojalygyna 2000 manat girdeji gelmeýän maşgalalaryň sany sanardan kän. Täze ýylda her kim her zatdan azajyk, bir-iki kilogram alyp, maşgala bolup oturýar. Häzirki ýaly bir goýna bir aýlygyny bermeli bolmaýar. Ymamlar bir tarapdan, ilaty bolelin durmuşda ýaşaýan ýaly edip görkezjek bolsa, beýleki bir tarapdan, adamlara gurbanlyk maly gymmat bahadan satyp, ýene gazanç etjek bolýarlar” diýip, ahally bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Degişli maglumat

Gurban baýramynyň öňüsyrasynda iri we ownuk şahly mallar, et gymmatlady

"Tygşytlylyk ündeldi"

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda din işleri boýunça edarasyndan telefon arkaly teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmen halkynyň arasynda öňden gelýän däp-dessurlaryň hatarynda milli baýramçylyklaryň biri hökmünde bellenilip geçilýän Gurban baýramynda maddy mümkinçiligi bolan adamlar gurbanlyk hökmünde köplenç mal öldürip – goýun, geçi, sygyr, öküz ýa-da düýe soýup, sadaka berýärler.

Ýöne ýurtda indi 10 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we azyk, şol sanda et gymmatçylygynyň arasynda, ilat “gurbanlyk soýmak” däplerini amal etmegi çäklendirip başlady.

Galyberse-de, ymamlaryň çagyryş we wagyz-nesihat işleri ýurt boýunça et we et önümleriniň, şol sanda iri we ownuk şahly mallaryň bahalarynyň nobatdaky gezek ýokarlanýan wagtyna gabat gelýär.

Ýatlatsak, geçen ýylyň maý aýynda, Gurbanlyk baýramynyň öňüsyrasynda Azatlygyň Balkan sebitindäki habarçysy ymamlaryň metjitlere barýan adamlara “gurbanlyk üçin mal öldürmegiň parz däldigini” aýdyp, tygşytlylyk ündeýändigini habar beripdi.

Türkmenistanda şu ýyl Gurban baýramy 27-28-29-njy maýda belleniler. Bu barada ýurduň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan tassyklanan 2026-njy ýylyň önümçilik senenamasynda aýdylýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.