100 ýyl mundan ozal Leniniň mawzoleýini nädip gurdular we nähili üýtgetdiler?

Gyzyl meýdançada Leniniň mawzoleýi (sagda). 1962, Oktýabr.

Indi 100 ýyldan bäri bu mawzoleý Moskwa Kremliniň hem Mukaddes Wasiliý ybadathanasy ýerleşýän meýdançasynda, iň görnükli ýerleriň biri bolup durýar. Bir wagtlar ol meýdan başgaça görünýän eken.

Bolşewikler Kreml diwaryndaky barelýefiň açylyş dabarasynda.

1917-nji ýylyň bolşewik rewolýusiýasyndan soň, häzirki mawzoleýiň ýerleşýän ýerinde, 1917-nji ýylyň rewolýusiýasynda ýogalan we Kreml diwarynyň alnyndaky köpçülikleýin doganlyk mazarda jaýlanan kommunistleriň hatyrasyna barelýef döredildi. 1918-nji ýylyň noýabrynda düşürilen bu suratda, Wladimir Lenin birnäçe ýyldan soň, özüniň mumyýalanyp goýuljak jesediniň ornunda dur.

Gyzyl meýdançadaky işçiniň heýkeli, 1920-nji ýyllarda alnan surat.

1922-nji ýylda gipsden ýasalan işçiniň heýkeli soňra Leniniň mawzoleýi peýda bolmaly ýerden, birnäçe metr günortada ýerleşýärdi.

Bolşewik ýolbaşçylary, şol sanda sowet gizlin polisiýasyny esaslandyryjy, köpçülikleýin adam öldürmegi gurnaýjy hökümde gussaly ýatlanýan Feliks Dzeržinskiý (çepden üçünji) 1924-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda, Leniniň jesedine seredip durlar.

Lenin ölenden soň, onuň jesedini näme etmeli diýen jedel başlanýar. Iosif Stalin jesediň mumyýalanmagyny we köpçüligiň nazarynda goýulmagyny talap edip, munuň "köne rus däp-dessurlaryna ters gelmejekdigini" aýdýar. Lew Trotskiý we başga bir bolşewik lideri hudaýa ynanmaýan rewolýusioneriň  jesedini togap edilýän ýere öwürmek pikirini ret edýär. Jesedi köpçüligiň sežde etmegi üçin saklamagyň "marksizm bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny" aýdýar.

Wladimir Leniniň ilkinji mawzoleýi. Surat 1923-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda düşürilendir diýlip çaklanýar.

Lenin öleniniň ertesi güni arhitektor Alekseý Şusewi Kremle çagyrdylar. Oňa bary-ýogy üç günüň dowamynda, SSSR-i esaslandyryjynyň jesedini saklamak üçin, düýpli gurluşyk gurmak tabşyryldy. Agaç gurluşyk aýdylan möhletde gurlupdyr. Merhum serdaryň jesedini görmek üçin, sowet raýatlarynyň müňlerçesi gelip başlapdyr.

Bolşewik ýolbaşçylar, şol sanda Iosif Stalin (sagdan üçünji) 1926-njy ýylda täze mawzoleýiň meýdançasynda.

Şusew 1924-nji ýylyň martynda täze, agaçdan has giň mawzoleý gurdy. Içki meýdany dar bolan ilkinji mawzoleý ulanmaga berlenden soň, kynçylyklar ýüze çykdy: gelýänleriň akymynyň köplügi sebäpli jaý çalt gyzýardy, bu bolsa jesetleriň saklanyşyna erbet täsir etdi.

1925-nji ýylda hödürlenen Leniniň mawzoleýiniň 100-e golaý proýektiniň biri.

1925-nji ýylyň ýanwarynda, Leniniň hemişelik mawzoleýiniň taslamasy boýunça bäsleşik yglan edildi.

Gyzyl meýdançada guruljak mawzoleýiň ýene bir eskizi

1920-nji ýyllaryň ahyrynda, mawzoleý binasynyň düýbi tutuldy.

Arhitektor Alekseý Şusew öňki iki gezek agaçdan gurlan desgasyna meňzeş gyzyl hem gara granitden gurulmaly mawzoleýiň eskizini hödürledi. Häkimiýetler onuň eskizini makulladylar. Soňra Şusewiň düşündirmegine görä, gara granit "ýasy" aňladýar. Ägirt berk basgançaklar nagşy bolsa: "Lenin öldi, ýöne onuň işi dowam edýär" diýen pikiri görkezýär.

Adamlar Leniniň we Staliniň mawzoleýine girýärler. 1957-nji ýylyň awgusty.

1953-nji ýylda Iosif Stalin ýogalandan soň, onuň jesedini mumyýalap, Leniniň jesediniň gapdalynda goýdular. Mawzoleýiň girelgesiniň ýokarsynda, iki sowet diktatorynyň atlary peýda boldy.

Mawzoleýden aýrylan granit bölek. Moskwa, 1993 ý.

1961-nji ýylda SSSR-de "Staliniň kultuny ýazgarmagyň" gyzgalaňly döwründe, Staliniň jesedini mawzoleýden çykaryp, Kreml diwarynyň alnynda jaýladylar.

1970-nji ýylda Gyzyl meýdançada dabara geçirilişi.

Mawzoleýiň syn ediş böleginde, sowet liderleri hatara düzülipdir.

Mawzoleý sowet häkimiýetiniň simwoliki esasy bolup hyzmat etdi. Ol ençeme hüjümleriň, şol sanda 1973-nji ýylda özüni pida edýän terrorçynyň nyşany boldy. Şonda pidakär hüjümçi hem onuň yzyndan mawzoleýe gelýän är-aýal maşgala wepat boldular. Partlamadan Leniniň jesedine zyýan ýetmändigi habar berildi.

Leniniň jesedi 1993-nji ýylda mawzoleýde.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan soň, mawzoleý hem onda saklanýan jeset Russiýa üçin oňaýsyz mukaddeslige öwrüldi. Mawzoleý adatça harby parad geçirilende gerek bolýar. San-sajaksyz bigünä adamyň başyna ýeten çepçi ideologiýany döredijini ahyrsoňy jaýlamalymy ýa-da däl diýen jedel dyngysyz dowam edýär.

2017-nji ýylda geçirilen soraglara görä, oňa gatnaşanlaryň 63%-i Lenini jaýlamagy goldady, 31% onuň jesedi mawzoleýde galmaly diýip hasaplady. Häzir köpçüligiň pikiriniň başgaça bolmagy mümkin. Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin jesedi göçürmegiň gereginiň ýokdugyny birnäçe gezek gaýtalapdy: "Hiç bolmanda häzirlikçe, bizde öz durmuşyny, öz ykbalyny şunuň bilen baglanyşdyrýan adam örän köp" diýdi.

1924-nji ýylyň ýanwarynda, Wladimir Lenin aradan çykandan soň, Sowet Soýuzyny esaslandyryjynyň mumyýalanan jesedini saklamak üçin, Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda birnäçe desga gurulýar.