Ýyllarboýy gijigip, öz wagtynda ýetişýärmi? Türkmenistanyň TOPH gaz geçirijisi Owganystanyň şäherine golaýlaýar

Oktýabryň ahyrynda Aşgabatda geçirilen energetika forumynda Türkmenistan garaşylmadyk habar berdi. Ençeme ýyllyk gijikmelerden we taslamanyň ýatyrylyp bilinjekdigi baradaky çaklamalardan soň, foruma gatnaşyjylara Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň “Hyradyň etegine” ýetendigi we “2026-njy ýylyň ahyryna çenli ulanmaga beriljekdigi” aýdyldy.

Owganystanyň demirgazyk-günbataryndaky bu şäheriň “etegi” diýlende nämäniň göz öňünde tutulýandygyna baglylykda, birinji aýdylan maglumatyň dogry bolmagy mümkin. 7-nji noýabrda alnan hemra suratlarynda gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň günorta serhedinden Hyradyň senagat etrabyndan takmynan 22 kilometr günbatarda ýerleşýän gurluşyk meýdançasyna çenli uzalýandygy görünýär.

Hemra suratlarynda TOPH gaz geçirijisiniň Hyradyň senagat etrabyndan takmynan 22 kilometr günbatardaky meýdança çenli ýetendigi görünýär (aşaky sagda). Munuň ýerleşýän ýeri Talyban hökümetiniň TOPH bilen bagly beren maglumatyna gabat gelýär.

TOPH Türkmenistanyň ägirt uly “Galkynyş” gaz känini Owganystanyň, Pakistanyň we ahyrky netijede Hindistanyň sarp edijileri bilen birleşdirmek üçin meýilleşdirilen, uzynlygy 1800 kilometrlik gaz geçirijisidir.

Taslamanyň pikiri ilkinji gezek 1990-njy ýyllarda öňe sürlüpdi. Emma Owganystandaky içerki çaknyşyklar we oňa gatnaşýan ýurtlaryň arasyndaky has giň geosyýasy dartgynlylyklar gaz geçirijisiniň amala aşmak mümkinçiligini barha şübheli etdi. 2024-nji ýyla gelnende, Hindistan TOPH-dan ýüz öwren ýaly görünýärdi. Şol döwürde Pakistanyň hem gyzyklanmasy peseldi. Gyzyklanmanyň gowşamagy, taslamanyň 10 milliard dollara çenli ýetip biljek bahasy we gijikmeler käbir analitiklerde Türkmenistanyň bu taslama bolan üýtgewsiz ygrarlylygy barada sorag döretdi.

“Ilki bilen, bu olar üçin buýsanç meselesi” diýip, Britaniýada ýaşaýan, Atlantik geňeşiniň uly ylmy işgäri Jon M. Roberts gaz geçirijisiniň Hyrada golaýlandygy baradaky habardan soň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy. “Meniň pikirimçe, [Türkmenistan] bu taslama şeýle bir baglandy welin, onuň henizem dowam edýändigini görkezmek üçin elinden gelenini etmeli boldy”.

Emma Eýrandaky urşuň döreden energiýa krizisiniň şertlerinde Aşgabadyň TOPH-dan el çekmezligi taslamanyň ähmiýetini täzeden artdyran bolmagy mümkin.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna iberilen suratda Owganystanyň demirgazyk-günbatarynda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy görkezilýär. Suratyň haçan düşürilendigi belli däl.

Tähranyň Ormuz bogazyny ýapyp, Pars aýlagyndan energiýa serişdeleriniň üpjünçiligini bökdemegi Pakistanyň TOPH-a gyzyklanmasyny täzeden oýaran bolmagy mümkin. TOPH-nyň gurluşygyndaky öňegidişlik barada habar berlen Aşgabatdaky şol energetika maslahatynda Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi Farýal Legari Yslamabadyň indi gaz geçirijisini öňe ilerletmäge “ygrarlydygyny” aýtdy.

“[Türkmenistanyň] Hyrada çenli gaz geçirijisini gurmak üçin öz puluny goýmagy, ony has günorta, Kandagara we belki-de Pakistana çenli uzaltmaga mümkinçilik berjek hyzmatdaşlygy nähili ýola goýmalydygyny gözläp başlajakdygyny aňladyp biler” diýip, Roberts aýtdy. Habarlara görä, gaz geçirijisiniň Hyrada çenli bölegi Aşgabada 600 million dollara düşüpdir.

“Meniň pikirimçe, esasy sorag şeýle taslama Hytaýyň goldawyny, has takygy, maliýe goldawyny alyp bilerlermi diýen mesele. Sebäbi bu türkmenleriň özbaşdak amala aşyrmagy üçin, ähtimal, aşa uly taslama” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. Owganystan bolsa gaz geçirijisiniň indiki bölegine Russiýanyň maýa goýmagy baradaky pikiri öňe sürdi.

Gaz geçirijisi Pakistana we Hindistana çenli uzaldylan halatynda, Kabul TOPH-nyň gazyndan peýdalanmakdan başga-da, üstaşyr geçirilişi üçin ýylda ýüzlerçe million dollar girdeji alar.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi. Karta: Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň grafika bölümi. Çeşme: Global Energy Monitor.

Owganystanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işlerini gören owganlar Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna gaz geçirijisiniň gurluşygynda birnäçe kynçylygyň ýüze çykandygyny aýtdylar. Olaryň arasynda geçirijiniň ugrunda partlamadyk ok-därileriň bolmagy hem bar. Gurluşykdan habarly adamlaryň aýtmagyna görä, işleri diňe türkmen inženerleri we hünärmenleri Türkmenistana degişli tehnikalar bilen alyp barýarlar. Owganlaryň gatnaşmagy bolsa gurluşyk meýdançalarynda ýaragly goragy üpjün etmek bilen çäklenýär.

“Her gün irden Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky Turgundy serhet geçelgesinden türkmenlere degişli uly ulaglar, mikroawtobuslar ýa-da awtobuslar işgärleri gurluşyk meýdançalaryna alyp gidýärdi” diýip, howpsuzlyk sebäpli ady aýdylmaýan bir owgan Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna gürrüň berdi. “Agşam bolsa işgärleri ýene yzyna getirýärdiler”.

Soňky aýlarda gazyň gymmatlamagy we elektrik ýetmezçiligi Hyradyň ýaşaýjylaryna kynçylyk döredip, zawodlaryň işini bökdedi. Şäheriň ýaşaýjylary TOPH-niň golaýlamagyny şatlyk bilen garşyladylar. Olar diametri 1,42 metrlik geçirijiden geljek köp mukdardaky gaza hem-de ony sarp edijilere ýetirmek üçin guruljak infrastrukturanyň döredip biljek iş orunlaryna umyt baglaýarlar.

Hyradyň ýaşaýjysy Abu Ali gaz geçirijisiniň şähere golaýlamagyny “hakyky umyt alamaty” diýip häsiýetlendirdi. Ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna “muňa hemmeler begenýär” diýdi.

27 ýaşly programma üpjünçiligi inženeri Abdul Sabur Rahmani bolsa has ätiýaçly pikir bildirdi. “Hyradyň beýleki ýaşaýjylary bilen birlikde, bu gazdan aç-açan şertlerde peýdalanyp bilmegimizi talap edýärin. Ony bize häzirki aşa gymmat bahadan ýa-da şondan sähel arzan satmagyň deregine, dünýä bazaryndaky bahanyň üstüne diňe az möçberde goşulmalydyr” diýip, ol Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna aýtdy.

2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Owganystan bilen Türkmenistanyň serhedinde taslamanyň işlerine bagyşlanan dabarada TOPH gaz geçirijisiniň turbalarynyň golaýynda duran howpsuzlyk işgärleri.

Gündogardaky goňşulary bilen deňeşdirilende, Owganystanyň senagaty örän kiçi. Meýilnama boýunça, gaz geçirijisinden akdyryljak gazyň diňe 5 göterime golaýy Owganystana berilmelidi, galan 95 göterimi bolsa Pakistan bilen Hindistanyň arasynda deň paýlanmalydy. “Bu gaz geçirijisiniň geçirijilik kuwwaty örän uly, emma ol Hyratdaky ýerli bazara hyzmat edýär” diýip, Roberts belledi.

Robertsiň aýtmagyna görä, TOPH-ni energiýa bolan islegi örän ýokary Pakistan we Hindistan bazarlaryna çenli uzaltmagyň peýdalydygy aýdyň bolmaly. Emma sebitdäki geosyýasy näbellilik we Türkmenistanyň infrastruktura taslamalaryna daşarky maýadarlary çekmäge islegsizligi sebäpli gaz geçirijisiniň geljegi näbelliligine galýar.

“Türkmenistanyň ägirt uly gorlarynyň bardygyna hiç kim şübhelenmeýär. Emma olary eksport üçin peýdalanmak düýbünden başga mesele” diýip, Roberts sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu habaryň taýýarlanmagyna Sindre Langmoen hem goşant goşdy.