Ýylyň jemleri: Türkmenistany dolandyrýan maşgalanyň ýene bir agzasy syýasy sahna goşuldy -Oguljahan Atabaýewa

(birleşdirilen surat) Türkmenistanyň içerki we daşarky syýasatyna işjeň gatnaşýan Berdimuhamedowlaryň maşgala agzalary artýar.

2025-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalanyň, Berdimuhamedowlar maşgalasynyň ýene bir wekili Oguljahan Atabaýewa işjeň orun alyp başlady.

Öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy, şeýle-de häzirki ýurt baştutanynyň aýal dogany Atabaýewa, resmi ýokary döwlet wezipesiniň ýokdugyna garamazdan, Türkmenistanyň adyndan daşary ýurt resmilerini garşylaýar, daşary döwletere saparlary amala aşyrýar, dürli ýygnakdyr-konferensiýalary geçirýär.

Galyberse-de, ýaşy we ozalky karýerasy barada maglumat berilmeýän Oguljahan, Türkmenistanyň dürli sebitlerine aýlanyp, prezident-dogany Serdar we kakasy Gurbanguly ýaly, öňünden geçirilýän giň gerimli mejbury taýýarlyklar bilen garşy alynýar. Munuň bilen bir wagtda, erkin metbugaty berk çäklendirmekde tankytlanýan Türkmenistanyň döwet mediasy, şeýle-de hökümete ýakyn bloggerler Atabaýewanyň propogandasyny ýaňbaňladýarlar. Onuň döwletiň pullaryna öz maksatlary üçin kaşaň bir uçary düzdürendigi baradaky žurnalistiki derňew hem türkmen jemgyýetinde reaksiýa döretdi.

Oguljahan hakda soňky wagta çenli kän zat bilinmeýärdi.

Esasy üns Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda häkimiýeti geçiren ýeke ogly Serdara gönükdirilip, onuň iki gyzy – Oguljahan we Güljahan köpçülige çykmandy. Mundan öň, Oguljahan hakda bilinýän maglumat onuň öz adamsy Britaniýadaky türkmen ilçihanasynyň geňeşçisi Döwlet Atabaýew bilen bile Londonda ýaşandygy bilen çäklenipdi.

Oguljahan 2024-nji ýylyň 7-nji dekabrynda, kakasynyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory, wise-prezidenti wezipesine bellenýänçä, kölegede galypdy. Şondan birnäçe gün soň prezident dogany oňa ‘Arkadag’ medalyny gowşurdy.

Atabaýewanyň propogandasy

Döwletiň berk gözegçilik astyndaky resmi metbugat Oguljahanyň syýasy ýoly, eýelän wezipeleri, nirede bilim alandygy ýa-da ýaşy barada soňky bir ýylyň içinde kelam agyz maglumat berse-de, onuň şahsy propogandasyny göz-görtele ýaýbaňlatdy.

Oguljahan diňe bir resmi metbugatda däl, eýsem sosial ulgamlarda hem peýda bolup başlady. Ol barada TikTok we Instagram ulgamlarynda, hususan-da, häkimiýete ýakyn blogerler ýazýar we Atabaýewanyň geçiren duşuşyklary, maslahatlary barada wideolary paýlaşýar.

"Adamlar häzir bu wideolara gorky sebäpli teswir ýazýarlar. Hökümdaryň maşgalasy barada wideonyň aşagyna erbet teswir ýazmak ýaramaz netijeleri berip biler" diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran Marynyň ýaşaýjysy Azatlyga gürrüň beripdi.

Oguljahan köpçülikde görünip başlan birinji aýlarynda “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna hem interwýu beripdi.

“Dowamat imažy”

Türkmenistany 15 ýyllap dolandyran Gurbanguly Berdimuhamedow prezident wezipesine ogly Serdar geçen soň hem, häkimiýeti öz elinde saklamagy dowam etdirýär. Onuň birden gyzyny hem syýasy sahna çykarmagy Oguljahanyň möhüm hökümet wezipesine bellenmäge taýýarlanýandygy baradaky çaklamalary döretdi.

Glasgow uniwersitetiniň professory, Ýewraziýa meseleleri boýunça bilermen Luka Ançeski Atabaýewanyň syýasy arendaky işjeňliňiginiň göz-görtele artyp başlan döwrürleri Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, bu wakanyň Berdimuhamedowlar maşgalasynyň häkimiýetiniň “dowamat keşbiniň” berkidilmegine goşant goşandygyny aýtdy. Ol bu göçüme hem “dowamat imažy” hem-de “özgeriş imažy” hökmünde çemeleşip boljakdygyny aýtdy.

Degişli maglumat Synçy: Uly Berdimuhamedow oglunyň häkimiýetini berkitmek üçin gyzyny syýasy meýdana çykarýar

“Indi, Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz gyzyny [syýasat] sahnasyna çykarmagy onuň dowamat imažyna, dowamat keşbine goşant goşýar, olaryň öňden bäri meşgullanyp gelýän dolandyryş tilsimlerini dowam etdirýändiklerini aňladýar. Munuň bilen döredilýän ikinji imaž, ikinji keşp bolsa, özgeriş imažydyr, özgeriş keşbidir” diýip, Ançeski aprelde Azatlyga gürrüň beripdi.

“Özgeriş imažy” bolanda, bilermene görä, bu gönüden-göni dolandyryjy maşgalanyň öz içinde işleriň ýöredilişi babatynda şertleriň we ýagdaýlaryň üýtgeýändigini, özgerýändigini aňladyp biler. Maşgalanyň zenan agzasynyň syýasy sahna çykarylmagy olaryň öz ýakyn töweregine ‘özgeriş imažyny, özgeriş keşbini’ duýdurýandyklaryny alamatlandyrýan bolup biler.

Kakaly-gyzyň daşary ýurt saparlary

Atabaýewanyň birden artan işjeňligi diňe Türkmenistanyň içerki syýasaty bilen çäklenmeýär. Ol ýylyň dowamynda ýurduň adyndan Marokko, Katar ýaly döwletlere sapar edip, ýurduň de-facto, ýagny iş ýüzündäki baştutany hasaplanýan Gurbangulynyň hem daşary ýurt saparlaryna goşulyp gitdi. Kakaly-gyz bile Özbegistanda we Azerbaýjanda ýurt baştutanlary bilen duşuşdylar, şeýle-de Bakuwda kameralaryň öňünde el tutuşyp gezdiler.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Brýus Pannier Atabaýewanyň ýakyn wagtda syýasatdaky ornunyň pugtalanyp biljegini çak edýär.

“Birnäçe mümkinçilik bar. Meselem, Atabaýewa bir gün parlamentiň başlygy bolup biler. Bu logiki ädim bolup, görünýär. Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçeli bäri parlamentiň başlyklary zenanlar boldy. Şonuň üçin [Atabaýewanyň] şol rola niýetlenmegi meniň üçin tebigy görünýär" diýip, Panniýer belledi.

Kaşaň VIP uçar

Ýylyň dowamynda Berdimuhamedowlar maşgalasynyň, döwletiň pullarynyň hasabyna millionlarça çykdajy edip, Atabaýewanyň öz maksatlary üçin kaşaň bir uçary gizlin düzdürendigi baradaky maglumat hem türmen jemgyýetinde reaksiýa döretdi. Oktýabrda “turkmen.news", "Gundogar.media" neşirleriniň, şeýle-de Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary taslamasynyň (OCCRP) bilelikde çap eden maglumatynda, ilatyň aglaba bölegi garyplykda ýaşaýan Türkmenistanyň prezidentiniň VIP flotunda bäşinji uçaryň peýda bolmagynyň, Oguljahanyň ýurduň syýasy sahnasyna çykan wagtyna gabat gelendigi bellendi.

Degişli maglumat Berdimuhamedowlaryň uçar flotuna täze kaşaň ulag goşuldy - zurnalistika derňewi

Garaşsyz derňewi çap eden žurnalistler "Türkmenistan" howa ýollarynyň "EZ-A006" belgili "Boeing 737-700" kysymly ýolagçy uçarynyň 2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Aşgabatdan ABŞ-a baryp gaýdansoň, kaşaň özgerdilip, Berdimuhamedow maşgalasy tarapyndan ulanylýan VIP flotuna bäşinji edilip goşulandygyny anykladylar.

Garaşsyz mediada prezidentiň aýal dogany üçin ýörite taýýarlanan VIP uçar baradaky maglumat türkmen jemgyýetinde nägilelikli we tankydy pikir alyşmalara getirdi.

Ýerli ýaşaýjylar, şol sanda ýurduň ulag we aragatnaşyk pudaklarynda zähmet çekýän raýatlar, şeýle hem zähmet migrantlary we olaryň ýakynlary birinji maşgalany ýurtdaky hakyky durmuşdan aýrybaşgalykda bolmakda aýyplap, ýurtda emele gelen syýasy-ykdysady doňaklygyň gelejegini uly sorag astyna aldylar.

Degişli maglumat Kakalarynyň gyzlary, ýa-da Merkezi Aziýada prezident gyzlarynyň öňe çykmagy

"Her gün ýüzlerçe raýat nobata durýar, ýöne tanyş-biliş ýa araçy tapmadyklara hiç hili ne ýurt içine, ne-de sanlyja halkara reýslere bilet tapdyranok. Oguljahan Atabaýewa şa gyzy ýaly kaşaň şahsy uçarda gezip ýörkä, adaty raýatlar orta ýolda sergezdan" diýip, aeroport işgäri aýtdy we ýurtda emele gelen ýiti bilet gytçylygynda gönüden-göni ýurt ýolbaşçylarynyň syýasy emelsizliginiň we biparhlygynyň ýatandygyny belledi.

Metbugat azatlygyny we söz erkinligini berk çäklendirýän Tükmenistanda Berdimuhamedowlar maşgalasynyň şahsyýet kulty yzygiderli ösdürilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.