Zelenskiý “Patriot” raketa üpjünçiliginiň çaltlandyrylmagyna çagyrýan mahaly, Russiýanyň logistika desgalary ýene nyşana alyndy

Ukrain dronunyň 2-nji awgustda Russiýanyň Samara welaýatyndaky "Wildberries" ammaryna eden hüjüminden soň tüsse asmana göterilýär.

Ukraina we Russiýa logistika desgalaryny, energiýa pudagyny we raýat infrastrukturasyny nyşana alýan gijeki dron hüjümleriniň ýene bir tolkunyny amala aşyrdylar. Bu waka, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiýniň gyssagly zerur bolan “Patriot” howa goranyş ulgamlarynyň we beýleki harby kömegiň üpjün edilmegindäki gijikmeler babatynda Günbatar ýaranlaryna nägilelik bildiren mahaly boldy.

Ukraina Russiýanyň iň uly internet söwda kompaniýasy bolan "Wildberries-i" howa hüjümleri bilen nyşana almak kampaniýasyny dowam etdirdi. Ukraina bu gezek kompaniýanyň Russiýanyň Wladimir sebitindäki ammaryna hüjüm etdi. Sebit häkimiýetleri we kompaniýa hüjümi tassyklady.

"Hüjüm netijesinde kompaniýanyň Wladimir sebitindäki logistika desgasynda ýangyn döredi. Adamlar ewakuasiýa edildi" diýip, kompaniýa 3-nji awgustda adam pidasynyň ýokdugyny aýtdy.

Bu hüjüm, dronlaryň Ukrainanyň serhedinden takmynan 800 kilometr uzaklykda ýerleşýän Samara sebitinde "Wildberries" kompaniýasyna degişli ammara hüjüm etmeginden bir gün soň boldy diýip, sebit häkimi we internetde ýaýradylan wideolar habar berýär.

Degişli maglumat

Tramp 'Patriot' raketalary üçin ygtyýarnama meselesine garaýarka Ukraina Orsýetiň logistika merkezlerine hüjüm edýär

Soňky hepdelerde Ukrainanyň güýçleri Russiýanyň birnäçe sebitinde ýerleşýän "Wildberries" ammarlaryna hüjüm etdiler. Ukraina "Wildberries" kompaniýasyny Russiýanyň harby logistikasyny goldamakda we iki maksatly harytlary satmakda, şeýdip Moskwanyň uruş tagallalaryny güýçlendirmekde aýyplady. Moskwa bu aýyplamalary ret etdi.

Rus güýçleriniň jogap hüjümi ýaly bolup görünýän wakada, 2-nji awgustda iki dron Kiýew sebitindäki ukrain internet söwda dükany "Rozetka-nyň" ammaryna hüjüm etdi. Wakada adam pidalarynyň ýokdugy habar berildi.

Kiýew regional prokurorlarynyň maglumatyna görä, bu desga mundan bir gün ozal hem hüjüm edilipdi. Şol hüjümde bir adam öldi we azyndan alty adam ýaralandy.

Telegram gözegçilik kanallary 3-nji awgustda Krym ýarymadasynda partlamalaryň bolandygyny habar berdiler. Bu kanallar ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, Kerç portunyň golaýynda ýangyn dörändigini, şol bir wagtyň özünde Krym köprüsindäki ulaglaryň hereketiniň wagtlaýyn togtadylandygyny hem habar berdiler.

Russiýanyň 2014-nji ýylda Ukrainadan bikanun basyp alan Krym ýarymadasynyň Moskwa tarapyndan bellenen ýolbaşçysy Sergeý Aksýonowyň sözlerine görä, Krym edilen gijeki hüjümde üç adam öldi we başga-da iki adam ýaralandy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 3-nji awgustda ýaýradan maglumatynda özüniň howa hüjüminden goranmak güýçleriniň öten gije ýurduň birnäçe sebitinde ukrain dronlarynyň 131-sini tutup, ýok edendigini aýtdy.

Ukrainanyň pilotsyz uçarlarynyň komandiri Robert Browdi özüniň dron bölümleriniň dört günüň dowamynda Russiýanyň dört nebiti gaýtadan işleýän zawodyna we Taman deňiz terminalyna hüjüm edip, uly zyýan ýetirendigini, şol sanda 12 sany ýangyç saklaýan çelegiň ýok edilendigini aýtdy.

Bu aralykda, Ukrainanyň Howa güýçleriniň maglumatyna görä, rus güýçleri Ukraina hüjümlerini dowam etdirip, bir gijede 181 sany dron hüjümini amala aşyrdylar.

Zelenskiý 2-nji awgustda sosial mediada paýlaşan maglumatynda diňe geçen hepdäniň dowamynda Russiýanyň Ukraina garşy 1900 töweregi dron, 1600 töweregi howa bombasy we dürli görnüşli 144 sany raketa, şol sanda ballistik raketalar bilen hüjüm edendigini aýtdy.



Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.