Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Türkmen gazyny Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana akdyrmaga mümkinçilik berjek gazgeçirijiniň ulanyşa berliş möhleti 1 ýyl, ýagny 2020-nji ýyla çenli yza çekdirildi.
‘Türkmenistanyň prezidentligine dalaşgärleriň terjimehallary we maksatnamalary’ diýen suratly stend 28-nji ýanwarda Aşgabadyň köçelerinde, awtobus duralgalarynyň golaýynda we edara-kärhanalaryň alnynda peýda boldy.
Dünýä ýurtlarynyň azatlyk we demokratiýa derejesine syn edýän, merkezi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Freedom House” guramasy dünýäniň köp ýerlerinde awtoritar güýçleriň gitdigiçe güýçlenmegi, demokratik döwletlerde “populistik we milletçi güýçleriň” ýokarlanmagy bilen raýat azatlyklary 2016-nj ýylda howp astyna düşdi diýip duýduryş berýär.
Öňki “Ýimpaş” söwda merkeziniň ýakyn wagtda täze at bilen açylmagy mümkin. Bu barada Azatlyk Radiosynyň iki çeşmesi habar berýär.
“Human Rights Watch” guramasy Aşgabadyň “Aziýa-2017” oýunlaryna taýýarlyk görýän pursady, türkmen hökümetiniň azat sözi we adam mertebesini depelemegi Olimpiýa hartiýasynyň prinsiplerine doly ters gelýändigini, şeýle-de munuň Olimpiýa hereketiniň imidžine ýaramaz täsir ýetirip biljekdigini aýtdy.
Kanadanyň Kwebek şäheriniň polisiýasy namaz wagtynda bir metjitde bolan atyşykda alty adamyň ölüp, sekiz adamyň ýaralanandygyny aýdýar.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlara Siriýadan bosgun gelmegine kesgin gadaganlyk girizýän we beýleki bir topar musulman ýurdundan sapar edilmegini togtadýan buýruga gol çekdi.
Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilenler barada beýannama ýaýratdy.
Nazir Habibow türmeden boşadylmady. Bu habary, öz çeşmelerine salgylanyp, Türkmenistanyň Alternatiw habarlary guramasy ýaýratdy.
Britaniýanyň Business Insider neşiri tarapyndan Transparency International guramasynyň ýyllyk hasabaty esasynda düzülen özboluşly reýtingde Türkmenistanda Demirgazyk Koreýadan soň ikinji orunda goýulýar.
Orsýet Birleşen Ştatlaryň Siriýada «howpsuz zonalary» döretmek planyna seresap reaksiýa bildirip, Waşingtonyň Moskwa bilen bu mesele barada maslahatlaşmandygyny,munuňähli mümkin bolan netijeleriň barlanylmalydygyny aýtdy.
Türkmenistandan Western Unionyň üsti bilen iberilýän pullary almagyň has çylşyrymlaşandygy, gyssagly pul iberilen adamlaryň özlerine degişli serişdäni wagtynda alyp bilmeýändigi baradamaglumatlar gowuşýar.
Dünýä ýurtlarynda korrupsiýanyň ýaýramagynyň derejesi boýunça täze halkara hasabatynda Türkmenistan iň korrumpirlenen ýurtlarynyň hatarynda agzaldy.
Täjigistan Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly täze ilçisini belledi.
Germaniýanyň Frakfurt şäheriniň aeroportynda Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň kabul emtekden ýüz öwren 7 müň 500 çemesi jüýjesi “haýwanlary goramak jähtinden” ewtanaziýa, ýagny ýok edili.
Türkmenistanda neşe aýyplamalary bilen türmä basylan belli aýdymçy Nazir Habibowyň azatlyga goýberilendigini öňe sürýän wideo ýazgy peýda boldy.
Ýene-de ýükle