Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Orsýetiň we gündogar Uktainanyň arasyndaky serhetde gözegçiligi gowulandyrmagyň ýollaryny maslahat etdiler.
Ukrain parlametiniň daş işigindäki protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy, bu çaknyşyga kanun çykaryjylaryň arakesme yglan etmegi sebäpli gurnalan protest sebäp boldy.
Yrak mejlisindäki ýezitlerden bolan ýeke-täk zenan halk wekiliniň aýtmagyna görä, “Yslam döwletiniň” (YD) ýaragly topary ýezit dinine uýýan zenanlary ogurlaýarlar, zorlaýarlar we satýarlar.
Kürt söweşijileri YD toparynyň Siriýanyň serhet şäheri Kobaniniň merkezine tarap edýän hüjümlerini togtatdylar; BMG, şäher ýan berse, müňlerçe asuda adamyň gyrylmak ähtimallygynyň bardygyny duýdurdy.
Türkiýäniň daşary işler ministri çykyş edip, öz ýurdunyň Siriýanyň demirgazyk sebitlerinde “Yslam döwleti” toparynyň söweşijilerine garşy gury ýer operasiýasyny geçirmejekdigini aýtdy.
1960-njy ýyllardan tapawutlylykda häzirki döwürde Mekgä zyýarata gidýänler yslamyň iň mukaddes şäherinde onuň taryhyny görüp bilmeýärler. Şeýle garaýşy alym we ýazyjy Ziýauddin Sardar öz makalasynda ýazypdyr.
Kameron Gani bilen bile çykyş eden metbugat ýygnagynda Britaniýanyň Owganystana has howpsuz, durnukly we abadan geljek gurmaga kömekleşmeklige ygrarlydygyny aýtdy.
Kaspiniň kenaryndaky döwletler haýsy ýurduň deňziň näçe bölegine eýedigini kesgitläp, deňziň astyndaky baý nebit we gaz ýataklaryny özleşdirip başlamaga çalyşýarlar.