Tel: +7 495 739 1818
Aşgabadyň azyk satylýan kiçi dükanlaryna 10 günüň dowamynda paýtagtyň degişli edarasyna öz söwda rugsatnamalaryny tabşyrmak barada resmi talapnama gowşuryldy.
Türkmenistan Pakistana protest bildirip, Benazir Bhutto adyndaky halkara aeroportunda Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewa we onuň ýolbaşçylygyndaky resmi toparyna “erbet çemeleşilmeginden” nägilelik bildirdi, diýip “Daily Times” neşri 8-nji awgustda habar berýär.
Türkmen hökümeti Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan (TAT) demirýolunyň gurluşygyny durmuşa geçirmek baradaky protokoly henizem tassyklanok diýip, Täjigistanyň transport ministri Şerali Ganjalzoda aýtdy.
2-nji awgustda Türkmenistanyň Ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglary başlanýar. Şu ýyl ýurduň Ýokary okuw jaýlary 7 256 müň studenti kabul etmegi planlaşdyrýarlar.
“Türkmengaz” Hytaýdan satyn alnan gurallaryň “Galkynyş” gaz ýatagyny özleşdirmek işini tizleşdirmegine garaşylýar.
Orsýetde, bikanun neşe dolanyşygy bilen baglylykda halkara derejesinde gözlenilýändigi aýdylýan, türkmen raýaty tussag edildi.
Türkmenistanda 1-nji iýulda güýje giren “Iş bilen üpjünçilik hakyndaky” kanuna laýyklykda, ýurtda “işsiz” diýlen düşünje ilkinji gezek resmileşdirilýär, pul kömeginiň tölenjekdigine kepil geçilýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň Türkmenistanda tussag edilenine doly bir ýyl dolýar.
Türkmenistanda mobil telefonlar arkaly internet aragatnaşygy çäkli bolup galýar. Häzirki wagtda MTS kompaniýasynyň mobil telefonlar arkaly üpjün edýän internet aragatnaşygynyň 4-nji iýuldan bäri, ýagny iki günden bäri işlemeýändigi habar berilýär.
BMG Türkmenistanyň adam hukuklaryny berjaý etmek boýunça öz halkara borçlaryny üpjün edişi baradaky hasabatyny diňleýär.
Türkmenistanda yglan edilen günä geçişde 586 sany türkmen raýaty we 26 sany daşary ýurtly türmeden boşadyldy. Özal bolşy ýaly, prezident türmeden boşadylan adamlary iş bilen üpjün etmegi ýene-de tabşyrdy.
Türkmenistanda şu günler bazarlarda araba sürýän, ýük daşaýan ýa-da awtoulaglary ýuwup, gazanç edýän çagalary has köp görse bolýar.
Dünýä Bankynyň geljek ýyllarda dünýä ýurtlarynda boljak ykdysady ösüş barada çap eden täze çaklamasynda Türkmenistanda 2017-2018-nji ýyllarda umumy içerki önümçiligiň garaşylýan ösüşi 5% derejesinde görkezilýär. Bu nädip kesgitlenýär?
Azatlyk Radiosy Umyda Jumabaýewany goldap çykyş eden Türkmenistanda ençeme ýyllap tutuş maşgalasy bilen häkimiýetleriň yzarlamalaryna sezewar bolan Ýuliýa Serebrýannik bilen söhbetdeş boldy.
Ukrainanyň Harkow şäherinde okaýan türkmen studentleriniň sany azalýar. 2016-njy ýylda Harkowyň uniwersitetlerine girmek üçin ýüz tutýan abituriýentleriň, şol sanda daşary ýurtlularyň sanynyň geçen ýylkysyndan azalandygyny Ukrainanyň habar serişdeleri habar berdiler.
Dereksiz ýitirim edilmelere garşy halkara hepdelik türkmen türmelerinde ýitirim edilenleriň biri, Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň doglan gününe gabat geldi.
Türkmenistanda 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlaryna 500 gün galanda atly ýöriş başlanýar. Aslyýetinde, şeýle çäreler näme maksat bilen geçirilýär?
Kölegede-de bolsa, günüň dowamynda aýnalary ýapyk duran awtoulagyň içinde 400-800 mg benzol ýygnanyp bilýär we adamyň saglygyna howp salýar.
Amerikan alymlary demgysma, allergiýa, depressiýa, ukusyzlyk, ýürek-damar we hatda sowuklama ýaly keselleri bejermek üçin giňişleýin ulanylýan dermanlar ýatkeşlige we beýniniň iş ukybyna zeper ýetirip, demensiýa - kemakyllyga getirip bilýär diýen netijä geldiler.
Ýene-de ýükle