Sepleriň elýeterliligi

Taksim meýdanynyň "Marksist" musulmanlary


Taksim meýdanyndaky marksist musulman zenan.

Taksim meýdanyndaky marksist musulman zenan.

Taksim meýdanynda demonstrantlar halka görnüşinde jemlenişip, sazyň astynda şadyýan tans edýärler.

Şol halkadaky adamlar premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogana gahara şäriklikde birleşen, düýbünden başga, köp dürli hem köp ugurly toparlary alamatlandyrýar. Olar onuň gitdigiçe has awtoritarlaşýandygyny we spirtli içgileri satmagy çäklendirýän kanunlary ýaly düzgünleri girizmek bilen aýratynam halkyň respublikan düşünjeli belli bir bölegini yslama zorlaýadygyny aýdýarlar.

Özüniň başatgyjyny buýsanç bilen başyna atýan dindar Zeýnep Agbaýyr şol topardaky adamlara goşulyp adamsy bilen olary ýürekden goldaýandygyny aýdýar.

“Antikapitalist musulman” hereketiniň agzasy bolan 27 ýaşly Agbaýyr ýaly adamlara bu meýdanda seýrek duşsa bolar. Erdogan we onuň Adalat we Ösüş (AK) partiýasy konserwatiw musulmanlaryň giň gerimli goşant hem goltgularyndan hoşal. Protestçileriň ummasyz köp bölegi bolsa özlerini respublikan diýip tanyşdyrýar. Ýöne proteste gatnaşýan dindarlaryň arasynda, eger bu çäre sosial basyş we gysyşlar üçin bolmadyk bolsady başga-da özleri ýaly gatnaşjak adamlar bolardy diýýänler hem bar.

Agbaýyr Erdoganyň dindar musulmanlary manipulýasiýa edip dartgynlylygy has güýçlendirendigini şeýle gürrüň berýär:

“Mysal üçin Erdogan ol ýerde söwda merkezini däl-de metjit gurjakdygyny aýtmak bilen dini ulanyp, adamlaryň dini duýgularyny möwjedip şol duýgulardan peýdalanjak bolýar.”

Taksim meýdanynda söwda merkeziniň gurulmagyna garşy protestçiler köçä çykyp ugranlarynda illki başda Erdogan öz reaksiýasyny şeýle görkezipdi, ýagny ol söwda merkeziniň deregine metjit we opera teatryny gurmagy meýilleşdirýändigini aýdyp protestlere jogap beripdi.

Agbaýyryň antikapitalist toparyny dini özboluşlylygy bolan marksistler diýip düşündirse bolar. Guramanyň websaýty (http://www.antikapitalistmuslumanlar.org/) “işçi synpynyň maňlaý deri we gany” barada düşündirişler berýär ýöne guramanyň metbugat wekili toparyň çepçi syýasy gymmatlyklarynyň tebigylykda dini gymmatlyklardygyny aýdýar.

“Hudaý, çörek, azatlyk”

33 ýaşly käri boýunça grafik dizaýneri bolan Emine Albaýrak elinde guramanyň şygaryny göterip çadyrda otyr. Şygarda şeýle ýazgy bar: “Hudaý, çörek, azatlyk”

“Biziň toparymyz ähli mal-mülküň Hudaýa degişlidigine ynanýar. Bu diýmek ähli mal-mülküň adamlaryňky diýilmegidir. Biz şu ýere gelip adamlara şunuň şeýle bolmalydygyny görkezmäge, aýtmaga çalyşýarys.”

Taksimdäki protestlere kollektiwleýin, göz üçin musulmançylyk häsiýetli şeýle toparyň gatnaşmagy ähmiýetli syýasy güýji alamatlandyrmaýar.

Başga-da özlerini yslamy amal edýän adamlar diýip häsiýetlendirýän demonstrantlaram ykdysady aladalaryny belläp olary goldaýan özleri ýaly başga adamlaryňam bardygyny aýtdylar

Özüniň efirde familiýasynyň tutulmagyny islemedik Şükran parkyň Beşiktaş futbol toparynyň janköýerleriniň üýşýän ýerine öwrülen böleginde oturan demonstrantlaryň arasynda ýeke täk başatgyçly protestçi. Ol aýallaryň her näçe modaçyl başatgyç geýmekleriniňem täsir etmeýän ýokary gatlagyň ýasama musulmançylyk wersiýasy barada çuňňur gynanjyny bildirdi.

24 ýaşly tekstil fabriginiň işçisi özüniň hepdede 6 gün işleýändigini aýtdy. Ol başga-da proteste gatnaşmak isleýän adamlaryň bardygyny ýöne, sosial basyşlar sebäpli olaryň bu ýere gatnaşyp bilmeýändiklerini aýtdy.

“Maşgalalarda güýçli çäklendirmeler bar. Meniň edil özüm ýaly pikir edýän bir topar dostlarym bar ýöne olara bärik gaýtmaga rugsat berlenok.”

Merkezi Stambulda ýerleşýän “Hürriyet" gündelik gazetiniň syýasat habarçysy Barçin Ýinanç musulmançylygy amal edýänleriň öýlerinde basyşlara sezewar bolmak ýagdaýy bilen ylalaşýandygyny aýtdy: "Başatgyç ýaly dindarlyk simwoly bolan alamatlaryň protest meýdanyna islenmeýän ünsi çekmeginiň ähtimallygyndan gorkup hereketi goldasa-da goşulyp bilmän ýörenler bar."

Ýinanç, ýagdaý şeýle bolsa-da, protestleri yslamçylar bilen respublikanlaryň arasyndaky söweş diýip sadalaşdyryp häsiýetlendirip bolmajakdygyny belläp, şeýle diýdi:

“Olaryň, ýagny demonstrantlaryň döwlet gurluşynyň tebigaty, syýasat we ş.m zatlar barada üýtgeşik bir garaýyşdyr pikirleri ýok. Ine, şu ýagdaý hem olaryň diňe azatlyk isleýän adamlardygyny açyk äşgär görkezýär.”
XS
SM
MD
LG