Sepleriň elýeterliligi

Ozalky ministr öýüne goýberildi


Türkmenistanyň öňki medeniýet we turizm ministri Geldymyrat Nurmuhammedow, 8-nji dekabr, 2011.

Türkmenistanyň öňki medeniýet we turizm ministri Geldymyrat Nurmuhammedow, 8-nji dekabr, 2011.

Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň “Repressiýa edilen raýatlary goramak boýunça komitete” salgylanyp ýaýradan maglumatyna görä, Türkmenistanyň öňki medeniýet ministri we türkmen parlamentiniň öňki deputaty Geldymyrat Nurmuhammedow dokuz aýlyk tussaglykdan soň iýul aýynyň başynda öýüne barypdyr.

2012-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda saklanan Nurmuhammedowyň nämede günälenýändigi aýdylmandy. Emma onuň tussag edilenden soň Tejende ýerleşýän bejeriş-zähmet merkezine iberilendigi habar berlipdi.

Syýasy garaýyşlar

Şol döwürde Geldimyrat Nurmuhammedow parlament saýlawlaryna gatnaşmak üçin dalaşgärleri öňe sürmek boýunça inisiatiwa toparyny döretmek we ony hasaba aldyrmak boýunça iş alyp barýardy.

Geldimyrat Nurmuhammedow 2011-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda ýurtda 2012-nji ýylyň prezidentlik saýlawlary bilen bagly ýagdaýlary ýazgaryp çykyş edipdi.

Nurmuhammedow ýurduň syýasy ýagdaýyny häsiýetlendirip, hususan-da, şeýle diýipdi:

“Meniň pikirimçe, adam hukuklary, demokratiýa diýlen düşünjeler adalatly, päk saýlawlaryň bolmagy diýlen zatlaryň köpüsi gömüldi. Gömleniniň hem sebäbi - köp zatlar hilelik bilen edilýär, umuman, döwletiň dolandyrylyşy köp ugurlarda hile bilen edilýär”.

Geldimyrat Nurmuhammedow Türkmenistandaky režimi ýazgaryp çykyş edenden soň türkmen hökümetiniň özüne basyş görkezip başlandygyny habar beripdi. Nurmuhammedowyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, 2011-nji ýylyň 15-nji dekabrynda onuň maşgala agzalaryna degişli “Esbap” gurluşyk kompaniýasy häkimiýetler tarapyndan ýapylypdy, edara jaýlary we ammarlary möhürlenipdi.

Halkara derejesindäki aladalanmalar

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Amnesty International guramasy öz geçiren barlaglarynyň netijesinde Geldimyrat Nurmuhammedowyň geçmişde neşe ulanandygyny görkezýän hiç hili subutnamanyň tapylmandygyny habar berdi we G.Nurmuhammedowyň öz syýasy garaýyşlary hem Türkmenistanyň hökümetini tankytlandygy üçin nyşana alnan bolmagynyň ähtimaldygyny aýdyp, uly aladalanma bildirdi.

“Türkmen inisiatiwasy” guramasy Geldimyrat Nurmuhammedowyň halkara jemgyýetçiliginiň basyşlary netijesinde boşadylan bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýar. Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem dürli ýurtlaryň ilçihanalary türkmen häkimiýetlerinden Geldymyrat Nurmuhammedowy derhal azatlyga goýbermegi talap edipdi diýip, Türkmenistanda adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň maglumatynda bellenýär.

Geldimyrat Nurmuhammedow 1992-1995-nji ýyllarda Türkmenistanyň medeniýet we turizm ministri wezipesinde işläpdi.

Geldimyrat Nurmuhammedowyň işi barada türkmen metbugatynda maglumat berilmedi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG