Sepleriň elýeterliligi

Mingelow açlygyny bes etdi, emma...


"Amnesty International" guramasynyň logosy

"Amnesty International" guramasynyň logosy

Halkara Günä geçiş guramasy Mansur Mingelowyň 8-nji iýunda tas üç hepdä çeken açlygyny bes edendigini habar berýär.

Aýdylmagyna görä, ol öz protestini käbir türkmen resmileri ýanyna baryp gaýdanyndan soň, türme häkimiýetleriniň tussaga çemeleşmesi gowulaşandan soňra bes edipdir.

Emma muňa garamazdan, Mansur Mingelowyň işi boýunça halkara ölçeglerine laýyk ýagdaýda, gaýtadan adalatly sud diňlenişiginiň boljagyny görkezýän resmi alamat ýok diýip, Halkara Günä geçiş guramasynyň 13-nji iýunda gyssagly herekete çagyryp ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Mansur Mingelow 19-njy maýda özüne neşe we pornografiýa aýyplamalary esasynda ýöňkelýän günä esasynda, adalatsyz sud seljerişliginde, 22 ýyl iş kesilmegine garşy protest bildirip, açlyk yglan edipdi. Mansur Mingelow 8-nji iýunda ýene suwuk azyk iýmäge başlady.

Ol şindem türme hassahanasynda saklanylýar. Ynamdar çeşmäniň maglumatyna görä, ol resmileriň birnäçesi ýanyna gelip gideninden soň, gaýtadan nahar iýmäge başlady. Emma olaryň arasynda nähili gürrüňleriň bolandygy barada maglumat almak başartmaýar.

Aýdylmagyna görä, türme häkimiýetleriniň Mansur Mingelowa çemeleşmesi üýtgäpdir. Olar indi onuň bilen sypaýyçylykly gürleşýärler we yzygiderli hal-ýagdaýyny sorap durýarlar.

Mansur Mingelow 19-njy maýda Lebap welaýatynyň Seýdi şäherindäki LBK/11 türmesiniň adminstrasiýasyna, tussaglykda saklanýan ýeriniň ýolbaşçylaryna özüniň açlyk yglan etmek kararyna gelendigini ýazmaça habar berdi. 10-njy iýunda Mansuryň ejesi oglunyň ýanyna baryp gaýtdy.

Tussag bigünädigini aýdýar

Ynamdar çeşmäniň maglumatyna görä, Mansur Mingelow özüne ýöňkelýän günäleriň ählisini ret edýär we bigünädigini aýdýar. Ol türmede özüne edilen suduň adalatsyzdygy barada gürrüň edeninden we, çykarylan höküme laýyk bolmadyk ýagdaýda berk düzgünli Owdandepe türmesine geçirilmek ähtimallygyna garşy protest bildireninden soň, ýokarlanýan basyşa sezewar boldy.

Türme häkimiýetleri oňa maşgala agzalary bilen duşuşmak mümkinçiliklerinden kesjekdiklerini, yzyndan gelýän azygyň möçberini çäklendirjeklerini aýdyp, haýbat atdylar.

Mansur Mingelow ilkinji gezek 2012-nji ýylyň 6-njy iýunynda, Türkmenistanyň Jemgyýet sagdynlygynyň howpsuzlygyny goramak baradaky döwlet gullugynyň ofiserleri tarapyndan tussag edildi we, aýdylmagyna görä, urlup-enjildi. Bu onuň bir gün ozal tutulan doganynyň jenaýat işi bilen baglanyşykly boldy.

Mansur Mingelow öz doganynyň sorag wagtynda howpsuzlyk gulluklary tarapyndan urlup-enjilmegine şaýat boldy. Mansur Mingelow boşadyldy we tussagdaky adamlaryň gynalýandygy we beýleki ýowuz daraşma faktlaryny aýan edeninden soň gaýtadan tussag edildi. Ol 2012-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda, adalatsyz suddan soň, türme tussaglygyna höküm edildi.

"Ar alyş" howpy

Amnesty International Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulmalaryndan ejir çeken adamlaryň we olaryň ýoldaşlarynyň, şol sanda maşgala agzalarynyň, öz işlerini halkara derejesinde aýan edenlerinden soň, ýanalmalara we ar alyşlara duçar bolmak faktlaryny dokumentleşdirdi.

"Bu ýerde diňe Mansur Mingelow babatda däl, eýsem onuň tutuş maşgala agzalarynyň hem öç almalara sezewar edilmek töwekgelligi barada aladalar bar" diýip, Halkara günä geçiş guramasynyň beýanatynda aýdylýar.

Halkara Günä geçiş guramasynyň beýanatynyň soňunda häkimiýetleri Mansur Mingelowyň gaýtadan, halkara standartlarynda, adalatly sud etmäge, şeýle-de oňa öz saýlan aklawçysyny tutmaga rugsat berilmegine çagyrmak ündelýär.

Şeýle-de beýanatda türkmen häkimiýetlerini Mansur Mingelow tarapyndan habar berlen adam gynama we ýowuz daraşma faktlary barada bitarap we netijeli derňew geçirmäge, günäkärleri jogapkärçilige çekmäge çagyrmak ündelýär.

Halkara Günä geçiş guramasynyň 13-nji iýunda ýaýradan beýanatynyň soňunda türkmen häkimiýetlerini Mansur Mingelowyň howpsuzlygyny üpjün etmäge, şeýle-de onuň maşgala agzalarynyň, tussag bilen ýoldaş bolan adamlaryň howpsuzlygyny kepillendirmäge çagyrmak ündelýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG