Sepleriň elýeterliligi

Ýurduň günbataryndaky “Awaza” dynç alyş zolagynda gurlan myhmanhanalaryňdyr dynç alyş merkezleriň ýyl geldigiçe sany artýar. Geçen ýyl bu ýerde “Ýüpek ýoly”, “Şowhun” we “Aşgabat” kottej tipli dynç alyş öýleri açyldy. Her welýat üçin olaryň öz adyny göterýän sagaldyş dynç alyş merkezleri ulanylmaga berildi. Şeýle-de “Deňiz” myhmanhanasy we “Ýelken” ýaht-kluby açyldy.

Garaz, her ýyl iň azyndan 2-3 sany täze kurort ymaratlary açylýar. Emma bu ýerde dynç almaga mümkinçiligi bolan, gurby ýetýän türkmenistanlylar bolsa entegem köp däl.

Awazada dynç alyş möwsümi boş galýan myhmanhanalaryň ýa-da dynç alyş merkezleriniň ýokdugy aýdylýan-da bolsa, olarda dynç alýan ildeşlerimiziň kontingenti üýtgänok. Bu ýerde esasan gurply türkmenistanlylar dynç alýarlar.

Elýeterlilik

Awazada turistik zolagyň gurluşygyna badalga berlenine şu gün laýyk ýedi ýyl dolýandygyna garamazdan, şol ýerde dynç almak ýerli ilat üçin entegem gymmat diýlip hasaplanýar. Mysal üçin, geçen ýyl açylan “Ýelken” ýaht-klubynda iki adamlyk nomer üçin iň pesinden bir gije-gündizine 150 dollar tölemeli. Onuň deňze golaý nomerleri has-da gymmat, bir gije-gündiziniň bahasy 300 dollar.

Awazadaky myhmanhanalardaky iň arzan bahalaryň hem türkmenistanlylaryň köpüsi üçin elýeterli däldigi aýdylýar. Awazanyň myhmanhanalarynda bir otagyň bir gije-gündizlik bahasy iň arzan bolanda, 50 dollara durýar. Bu tölege myhmanhanalaryň käbirinde üç wagtyna iýmit iýip, sagaldyş otaglarynda käbir bejeriş proseduralaryny alyp bolýar.

"Kerwen" myhmanhanasy

"Kerwen" myhmanhanasy

Mysal üçin, “Kerwen” myhmanhanasynda şeýle tölegli hyzmatlar bar. Göräýmäge, bu hyzmatlar üçin töleg o diýen köp däl ýaly hem bolup görünýär. Emma paýtagtly, ýokary okuw jaýynyň mugallymy Kerim üçin bu nyrh elýeterli däl.

Ol her aýda alýan 1100 manat ýa-da 385 dollar töwerek aýlygyna “Awazadaky” myhmanhanalarda dynç alyp bilmeýär. Ol öz aýlygynyň üç baş maşgalasyny eklemäge zordan ýetýändigini gürrüň berýär.

Ýeri gelende aýtsak, Kerimiň alýan aýlygy Türkmenistanda, umuman, ýokary aýlyklaryň biri hasaplanýar. Onuň aýlygy ýurtda kesgitlenen 485 manat minimal aýlykdan iki esseden gowrak ýokary. Emma şonda-da onuň üçin Awazada dynç almak o diýen elýeterli zat däl.

“Eger men ýeke özüm 4-5 gün dynç alaýyn diýsemem, aýlygymyň ýarpysyndan gowragy gitjek. Bu aýlyga bolsa maşgalanam eklemeli” diýip, Kerim bu ýagdaýy düşündirýär.

Ýeňillikler

Şol bir wagtda hem "Awazada" käbir edaralaryň işgärleriniň ýarym bahasyna dynç alyp bilýändikleri aýdylýar. Käbir edaralarda zähmetde üstünlik gazanan işgärlere sylag hökmünde şeýle ýeňillikli dynç alyş mümkinçiligi döredilýär. Şeýle-de käbir edaralarda profarkadaşlyk tarapyndan hem putýowkalar berilýär.

Bu hili ýeňilliklerden peýdalanýan işgärleriň "Awazada" bolmalysyndan 50-70% arzan bahadan dynç alyp bilýändikleri aýdylýar. Munuň üçin şol işgäriň işleýän edarasyna degişli "Awazada" myhmanhanasy bolmaly. Mälim bolşy ýaly, bu ýerdäki myhmanhanalaryň ählisi diýen ýaly döwlet edaralaryna degişli.

"Awazadaky" myhmanhanalar

"Awazadaky" myhmanhanalar

Mysal üçin, bu ýerde ilkinji gurlan myhmanhanalaryň biri - “Watançy” myhmanhanasy ýurduň hukukgoraýjy edaralaryna degişli. “Bereket” myhmanhanasy Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli.

Emma Kerim ýaly hiç hili ýeňilliklerden peýdalanyp bilmeýän ildeşlerimiz entäk hem bu ýerde dynç almagyň elýeterli bolmagyna garaşmaly bolýarlar. “Bu ýerde bahalar arzanladylmaly ýa-da aýlyklar köpeldilmeli. Şonda meniň ýalylar arkaýyn maşgalasy bilen "Awazada" dynç alyp bilerler” diýip, Kerim öz pikirini beýan edýär.

Şol bir wagtda hem şu ýyl 12-nji iýulda prezident Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Awazada 700 orunlyk kottej kompleksiniň gurluşygynyň düýbi tutuldy. Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň amala aşyrjak bu taslamasy deňiz şypahanasynyň myhmanhanalarynyň “ekonom-klass”, ýagny elýeterli bahalar boýunça hyzmatlar ugruny ösdürmäge gönükdirilendigi aýdylýar.

Başda belleýşimiz ýaly, "Awazada" guruljak kurortyň ilkinji prezentasiýasynyň geçirilenine şu gün laýyk 7 ýyl dolýar. 2007-nji ýylyň 21-nji iýulynda Awazadaky “Serdar” otelinde geçirilen şol prezentasiýa onlarça daşary ýurt kompaniýalary we inwestorlar gatnaşypdy. Ilkibaşda Awazada gurulmaly turistik obýektlere daşary ýurt maýagoýumlaryny çekmek göz öňünde tutulypdy.

Emma soňky alnyp barlan gurluşyklar, esasan, ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hasabyna amala aşyryldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG