Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň media guraly Günbatary nazarlaýar


Orsýet, 4-nji dekabr, 2014

Orsýet, 4-nji dekabr, 2014

2014-nji ýyl Orsýetiň propaganda serişdeleriniň ýurduň daşynda güýçli aktiwleşen ýyly boldy. Kreml ýurduň içinde adamlary özüne ynanmaga mejbur edýän bolsa, ýurduň daşynda adamlaryň pikirini garjaşdyrmak maksadyny öz öňünde goýýar.

Odessa 2-nji maý, orsýetparaz lukman demonstrantlary halas etmek üçin elinde baryny edýär, emma - olardan 40 adam - profsoýuzlar öýünde gabawda galyp heläk bolýar.

“Men olardan birine lukman hökmünde ýardam bermäge synanyşdym, emma meni ukrain radikal milletçileri sakladylar” diýip, ol öz Facebookdaky sahypasynda ýazýar we Ukrainada Wiktor Ýanukowiçden soň häkimiýet başyna gelen täze ýolbaşçylar babatynda Orsýetiň syýasatçylarynyň we habar serişdeleriniň yzygiderli ulanýan kemsidiji sözlerini gaýtalaýar.

“Olaryň biri meni gödek itip göýberdi we tiz wagtda maňa we Odessanyň beýleki ýewreýlerine şuňa meňzeş ykbalyň garaşýandygyny duýdurdy” diýip, agzalan maglumatda bellenýär.

Galp hekaýat

Bu täsirli hekaýat galp bolup çykdy. Odessaly “lukman” diýilýän bu adam hakykatda bolmandyr. Bu hekaýaty çap eden adam Odessadan 2 000 kilometr uzaklykda, Orsýetiň Garaçaý-Çerkez respublikasynda ýaşaýan diş lukmanynyň suratyny ulanypdyr.

Yz ýany bu maglumatyň internetden ýok bolmagyna garamazdan, ol internetde giňden ýaýrapdy we hatda Günbataryň abraýly neşirlerinde hem ulanylypdy.

2014-nji ýyl Kreml tarapyndan maliýeleşdirilýän habar serişdeleriniň global derejede herekete geçip başlan ýyly boldy.

“Informasion urşuň” başlangyjymy?

Orsýetiň döwlet telewideniýesi Günbatary Orsýetiň täsiriniň “taryhy” giňişligine el urýan ar alyjy we ahlaksyz edip şekillendirýär.

Moskwa öz daşary ýurt dillerindäki gepleşiklerini giňden ýaýbaňlandyrdy we täze informasion agentligi döretdi. Käbirleri muny täze “informasion urşuň” başlangyç ädimleri hökmünde kabul etdiler.

Emma odessaly “lukmanyň” diňe bir internetiň önümi bolandygy ýa-da Orsýetiň maliýeleşdirýän we gitdigiçe köpelýän internet trollarynyň, ýagny “internet bulagaýlarynyň” işiniň netijesi bolandygy belli däl.

2014-nji ýylda Orsýetiň esasy telekanallarynyň birinde Slawýansk şäherinde ukrain esgerleriniň üç ýaşly oglany öldürendigi barada habar berildi.

Şeýle wakalaryň galp bolup çykmagyna garamazdan, Orsýetiň garaşsyz Lewada merkeziniň geçiren pikir öwrenmelerine görä, örsýetlileriň 94%-i habarlary döwlet telewideniýesinden alýar we olaryň 50%-i berilýän maglumatlara ynanýandygyny aýdýar.

Döwletiň wakalara öz garaýşy uzak wagtlap ýurduň içinde ýaýbaňlandyrylypdy, emma Orsýetiň Günbatar bilen gatnaşyklary Sowet Soýuzynyň dargamagyndan bäri iň erbet derejä ýetensoň, Moskwanyň Günbatarda informasiýa ýaýratmak işine gyzyklanmasy artdy.

Orsýet mediasy güýçlenýär

Ýurduň esasy propagandisti Dmitriý Kiselýow noýabr aýynda “Sputnik” atly täzelikler agentligini döretdi we onuň 2015-nji ýylyň aýagyna çenli 30 dilde 34 ýurtda görkeziljekdigini aýtdy.

Kremliň RT halkara telewideniýesiniň býujeti artdyryldy. Öň ”Russia Today”, ýagny ”Bu günki Orsýet” ady bilen tanalan bu telekanalyň indiki ýyl üçin býujeti 15,38 milliard rubla ýeter.

“Bu habar serişdeleri, “ynandyrmaga ýa-da öz tarapyna çekmäge synanyşmasalar-da, tomaşaçylary passiw we gözi gorkan halda saklarlar” diýip, ABŞ-nyň Prinston Uniwersiteti üçin taýýarlanan hasabatda bellenilýär.

RT telekanaly öz gepleşikleriniň dünýäde 630 million adam üçin elýeterlidigini aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG