Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bazarda alyjydan, satyjy köp


Bazarda alyjydan, satyjy köp
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:43 0:00

Lebabyň kaşaň köpugurly söwda bazarynyň açylanyna bäş aý boldy. Açylyşy prezident Berdimuhamedowuň gatnaşmagynda amala aşyrylan bu bazaryň, welaýatyň meşhur dünýä bazarynyň ornuny eýelemegine garaşylýardy. Şunlukda, Lebabyň Dünýä bazary ýykylyp, onuň deregine gurlan bu bazar henize çenli müşderileriň ünsüni özüne çekip bilmän gelýär. Täze bazardaky dükanlaryň arendalary gymmat bolup, munuň bazarda satylýan harytlaryň bahasyna, bu ýagdaýyň bolsa müşderileriň bazara gelmek höwesine ýaramaz täsirini ýetirýändigi aýdylýar. Bu faktorlar dükançylaryň bu ýagdaýa haçana çenli çydap biljegi, şeýlelikde bazaryň gelejegi barada dürli soraglary orta atýar.

XS
SM
MD
LG