Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply pälwanlar ýeňiş gazandy


Türkmen pälwanlary. "Türkmenistan: Altyn asyr" saýtynyň suraty
Türkmen pälwanlary. "Türkmenistan: Altyn asyr" saýtynyň suraty

Türkmenabatda Türkmenistanyň göreş boýunça çempionaty geçirildi. Türkmen metbugaty 11-nji aprelde çempionatda diňe lebaply pälwanlaryň finala çykandyklaryny habar berdi.

Pälwanlar ýedi agram kategoriýasy boýunça, 4-nji sport mekdebinde ýöriteleşdirilen üç halyda şol bir wagtyň özünde bäsleşige çykdylar.

60 kg agramly pälwanlaryň arasynda türkmenabatly Serdar Ahmedow ýeňiji bolsa, 66 kg agramly pälwanlaryň arasynda köýtendagly Nedir Allaberdiýew, 73 kg agramly pälwanlaryň arasynda günorta lebaply Nurýagdy Jepbarow ýeňiş gazandy.

81 kg agramly pälwanlaryň arasynda Muhammet Temirow, 90 kg agramly pälwanlaryň arasynda bolsa halaçly Ýalkap Myradow ýeňiji boldy.

100 kg agramly pälwanlaryň arasynda Nuraly Ýalkabow, 100 kilogramdan agyr pälwanlaryň arasynda bolsa, faraply Nesipjan Yzbasarow ýeňiji boldy.

Şeýle-de bu ýaryşda Batyrjan Hojagulyýewiň ussatlyk görkezip, finalda hojambazly ussat päliwan Nepes Baýramowdan üstün çykandygy aýdylýar.

Türkmen pälwanlary aprel aýynyň aýagynda Liwanyň paýtagty Beýrutda göreş boýunça geçýän ýaryşa gatnaşar.

Habarçymyz Osman Hallyýew by ýaryşda pälwan gyzlaryň hem gowy netijeleri görkezendigini aýdyp, Lebapda göreş däpleriniň dikeldilişi barada şeýle maglumat berdi:

Diňe lebaply pälwanlar ýeňdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:55 0:00

XS
SM
MD
LG