Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Çanak antennalary hasaba alynýar


Paýtagtyň häkimiýetleri öýlerden çanak antennalarynyň aýrylmagy şäheri abadanlaşdyrmak işleri bilen bagly diýip düşündirýärler.

Paýtagtyň häkimiýetleri öýlerden çanak antennalarynyň aýrylmagy şäheri abadanlaşdyrmak işleri bilen bagly diýip düşündirýärler.

Aşgabatda çanak antennalaryny aýyrmak işi dowam edýär. Häzir öýuprawleniýeleriniň işgärleri öýme-öý aýlanyp ýaşaýjylaryň çanak antennalarynyň sanyny anyklap, hasaba alýarlar.

Häkimiýetleriň çykaran buz täze düzgüni häzirlikçe paýtagtyň käbir aýry-aýry raýonlarynda özüni belli etdi. Paýtagtyň “Gaža” etrabynda, Ýerewan köçesinde, 3-nji orta mekdebiň töwereklerinde we 6-njy mikroraýonyň käbir ýaşaýyş jaýlarynda ilatyň çanak antennalary hasaba alyndy.

Paýtagtyň öýuprawleniýeleriniň biriniň işgäriniň aýtmagyna görä, täze girizilen düzgüniň maksady ýaşaýjylaryň näçe çanak antennalarynyň bardygyny anyklamak hem-de soň ýaşaýjylardan olary aýyrmagy talap etmek.

Şeýle-de, çanak antennalaryny aýyrmadyklara geljekde jerime salmak hem göz öňünde tutulýar diýip, öýuprawleniýäniň efirde öz adynyň tutulmagyny islemedik işgäri gürrüň berýär. Öýuprawleniýäniň işgärleri ýaşaýjylara öz telewizorlaryny kabel telewideniýesine birikdirmegi maslahat beripdirler.

“Ilki bilen kabel telewideniýesi çekiler. Soň antennalaryň ählisi aýrylar. Aziada çenli çanak antennalar ýok bolmaly” diýip, öýuprawleniýaniň işgäri aýdýar.

IPTW

Häzirki wagtda paýtagtda kabel telewideniýesiniň optik-süýümli kabelini çekmek işi hem dowam edýär. Aşgabadyň Parahat, Howdan mikroraýonlarynda, Hudaýberdiýew köçesiniň ugrundaky käbir ýaşaýyş jaýlarynda agzalýan kabeller çekilipdir. Bukabeller ”TürkmenTelekomyň” “kabel telewideniýesi” bar bolan jaýlara hem çekilýär.

Paýtagtda ulanyjylaryň öýlerine optiki-süýmli kabelleri Aşgabadyň telefon ulgamy kärhanasy çekýär. AşTU diýlip tanalýan bu kärhananyň kabel telewideniýesine IPTW diýilýär we öz telewizoryňy onuň hyzmatyna adaty telefon liniýasy arkaly hem birikdirip bolýar.

Bu hili usul boýunça AşTU-nyň IPTW “kabel telewideniýesine” tomaşa edýän ýaşaýjylaryň bu hödürlenýän hyzmatdan nägile bolýanlary hem az däl. Çanak antennalardan tapawutlylykda bu kabel telewideniýede diňe kärhananyň saýlan telekanallaryna tomaşa edip bolýar.

Bu telewideniýe arkaly görkezilýän telekanallar, esasan, Orsýetiň we Türkiýäniň media önümeri. Bu ýagdaý bolsa tomaşaçylary nägile edýär. Mysal üçin, IPTW-niň ýa-da AşTU-nyň kabel telewideniýesi diýip atlandyrylýan telewideniýäniň pleý-listinde Osýetiň Birinji kanalynyň, “Zwezda”, “Domaşniý” ýaly telekanallarynyň hersiniň Orsýetiň dört sany sagat guşaklygyna degişli programmalar toplumy bar. Ol programma toplumlary-da, hiç hili täzelik girizilmezden, dört gezek şol bir zady gaýtalap görkezýärler.

Mundan başga-da, kabel telewideniýesi boýunça ulanyjylara hödürlenýän bu kanallaryň käte hiç zat görkezmän, doňup galýan ýa-da birnäçe wagtlap asla telewizion signalsyz durýan gezekleri hem bolýar.

Paýtagtyň häkimiýetleri öýlerden çanak antennalarynyň aýrylmagy Aşgabatda yzygiderli geçirilýän şäheri abadanlaşdyrmak işleri bilen bagly diýip düşündirýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG