Sepleriň elýeterliligi

Nemtsowyň hasabaty çap edilýär


Oppozision aktiwist Ilýa Ýaşin "Putin. Uruş" atly hasabaty tutup dur, 7-nji maý, 2015 (Surata düşüren AÝ/AR-nyň habarçysy Tom Balmforz)

Oppozision aktiwist Ilýa Ýaşin "Putin. Uruş" atly hasabaty tutup dur, 7-nji maý, 2015 (Surata düşüren AÝ/AR-nyň habarçysy Tom Balmforz)

Dokumentler polisiýa tarapyndan ele salyndy. Esgerler geplemekden gorkýarlar. Çaphanalar hyzmatdaşlykdan çürt-kesik boýun gaçyrýarlar. Ilýa Ýaşin Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, öz dosty Boris Nemtsowyň taýýarlap başlan “Putin. Uruş” atly hasabatyny çap etmegiň kynçylyklary barada gürrüň berdi.

Şu ýylyň 25-nji fewraly agşamy Orsýetiň oppozision syýasatçysy Boris Nemtsow öz dosty Ilýa Ýaşiniň ýanyna baryp, Orsýetiň harbylarynyň Ukrainada gizlin söweşýändigi barada soňky derňewler boýunça alyp barýan işinde ondan ýardam sorapdyr.

Mundan iki gün geçensoň, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň dynuwsyz tankytçysy Boris Nemtsow, öýüne barýarka, Kremliň golaýynda bihaýalyk bilen atylyp öldürildi.

Häzir, Nemtsowyň tamamlap bilmedik hasabaty, Ýaşiniň ýolbaşçylygynda oppozision aktiwistleriň we žurnalistleriň topary tarapyndan jemlendi.

“Onuň ölüminiň yz ýany, men munuň täsirinden özüme gelemsoň, öz dostumyň hatyrasyna bu işi öz üstüme alyp, onuň başlan hasabatyny çap etmegi öz borjum diýip düşündim” diýip, Ýaşin AÝ/AR-a aýtdy.

“Putin. Uruş” diýlip atlandyrylan hasabatyň deslapky bir bölegi çapa berlip, onuň köpçülige 12-nji maýda hödürlenmegine garaşylýar. Hasabat mazmunynyň üsti açylmazlyk şerti bilen AÝ/AR-a hem görkezildi.

“Biz eýýäm uly kynçylyklara duçar bolýarys” diýip, Ýaşin aýtdy. “Çaphanalar basyş astynda we onuň maý aýynda çap edilmegi ýörite çäreleri talap edýär. Biz muňa duçar bolduk, Boris Nemtsow hem muňa duçar bolupdy”. “Biz kynçylyklardan üstün çykarys diýip pikir edýärin” diýip, Ýaşin aýtdy.

‘Geplemek gorkusy’

Başda Ýaşin we onuň kärdeşleri hasabaty çap etmek üçin özlerinde ýeterlik maglumatyň bolup-bolmajagyny anyk bilmändirler.

Nemtsow hasabatyň planyny, mazmunyny we “ideologiýasyny” kesgitläp goýupdyr.

Ýaşiniň sözlerine görä, Nemtsow Orsýetiň harby güýçleriniň Ukrainada bardygyny görkezýän dokumentleri we gündogar Ukrainada öldürilen esgerleriň ençemesiniň garyndaşlary bilen söhbetdeşlik geçiripdir.

Emma bu kiçi arhiwiň uly bölegi Nemtsowyň öldürilmeginden soň ýitirim bolupdyr. Onuň ölüminde Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regionynyň Çeçenistan respublikasyndan bolan bäş adam günälenýär.

Putiniň tankytçylary derňewleriň netijesinde Nemtsowy öldüren hakyky günäkärleriň hiç haçan anyklanmaz diýip howatyrlanýarlar. Sebäbi derňew işleri Kremliň täsiri astynda geçirilýär.

Nemtsowyň atylyp öldürilmeginden soň, derňewçiler onuň öýüni dökdüler, kompýuterlerini, kontakt kitapçalaryny, ýazgy depderlerini ele saldylar diýip, onuň dostlary aýdýarlar.

“Biz onuň toplan we derňewçiler tarapyndan ele salnan ähli dokumentlerini dikeltmek üçin birinji hepdämizi sarp etdik” diýip, Ýaşin gürrüň berýär. “Käbir dokumentler onuň kömekçileri we işgärleri tarapyndan saklanypdyr”.

Ýaşiniň sözlerine görä, bu dokumentler Nemtsowyň ölüminden öň öz kömekçisi Olga Şorina ýazan gol ýazgylary we kiçijik ýazgylary hem öz içine alýar.

Nemtsowyň mümkin bolan diňlenmekden howatyrlanyp kagyza ýazan golýazmalarynyň biri mart aýynda Reuters agentligine görkezildi. Onda şeýle diýlipdi: “Käbir desantçylar meniň bilen habarlaşdylar. Olaryň 17-si öldürlipdir, olara pul tölenmändir, emma olar häzir geplemäge gorkýarlar”.

Kreml Orsýetiň gündogar Ukrainada hökümet güýçlerine garşy söweşýän separatistlere ýarag we harbylar bilen kömek berýändigi barada Kiýewiň we günbatar hökümetleriniň aýyplamalaryny yzygiderli ret edýär.

Ýaşin özüniň we öz toparynyň Nemtsowyň ähli kontaktlary bilen gatnaşyk saklaýandygyny, emma olary geplemäge razy etmegiň böwsüp bolmaz bir böwetdigini aýtdy.

“Nemtsowyň ölüminiň olaryň batyrlygyna batyrlyk goşmandygy düşnükli” diýip, Ýaşin belledi.

Ýaşin sözüniň üstüni ýetirip, “biz olar bilen gepleşip, olardan seýrek, örän möhüm maglumatlary aldyk, emma olar açyk geplemäge çürt-kesik garşy boldular” diýýär.

‘Agyryly ýere urgy’

Hasabat žurnalistleriň we aktiwistleriň dykgatyna Nemtsowyň syýasy partiýasynyň egindeş döredijisi RPR-PARNAS-yň edara jaýynda 12-nji maýda hödürlenmeli.

Maglumatlaryň köpüsi, Nemtsowyň ozalky sekiz sany hasabatynda, şol sanda Soçidäki Gyşky Olimpiadada korrupsiýa meselesine degişli hasabatynda bolşy ýaly, açyk çeşmelere esaslanýana meňzeýär.

Hasabaty taýýarlamak işine oppozision aktiwistler we Orsýetiň ady belli žurnalistleri gatnaşdylar. Olaryň arasynda “Kommersant” gazetinden Ukrainada barýan uruş barada täsirli makalalary çap eden Ilýa Barabanow we oppozision liberal “Ýabloko” partiýasynyň Gündogar Pskow regionyndaky agzasy Lew Şlosberg bar.

Şlosberg, Ukrainadaky söweşlerde öldürilen iki esgeriň gizlin jaýlanyşynyň üstüni açansoň, näbelli adamlar tarapyndan güýçli ýenjilipdi.

Ýaşin özüniň we öz kärdeşleriniň hasabatyň 3000 nusgadan ybarat deslapky böleginiň çap edilmegini ýola goýandyklaryny aýtdy we onuň internet arkaly hem ýaýradyljakdygyny belledi.

Ol hasabaty uly tiraž bilen çap etmek üçin internet arkaly pul toplamagy göz öňünde tutýar.

2010-njy ýylda polisiýa Nemtsowyň Putiniň golastynda bolan 10 ýylynyň dowamynda ýurtda korrupsiýanyň çuň kök urmagy baradaky hasabatynyň 100 müň nusgasyny alyp barýan ulagy ele salypdy. Şonda hasabatyň websaýtyna hem hüjüm edilipdi.

27-nji fewralda Nemtsowyň janyna kast edilmegi ýurtda ilat arasynda uly gynanç duýgusyny tutaşdyrdy, aýratynam Moskwada onuň öldürilen ýerinde gül desseleri we suratlar şu günki güne çenli saklanyp galýar. Şol bir wagtda-da köpçülikleýin pikir soralyşyklar orsýetlileriň köpüsiniň Wladimir Putiniň Ukrainadaky syýasatyny goldaýandygyny görkezýär.

Muňa garamazdan, Ýaşin hasabatyň tolkun döretjegine berk ynanýar, ol “biz agyryly ýere urgy edýändigimize düşünýäris” diýýär.

Ol hasabatyň maksady “ýalanyň üstüni açmakdyr” diýdi.

“Olar ol ýerde Orsýetiň goşunlary ýok diýýärler” diýip, Ýaşin “biz bar diýýäris. Putin üçin ýalançylykda tutulmak örän agyrylydyr” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG