Sepleriň elýeterliligi

Şweýsariýa azeri aktiwistini halas etdi


Baku, Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyndan bir görnüş. 12-nji iýun, 2015.

Baku, Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyndan bir görnüş. 12-nji iýun, 2015.

Şweýsariýa Bakuwdaky ilçihanasynda 10 aý penalan oppozisiýa aktiwistini ahyry ýurtdan alyp çykdy.

Emin Huseýinow Azerbaýjandaky Ýewropa oýunlaryna gelen şweýsar diplomaty Didier Burkhalteriň uçarynda ýurduny terk etdi.

Şweýsar ilçihanasy bu işiň azeri häkimiýetleri bilen aýlap geçirilen gepleşikleriň netijesi bolandygyny aýtdy.

35 ýaşyndaky žurnalist we adam hukuklaryny goraýjy sentýabra çenli Şweýsariýadan gaçybatalga sorap-soramajagyny kesgitlemeli boldy.

Prezident Ylham Alyýewiň berk tankytçysy bolan Huseýinow, azeri häkimiýetleri özüni awgust aýynda "bikanun telekeçilikde we salgytdan gaçmakda" aýyplandan soň, şweýsar ilçihanasyndan pena sorapdy.

Bu aýyplamalar onuň oppozision işi üçin ar alyş hasaplanýar. Huseýinow Bakuwdaky Žurnalistleriň azatlygy institutyna ýolbşçylyk edýär we bu gurama Alyýewiň hökümetini söz azatlygyny çäklendirmekde aýyplaýar.

Ol 2008-nji ýylda Bakuwda, öldürmek haýbatyny atan polisiýa ofiserleri tarapyndan urlup-enjilendigini we ýaralary sebäpli hassahana ýerleşdirilendigini öňe sürdi.

Şweýsariýa Huseýinowa, «ynsanperwerlik sebäpleri» esasynda, ilçihanada galmaga rugsat berdi.

Ýogsa, amerikan raýatyna öýlenen Huseýinow ilki Bakuwda Birleşen Ştatlaryň ilçihanasyna hem ýüz tutupdyr. Emma olar ony yzyna gaýtarypdylar.

ABŞ-nyň kanun çykaryjysy Deýna Rohrabaher (Dana Rohrabacher), hamala, Huseýinowa pena bermekden ýüz öwrendikleri üçin, Bakuwdaky amerikan diplomatlaryny ýazgaryp çykyş etdi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG