Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI Nepesgulyýewiň ykbalyny anyklamaga çagyrýar


Amnesty International
Amnesty International

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän Amnesty International guramasy türkmenistanly žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýewiň ykbaly bilen bagly gyssagly herekete geçmäge çagyrýan beýanat ýaýratdy.

Düýbi Londonda ýerleşýän guramanyň beýanatynda türkmen häkimiýetleri Nespesgulyýewiň nirededigini aýan etmäge, onuň howpsuzlygy we tussaglykda gynalmaýandygy barada maşgalasyny habarly edip, bu ugurda kepil geçmäge çagyrylýar.

“Eger-de Nepesgulyýew türkmen häkimiýetleri tarapyndan tussag edilen bolsa, onda onuň öz saýlan aklawçysy bilen gyssagly duşuşmagyna rugsat berilmeli we takyk haýsy aýyplamalaryň ýöňkelýändigi mälim edilmeli ýa-da ol dessine boşadylmaly” diýip, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän guramanyň anna güni çap edilen beýanatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň prezidentine hat

“Amensty International” guramasy Türkmenistanyň prezidentine we Baş prokuraturasyna 2015-nji ýylyň 17-nji sentýabryna çenli rus, iňlis ýa-da beýleki dillerde hat ugradyp, Nepesgulyýewiň ykbaly barada maglumat soramaga çagyrýar.

Saparmämmet Nepesgulyýew.
Saparmämmet Nepesgulyýew.

“Žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýewiň bir aýdan bäri türkmen häkimiýetleri tarapyndan tussaglykda saklanylýandygyna ynanylýar. Nepesgulyýewiň tussaglygy onuň žirnalistiki işi bilen baglanyşykly ýaly bolup görünýär. Ol gynamalara sezewar edilmek we adalatsyz sud edilmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar” diýlip beýanatda nygtalýar.

Amnesty International guramasy Nepesgulyýewiň 7-nji iýulda Türkmenbaşy şäherinden Balkanabatdaky öýüne ugran mahaly ýitirim bolandygyny we onuň Türkmenistanda gadagan edilen “Türkmenistanyň Alternatiw täzelikleri” we Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy bilen hyzmatdaşlyk edýändigini ýazýar.

“Öýüne dolanmady”

Şeýle-de guramanyň maglumatynda “işi üçin maglumat we surat ýygnamak maksady bilen Türkmenbaşy şäherine sapar eden Nepesgulyýew 7-nji iýulda öz maşgalasyna jaň edip, sagat 16:00-da öýüne barjakdygyny habar berýär, emma ol öýüne dolanmaýar” diýlip bellenilýär.

“Mundan soň, Nepesgulyýewiň maşgalasyna onuň neşe maddaly derman (Tramadol) bilen tussag edilendigi we onuň Akdaş obasynda saklanylýandygy habar berilýär. Maşgalasy Nepesgulyýewi görmäge synanyşýar, emma muňa rugsat berilmeýär. Onuň aklawçy bilen duşuşmagyna mümkinçilik berilmeýär we häzirki wagtda Nepesgulyýewiň nirededigi barada takyk maglumat ýok” diýip, Amnesty International guramasy öz beýanatynda nygtaýar.

Şeýle-de gurama aklawçy we maşgalasy bilen duşuşmagyna rugsat berilmeýän Nepesgulyýewiň gynamalar bilen ýüzbe-ýüz bolmak töwekgelliginiň artýandygyny we onuň tussaglygynyň žurnalistiki işi bilen ilteşikli bolup biljekdigini ýazýar. Nepesgulyýew şu ýylyň başlaryndan Azatlyk Radiosynyň fotožurnalisti hökmünde işläp başlaly bäri, ol Türkmenistanyň baý we garyp raýatlarynyň ýaşaýyş durmuş şertlerindäki gapma-garşylygy açyp görkezýän maglumatlaryň üstüni açdy diýlip, guramanyň beýanatynda tekrarlanýar.

Mundan öň, düýbi Nýu Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goraýan komitet, Human Rights Watch guramasy we düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy türkmenistanly žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýewiň tiz boşadylmagyny talap edip, beýanat ýaýratdylar.

“Serhetsiz raportýorlar” guramasy Türkmenistanda media azatlygy diýen zadyň asla ýokdugyny, guramanyň metbugat azatlygy boýunça ýyllyk indeksinde Türkmenistanyň 180 ýurduň arasynda iň yzdan ikinji orunda durýandygyny habar berýär.

XS
SM
MD
LG