Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow: Syýasaty kesgitlemeli


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda ýurduň Ministrler kabinetiniň dolandyryş gurluşyny kämilleşdirmelidigini, ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek boýunça «syýasaty kesgitlemelidigini» aýtdy.

Türkmen metbugatynyň habar bermegine görä, prezident berdimuhamedow hökümetiň gurluşynyň çeýe bolmagy we netijeli işläp bilmegi üçin zerur çäreleriň görülmelidigini nygtapdyr.

Çişirilen dolandyryş we kärendeçiler

«Gynansak-da, häzirki döwürde dolandyryş edaralarynyň hem düzümi zerur möçberden artypdyr» diýip, prezident bu ýagdaýyň dolandyryş ulgamynyň işine ýaramaz täsir edýändigini belledi.

Döwlet baştutany bu ýagdaýyň hususan-da oba hojalyk toplumynyň mysalynda görnetin göze ilýändigini belläp, anyk sanlara ýüzlendi.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, häzirki döwürde Türkmenistanyň oba hojalyk toplumyna degişli hojalyklaryň 90 prosentden gowragy «bazar ykdysadyýeti şertlerinde» işleýär.

Emma, prezident Berdimuhamedowyň tassyklamagyna görä, şol «bazar ykdysadyýeti şertlerinde işleýän» hojalyklar «birnäçe ministrlikleriň kömegi bilen hem» dolandyrylýar. Şol bir wagtda döwlet baştutany bu ministrlikleriň «kärendeçileriň alyp barýan işlerine täsir edip bilmeýändigini» aýtdy.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Azatlyk radiosynyň ýurt içindäki habarçylary bilen söhbetdeş bolýan kärendeçileriň käbiri ýokardan, häkimiýetlerden berilýän görkezmeleriň öz işlerine ýaramaz täsir ýetirýändigini aýdýar.

Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşliklerde aýdylýan we efire berlen sözlerden çen tutulsa, ýeriň, suwuň, öndürilen önümiň ygtyýarynyň doly döwlet kontrollugynda saklanmagy netijesinde, kärendeçiler özleriniň hakyky bazar ykdysadyýeti şertlerinde işläp bilmeýändiklerini aýdyp, bu ýagdaýyň düýpli özgerdilmegine umyt baglaýarlar.

Prezident Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň mejlisinde kärendeçileriň ýer, suw eýeçiligi meselesine gaýtadan seretmek barada hiç bir zat aýtman, «ykdysadyýet pudaklaryny, dolandyryş ulgamyny seljermeli» diýmek bilen çäklendi.

Kesgitlenmedik "ykdysady syýasat"

Şeýle-de ol 1-nji oktýabra çenli artykmaç dolandyryş düzümlerini gysgaltmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyryp, ministrlikleriň ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek boýunça «syýasaty kesgitlemelidigini» nygtady.

Ýöne bu «syýasat kesgitlemesinde» nähili täzelikleriň boljakdygy, esasy haýsy ugurlara ýykgyn ediljekdigi, geçmişde ykdysady ösüşe aýakbagy bolandyr öýdülýän haýsy meselelere nähili çemeleşiljekdigi barada anyk bir zat aýdylmady.

Ministrler kabinetiniň mejlisinde umuman şu ýylyň sekiz aýynda edilen işlere gowy baha berlen hem bolsa, prezident Berdimuhamedow ýene bir gezek dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän durnuksyz ýagdaýa ünsi çekdi.

Türkmen lideriniň öz sözleri bilen aýdylsa, Ministrler kabinetiniň öňünde geljek ýylyň döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça «ýeňil bolmadyk wezipeler» dur.

XS
SM
MD
LG