Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe rus aýyplamasyny ret edýär


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan. 26-njy noýarb, 2015 ý.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan. 26-njy noýarb, 2015 ý.

Türkiýäniň prezidenti Orsýetiň Türkiýe "Yslam döwleti" atly terroristik topardan nebit önümlerini satyn alýar diýýänini ret etdi.

Prezident Rejep Taýýyp Erdogan 26-njy noýabrda Ankarada ýerli resmiler bilen gepleşikde muny aýdýanlar "subut etsin" diýdi. Ol soňra hem olar "töhmetçi" diýip sözüniň üstüni ýetirdi.

Erdogan bu aýdylýanlary "masgaraçylykly" diýip atlandyryp, Türkiýäni energiýa bilen üpjün edýän esasy ýurduň Orsýetdigini belledi.

Erdogan şeýle hem öz ýurdunyň "Yslam döwleti" toparyna garşy işjeň söweş alyp barýandygyny aýdyp, Türkiýäniň soňky ýyllarda "Yslam döwleti" toparynyň jeňçileri diýip güman edilýän "müňlerçe" adamy tutandygyny nygtady.

"Haýynlarça arkadan urlan hanjar"

Ol öz ýurdunyň 24-nji noýabrda Türkiýe-Siriýa araçäginde Orsýetiň söweş uçaryny atyp ýykmagyny aklap, bu hemmä belli düzgünlere laýyklykda berlen "awtomatik jogap" diýdi.

Ors prezidenti Wladimir Putin 26-njy noýabrda Moskwada eden çykyşynda özüniň bu hadysa barada Türkiýäniň ötünç soramagyna we kompensasiýa teklip etmegine garaşýandygyny aýtdy.

Putin uçaryň atylyp ýykylmagyny "haýynlarça arkadan urlan hanjar" we "akyla hem halkara hukugyna ters" diýip häsiýetlendirdi.

Türk prezidenti Erdogan bolsa Türkiýäniň howa giňişligini bozany üçin ötünç soramaly Orsýet diýdi.

“Ötünç soramarys”

"Ötünç soramaly adamlar biziň howa giňişligimizi bozanlar" diýip, "CNN" telekanaly Erdogany sitirledi.

"Biziň pilotlarymyz we ýaragly güýçlerimiz diňe öz wezipelerini ýerine ýetirýärler. Bu hem düzgünleriň bozulmagyna gaýtargy bermek. Meniň pikirimçe, esasy zat şu".

Ozal Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu Ankarada "biz hadysa barada ötünç soramarys" diýipdi.

Ýöne ýurduň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu Britaniýanyň "Times" gazetinde ýerleşdirilen makalasynda öz pikirlerini aýdyp, ors uçarynyň atylyp ýykylmagy netijesinde dörän dartgynlylygy gowşatmak üçin Türkiýäniň Orsýet şeýle hem öz ýaranlary bilen iş alyp barjakdygyny bildirdi.

"Zerur çekişmeler alnyp barylýar. Biziň öz territoriýamyzy goramaga gönükdirilen çärelerimiz öz ýerinde galar, Türkiýe dartgynlylygy gowşatmak üçin Orsýet we öz ýaranlarymyz bilen iş alyp barar" diýip Dawutogly ýazdy.

"Agressiýa aktydy"

Şol güni Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew öz hökümetine Türkiýäni jezalandyrmak üçin degişli çäreleri düzüp taýýarlamaga iki gün möhlet berendigini bildirdi.

Medwedew ors uçarynyň urlup ýykylmagy "agressiýa aktydy", diplomatik we harby jogaplardan daşary "ykdysady çäreleriň" hem girizilmegi zerur diýdi.

Ondan ozal prezidentiň sözçüsi Dmirtiý Peskow Moskwanyň Gara deňziň bogazlaryndan gämi gatnawynyň bozulmazlygyny Montrou konwensiýasyna laýyklykda Türkiýäniň şeýle hem beýleki döwletleriň hormatlamagyna garaşýandygyny aýtdy.

Ol dekabr aýynda Sankt-Peterburgda geçmeli edilen Türkiýe-Orsýet sammiti "resmi taýdan ýatyrylanok", ýöne "köp soraglar bar" diýdi.

Peskowyň aýtmagyna görä, Kreml 30-njy noýabrda Parižde geçjek klimat sammitiniň gapdalynda Putin bilen Erdoganyň ikiçäk duşuşmagyny planlaşdyrmandyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG