Sepleriň elýeterliligi

Tussagdaky žurnalist 38 ýaşady


Saparmämmet Nepesgulyýew.

Saparmämmet Nepesgulyýew.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew şu gün 38 ýaşaýar. Emma ol Doglan gününi öz maşgalasynyň arasynda däl-de, Türkmenistanyň türmeleriniň birinde bellemäge mejbur.

Saparmämmet Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň 7-nji iýulynda ozalky Krasnowodsk, häzirki Türkmenbaşy şäherinde ýitirim boldy. Soňra onuň ýurduň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan saklanandygy ýüze çykdy, emma sebäbi barada takyk maglumat berilmedi.

Maşgala agzalaryndan alnan maglumata görä, biraz soňra ol ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen sud diňlenişiginde tussag edilýär we neşe gaçakçylygynda aýyplanyp, oňa üç ýyl tussaglyk möhleti kesilýär. Ençeme halkara guramalary bu aýyplamalary toslama diýip, žurnalistiň derhal boşadylmagyna çagyryp gelýärler.

Saparmämmet bilen işleşen, Türkmenistandan alternatiw habarlary çap edýän habar agentliginiň ýolbaşçysy Ruslan Mätiýew Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda öz guramasynyň adyndan onuň Doglan gününe gabatlap, käbir çäreleriň planlaşdyrylýandygyny habar berýär.

Nepesgulyýewiň ykbalyny ýene bir gezek ýatlatmak

Ruslan bu hakda şeýle gürrüň berýär: “Kampaniýanyň maksady Saparmämmet Nepesgulyýewiň ykbaly barada halkara guramalara ýene bir gezek ýatlatmak. Şol sebäpden biziň habarlar saýtymyzyň sahypasynda-da Saparmämmediň nähak tussaglyk wagtyny hasaplaýan ölçeýji ýerleşdirilen. Ol ölçeýji Saparmämmediň tussaglykda geçirýän wagtynyň aýyny, gününi sagadyna çenli sanaýar”.

Saparmämmet Nepesgulýew Azatlyk Radiosy bilen, esasan, wideožurnalist hökmünde hyzmatdaşlyk edýärdi. Ol öz ýaşaýan welaýaty bolan Balkanyň ilatynyň edil häzirki wagtda ýüzbe-ýüz bolýan dürli problemalary, şol sanda suw we tok ýetmezçiligi barada, şeýle-de jogapkär resmileriň eden-etdiliklerini görkezýän reportažlary taýýarlapdy.

Saparmämmet başda ýitirim boldy, soňra onuň maşgala agzalary žurnalistiň tussag edilendigi we soňra-da ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen sud diňlenişiginde oňa üç ýyl berlendigi baradaky habary aldylar.

Halkara jemgyýetçiligi

Türkmenistandan alternatiw habarlary çap edýän sahypanyň ýolbaşçysy Ruslan Mätiýewiň aýtmagyna görä, soňky dört aýdan bäri onuň maşgalasyndan hem hiç hili habar alyp bolmaýar.

“Saparmämmet hakda hiç hili täzelik ýok, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň geçen ýylyň sentýabr aýynda Warşawada bolup geçen ýygnagyndan bäri, onuň maşgalasyndan hem hiç hili habar alyp bolmaýar” diýip Ruslan gürrüň berýär.

Saparmämmediň tussag edilmegi halkara jemgyýetçiliginiň arasynda hem uly aladalanma döretdi. Adam hukuklaryny goraýan Human Rights Watch, Amnesty International, “Serhetsiz reportýorlar” guramasy ýaly hökümete degişli bolmadyk ençeme halkara guramalary türkmen žurnalistiniň tussag edilmegine garşy protest bildirip, ençeme aksiýalary gurnadylar.

Şeýle-de BMG-niň eden-etdilikler boýunça wakalary derňeýän komiteti hem şu ýylyň ýanwar aýynda Saparmämmediň tussag edilmegini eden-etdilik diýip kesgitläp, bu işi ýörite hasaba aldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG