Sepleriň elýeterliligi

Baýhanow: Häkimiýetler dymmagymy isleýär


Akmuhammet Baýhanow

Akmuhammet Baýhanow

«Olary diri görkeziň» atly kampaniýanyň 19-njy aprelde çap eden beýanatynda Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň Moskwanyň eteginde ýaşaýan türkmen dissidenti Akmuhammmet Baýhanowa we onuň Aşgabatdaky inisine basyş görkezýändigi aýdylýar.

59 ýaşyndaky Baýhanow Moskwadaky «Memorial» hukuk goraýyş merkezine 12-nji aprelden bäri näbelli adamlar tarapyndan yzygiderli gözegçilik astynda saklanylýandygyny, suratynyň alynýandygyny gürrüň beripdir. 11-nji aprelde bolsa Baýhanowyň feýsbuk sahypasynda biri onuň «häkimiýetler bilen kejeleşmezligini» maslahat berip, ýogsa «saglygyna zyýan ýetmeginiň ahmaldygyny» duýdurypdyr.

Mundanam başga, şol günler Akmuhammediň Aşgabatda ýaşaýan inisi Nazar ýörite gulluklar tarapyndan saklanyp, iki sagat çemesi sorag edilipdir.

Azatlyk radiosy bu ýagdaý bilen gyzyklanyp, Akmuhammet Baýhanow bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG