Sepleriň elýeterliligi

Türkmen gazy Trans-Hazary ýitirýärmi?


Türkmenistan, Şatlyk, Gundogar-Günbatar gaz geçirijisiniň açylyş dabarasy, 31-nji maý, 2010

Türkmenistan, Şatlyk, Gundogar-Günbatar gaz geçirijisiniň açylyş dabarasy, 31-nji maý, 2010

Naturalgaseurope.com neşiri Azerbaýjanyň Orsýetden gaz satyn almak planlaryna salgylanyp, Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň Hazaryň üstünden Ýewropa gaz getirmek planlarynyň ýuwaşlyk bilen jaýlanyp galjakdygyny aýdýar.

Aýdylmagyna görä, Sokaryň prezidenti Rownag Abdullaýew geçen hepde Azerbaýjanyň "Gazpromdan" ýylda 3-5 milliard kub metr gaz satyn almak barada gepleşik geçirýändigini aýan edipdir.

Has-da möhümi, gürrüňi edilýän neşiriň synynda bu ideýanyň Sokaryň prezidenti Abdullaýewiň özünden çykandygy nygtalýar. Şol bir wagtda-da onuň Trans-Hazar geçirijisini türkmen gazy bilen üpjün etmek meselesi boýunça Türkmenistana soňky iki ýylda bäş gezek sapar edendigini bellenilýär.

Dogrudanam, synda aýlyşy ýaly, Bakuwyň rus gazyny satyn almak planlary Aşgabat bilen geçirilýän gaz gepleşiklerini ýatyrýarmy? Ýa-da bu, synda ýaňzydylyşy ýaly, türkmen gazynyň Ýewropa aşyrylmak planlaryna urlan bir zarba bolup bilermi?

Azerbaýjanly garaşsyz synçy Azer Hasratyň pikirine görä, bu meselede gyssanmaç netije çykarmak dogry bolmaz. Sebäbi, Azerbaýjanyň beýleki ýurtlara, şol sanda Ýewropa gaýtadan satmak we içki gaz zerurlyklaryny doldurmak üçin dürli planlary bolup biler.

"Boş gürrüňler"

Ýöne ol Azerbaýjanyň häzir çalt depginde gurýan gaz geçirijisiniň diňe azeri däl, eýsem geljekde türkmen gazyny hem ýewropa ýurtlaryna aşyrjakdygyny aýdýar. Ekspertiň ynanjyna görä,Bakuwyňrus gazyny satyn almak planlarynyňtürkmen gazynyň Ýewropa iberilmegine ýaramaz täsir ýetirjekdigi baradaky çaklamalar «boş gürrüň».

Şeýle-de ol Abdullaýewiň rus gazyny satyn almak baradaky beýanatlarynyň o diýen hakykata gabat gelmeýändigini, sebäbi Azerbaýjanyň öz gazynyň hem ýeterlikdigini aýdýar.

Eger şeýle bolsa, ýagny Azerbaýjanyň öz gazy ýeterlik bolsa, üstesine azeri resmisi diňe soňky iki ýylda türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak meselesi bilen Aşgabada bäş gezek sapar eden bolsa, rus gazy bilen bagly gepleşikler nireden çykýar?

Syýasy oýunlar

Azeri ekspertiniň pikirine görä, bu ýerde käbir syýasy oýunlaryň oýnalýan bolmagy mümkin.

«Belki-de Azerbaýjan, öz goňşulary, ilkinji nobatda hem Ukraina babatdaky agressor gatnaşyklary sebäpli günbatar ýurtlarynyň basyşyna sezewar bolan Orsýet bilen baglylykda ýagdaýy biraz deňagramlaşdyrmaga çalyşýandyr – diýip, ekspert aýtdy. «Ýogsa şeýleleýin Azerbaýjan rus gazyna asla mätäç däl» diýip, Azer Hasrat Azatlyk radiosynyň türkmen gullugyna Bakuwdan telefon arkaly beren gürrüňinde nygtady.

Berilýän maglumatlara görä, Azerbaýjanyň gazy Ýewropa ýurtlaryna 2018-nji ýylyň bir ýerlerinde baryp ýeter, türkmen gazy bolsa bu geçirijä, hemme zat planlaşdyrylyşy ýaly bolsa, 2018-nji ýyldan soň akdyrylyp başlanar.

Azer Hasrat Azerbaýjanyň bu meselede hemişe Türkmenistanyň tarapynda boljakdygyny, sebäbi türkmenler bilen azerileriň doganlyk halklardygyny aýdýar.

Synçylaryň pikirlerine görä, Orsýetiň türkmen gazyny satyn almagyny bes etmegi, Eýranyň bolsa Aşgabatdan alýan gazyny azaltmagy Türkmenistany gaz söwdasynda diňe Hytaýa garaşly edip goýýar we bu ýagdaý türkmenleriň Trans-Hazar geçirijisi arkaly Ýewropa gaz satmak zerurlygyny güýçlendirýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG