Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow 'zerur işleri geçirmäge' çagyrýar


Prezident G.Berdimuhamedow Daşoguzda. Türkmen TW-sinden alnan şekil.
Prezident G.Berdimuhamedow Daşoguzda. Türkmen TW-sinden alnan şekil.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda «ykdysadyýet, medeniýet, saglygy goraýyş, ylym, bilim ulgamlary ösdi, ilatyň hal-ýagdaýy has-da gowulandy» diýmek bilen, kemçilikleriň hem az däldigini boýun aldy.

Bu boýun alyş netijesinde, Ministrler Kabinetiniň 16-njy iýunda, Daşoguzda geçirilen göçme mejlisinde dört sany etrap häkimi, iki etrabyň we bir şäheriň häkiminiň orunbasarlary wezipelerinden boşadyldy.

Resmilere "käýinç, berk käýinç" berilýär

Türkmen mediasy, bulardan başga, etrap we şäher häkimleriniň, olaryň orunbasarlarynyň dokuzysyna «käýinç we berk käýinç» berlendigini habar berýär.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, Ministrler kabinetiniň göçme mejlisinde Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik palatasynyň başlygy Ç.Gylyjow, baş prokuror A.Hallyýew welaýatda geçirilen barlaglar, «ýüze çykarylan kemçilikler» barada hasabat beripdir. Şol bir wagtda-da ýokary döwlet edaralarynyň barlaglary esasynda ýüze çykarylandygy aýdylýan kemçilikleriň jikme-jikligi aýdylmaýar.

Prezident Berdimuhamedowyň ösüş sözlerine dolansak, "diňe 2008-2015-nji ýyllarda welaýatda hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we merkezleriň 32-si, orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 82-si gurlupdyr".

Şeýle-de prezident welaýatda oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça "köp işleriň edilýändigini" aýdýar.

Ýaşlara "mellek ýerleri" berilýär

Prezidentiň tassyklamagyna görä, ilatyň hal-ýagdaýyny has gowulandyrmak, ýaş maşgalalary goldamak maksady bilen döredilen mellek ýer gaznasyndan welaýatda soňky ýyllarda 84.5 müňe golaý maşgala täze mellek ýeri berlipdir.

Emma Berdimuhamedow halkyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin goýberilýän serişdeleriň käbir ýerlerde «netijeli peýdalanylmaýandygyny», has amatly jaýlaryň, ýollaryň, köprüleriň gurluşygynyň haýal alnyp barylýandygyny hem boýun alýar.

Şeýle-de ol ilaty arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen doly üpjün etmek üçin «zerur işleri geçirmelidigini» aýtdy, emma bu işleriň nähili geçirilmelidigini anyklaşdyrmady.

Prezident welaýat häkimine beren käýinjiniň sebäbini düşündirende, «suw howdanlarynyň göwrümleriniň giňeldilmeýändigini, möhleti geçen suw geçirijileriniň täzelenilmeýändigini, aragatnaşyk hyzmatlaryndaky kemçilikleri, içerki ýollaryň aglaba böleginiň asfaltlanylmandygyny» belledi.

"Betbagtçylyk zonasy"

Daşoguz welaýaty, Aral problemalary bilen bagly, baryp sowet ýyllarynda «betbagtçylyk zonasy» diýlip bilinýärdi we ýerli synçylar Moskwanyň pagta planlary zerarly şorlaşan ýerleri bejermegiň uly meselä öwrülendigini, emma bu sebite hökümet tarapyndan ýeterlik ünsüň berilmeýändiginiaýdýarlar.

Prezident Berdimuhamedow welaýatyň bu wajyp meselesini, ýagny ýerleriň ýylsaýyn tapdan gaçýandygyny hem boýun alýar.

Onuň pikiriçe, Daşoguzdaky kemçilikler ýa-da çözülmedik meseleler diňe welaýat, etrap häkimleriniň hem kemçiligi däl. Has anygy, ol bu welaýatdaky kemçilikler üçin degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hem jogapkärçilik çekýändiklerini, ýagny meseläniň hökümetdäki umumy iş ýagdaýy bilen baglanyşyklydygyny gytaklaýyn tassyk etdi.

Prezident Berdimuhamedow Daşoguzdan ozal Ahal we Balkan welaýatlarynda edilen işleriň netijelerine baha berip, onlarça häkimi wezipelerinden boşatdy.

Synçylar türkmen hökümetinde kadrlary «işde goýberen kemçilikleri üçin" diýip ýygy-ýygydan çalyşmagyň adaty bir zada öwrülendigini, emma ýagdaýyň üýtgemeýändigini belleýärler.

XS
SM
MD
LG