Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň düşnüksiz, çylşyrymly pursatlary


Turkmenistan -- Turkmen transportation officials at the Cabinet Ministers' meeting in Ashgabat, 19Jul2012
Turkmenistan -- Turkmen transportation officials at the Cabinet Ministers' meeting in Ashgabat, 19Jul2012

Soňky aýlaryň dowamynda degişlilikde Türkmenistany ýakyndan gyzyklandyrýan üç waka bolup geçýär. Olar Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän sebitlerinde barha artyp barýan durnuksyzlyk, Türkmenistanyň maliýe pudagyndaky çökgünlük we soňky aýlaryň dowamynda ýokary derejeli ýolbaşçylaryň yzygiderli wezipelerinden çetleşdirilmegi.

Şu ýylyň dowamynda eýýäm onlarça ýokary derejeli resmi wezipelerinden boşadyldy. Wezipelerinden çetleşdirlenleriň arasynda ministrler, welaýat hem etrap häkimleri, maliýe we howpsuzlyk pudaklarynyň ýolbaşçylary-da bar.

Wezipelerinden çetleşdirlen ýolbaşçylara bildirilýän aýplamalar o diýen takyk däl, sebäbi olaryň ählisi diýen ýaly “işlerinde göýberen kemçilikleri” diýen aýplama bilen eýeleýän wezipelerinden çetleşdirildiler. Gepiň tümmegi, Türkmenistan gaty düşnüksiz, çylşyrymly günleri başdan geçirýär.

“Mejlisiň” şu günki sanynda häzirki gün ýurtda bolup geçýän wakalar, şol wakalaryň arabaglanyşygy, gelnen kararlaryň logikasy we esasanam bu ýagdaýlaryň ýurda we uly ile ýetirýän täsirleri barada gürrüň edilýär.

“Mejlisiň” bu günki myhmanlary:

Dr. Luca Anchesci:- Glasgow Universitetiniň Merkezi Aziýa bölüminiň ýolbaşçysy;

Ruslan Mätiýew: - “Alternative Turkmenistan News” gullugynyň ýolbaşçysy;

Bruce Pannier:- Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa barada habarlar çap edýän bölümi “Kişlok Ovoziniň” redaktory.

Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.

“Mejlisi” diňlemek üçin aşakdaky düwma basyň.

Türkmenistanyň düşnüksiz, çylşyrymly pursatlary
please wait

No media source currently available

0:00 0:24:00 0:00

XS
SM
MD
LG