Sepleriň elýeterliligi

logo-print

‘Gara bazardaky’ dollar ýene gymmatlady


Dollar söwdegärleri. Arhiw suraty

Dollar söwdegärleri. Arhiw suraty

Türkmenistanda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy geçen hepdeden ýene-de azyndan 10% çemesi ýokarlandy. Bir hepde mundan ozal paýtagt Aşgabatda bir dollar 5,70 manatdan satyn alnyp, 6 manada hem satylan bolsa, häzir ‘gara bazarda’ bir dollara 6,10 manat berilýär, degişlilikde bir dollar-da 6,60 manada satylýar.

Ýeri gelende bellesek, ýurduň welaýatlarynda dollaryň ‘gara bazardaky’, ýagny näresmi nyrhy paýtagtdakydan tapawutlanýar.

Mysal üçin, Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň ‘gara bazarynda’ bir dollar 5,8 manada satyn alynsa-da, dollar asla satylmaýar diýen ýaly. Ýagny, dollary hökümetiň resmi 3,50 manat kursundan has ýokary nyrha satyp bolsa-da, elden dollar satyn alyp bolmaýar.

Ýurduň günbatar welaýaty bolan Balkanyň Türkmenbaşy şäherinde “gara bazarda” dollary 6,40 manada satyn alsa bolýar.

Maryda bolsa ‘gara bazardaky’ dollaryň nyrhy beýleki welaýatlara garanyňda birneme arzan. Ýagny, bir dollary 6 manada satyn alyp bolýar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ildeşlerimiziň aýtmagyna görä, hut şol sebäbe görä-de, ýurduň beýleki künjeklerinde ýaşaýan ildeşlerimiz Mara “ýörite dollar almak üçin” gidýärler.

Gelip gowuşýan habarlara görä, şu gün, ýagny 19-njy iýulda, Daşoguzyň “gara bazarynda” bir dollaryň bahasy 8 manada çykdy. Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan daşoguzly ildeşimiziň sözlerinden çen tutsaň, mundan bir hepde ozal bir dollar 7 manatdan satylan bolsa, häzir onuň bahasy 14% prosent çemesi gymmatlapdyr.

Çäklendirmeler we 'gara bazar'

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanda 2009-njy ýylda geçirilen pul reformasyndan soň, bäş ýylyň dowamynda dollaryň hökümet kursy bilen ‘gara bazardaky’ nyrhynyň arasynda hiç hili tapawut bolmandy. Munuň netijesinde – 2009-njy ýyla çenli ozal giňden ýaýran – “dollaryň gara bazary” diýen söwda öz-özünden ýatyp galypdy.

Emma, 2014-nji ýylda hökümetiň öz alyş-çalyş nokatlarynda dollar söwdasyna her dürli gadagançylyklaryň girizilip başlanmagy bilen, dollar gytçylygynyň fonunda daşary ýurt walýutasyna bolan talap “gara bazaryň” täzeden janlanmagyna getirdi.

Satyn alyp bolýan dollaryň möçberiniň çäklendirilmegi, dollar almakçy bolýanlardan iş ýerlerinden sprawkalaryň talap edilmegi, soňra-da, şu ýylyň başyndan başlap, dollaryň resmi satuwynyň doly ýatyrylmagy netijesinde daşary ýurt walýutasynyň näresmi kursy ýokarlanmak bilen boldy.

Şol bir wagtda türkmen resmileri “gara bazaryň” öňüni almak maksady bilen, geçen ýylyň aýagynda daşary ýurt pullary bikanun satylanda we satyn alnanda, kanunyň öňündäki jogapkärçiligi has berkidip, Türkmenistanyň ”Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky” Kodeksine degişli düzedişleri girizdiler. Munuň netijesinde daşary ýurt puluny bikanun satýana we satyn alýana girizilýän jerime ençeme esse artdyrylyp, şeýle-de obýektiň (puluň – red.) konfiskasiýa edilmegi ýaly täze temmiler girizildi.

Ýurduň içindäki käbir synçylaryň aýtmagyna görä, dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň artmagyna hökümetiň daşary ýurt walýutasynyň söwdasyna girizen soňky çäklendirmeleri sebäp bolana meňzeýär.

Ýeri gelende aýtsak, indi Türkmenistanyň “Senagatçylar we Telekeçiler birleşigine” agza firmalar-da ýurduň banklaryndan türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna çalşyp bilmeýärler.

Galyberse-de, mundan öň Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan ýurduň daşyna we daşary ýurtlardan Türkmenistana pul ugradylmagyna-da her dürli çäklendirmeler girizildi.

Bu täze çäklendirmeler ýa-da “dollaryň gara bazary” barada Türkmenistanyň habar serişdelerinde ýerli ilata hiç hili maglumat ýa-da düşüdiriş berlenok. Emma muňa garamazdan, türkmen mediasynda, ýurduň ykdysadyýetiniň gazanýan gowy netijelerini “tassyklaýan” uly-uly sanlar getirilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG