Sepleriň elýeterliligi

Ýaşulular maslahaty "hakyky maslahat däl"


Ýaşulular maslahaty, Daşoguz, 23-nji oktýabr, 2013

Ýaşulular maslahaty, Daşoguz, 23-nji oktýabr, 2013

Türkmenistanyň prezidenti Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisini Aşgabatda, 14-nji sentýabrda geçirmek baradaky karara gol çekdi.

Türkmen mediasynyň maglumatyna görä,Ýaşulular maslahaty asyrlyk däplerden ugur alnyp, «döwlet ähmiýetli, giň gerimli işlereýaşululary işjeň çekmek», «il-ýurt bähbitli meseleleri pähim-paýhasly ýaşulular bilen maslahatlaşyp çözmek» üçin geçirilýär.

Aslynda, döwlet meselelerini ýaşulular bilen geňeşmek däbi Türkmenistan garaşsyz ýurt bolanyndan soň, parlamentden hem ýokarda goýlan Halk maslahatynyň döredilmegi bilen, S.Nyýazowyň ýurt dolandyran ýyllarynda ýörgünli bolupdy.

Şol döwürde Halk maslahatynyň mejlislerine gatnaşan Nurmuhammet Hanamowyň sözlerine görä, Nyýazow ýaşululary hakykatda olaryň pikirini, tejribesini öwrenmek üçin däl-de, öz ideýalaryny tassyklatmak üçin ulanypdyr.

Şol döwürde Türkmenistanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky ilçisi bolup işlän Hanamow Halk maslahatlaryna aýt diýilýän zady däl-de, hakyky öz pikirini aýtjak ýaşulularyň gatnaşdyrylmaýandygyny aýdýar.

Bu pikiri daşoguzly Dädebaý aga hem tassyklaýar we Azatlyk radiosyna bu maslahata diňe prezidentiň eden işlerini öwjek adamlaryň seçilýändigini aýtdy.

2006-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistanda häkimiýet çalşanyndan soň, Halk maslahatynyň öňki roly ýatyryldy we ol diňe jemgyýetçilik guramasy hökmünde saklanylyp galyndy. Şeýle-de oňa ozal üç müňden gowrak adam gatnaşdyrylan bolsa, indi her welaýatdan 100, Aşgabat şäherinden hem 100 ýaşulynyň agza hökmünde gatnaşdyrylýandygy aýdylýar.

Ýöne maslahata gapdaldan gatnaşdyrylýan ýokary wezipeli emeldarlary, studentleri hem hasaba alsaň, oňa iki müňden gowrak adamyň gatnaşýandygy aýdylýar.

Elbetde, bu çäräniň guramaçylykly geçmegini üpjün etmek, hyzmat işleri üçin hem ýüzlerçe adam çekilýär.

Bosgunlykdaky Respublika partiýasynyň lideriNurmuhammet Hanamowyň pikirine görä, Berdimuhamedow Halk maslahatynyň ozalky roluny peseldip, dogry iş etdi. Emma ol ýaşulularyň adyna berilýän maslahatda bir gezegem garşylykly pikiriň aýdylmandygyny, onuň Berdimuhamedow döwründe hem öňünden taýynlanan adamlaryň maslahaty bolup galandygyny aýdýar.

Daşoguzly Dädebaý aga-da, Awstriýada ýaşaýan oppozisioner Hanamow-da türkmen ýaşulyçylyk däpleriniň saklanmagynyň gerekdigini aýdýar, ýöne olar asyrlyk däpleriň şahsyýet kultunyň peýdasyna ýoýulmagyny goldamaýarlar.

Türkmen metbugatynda Ýaşulular maslahaty barada çap edilen kararda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar üçin sowgatlyk harytlary degişli ministrliklerden we pudak edaralaryndan bellenen möçberlerde kabul edip almagy hem-de sowgatlary taýýarlamagy buýrulýar.

Mundanam başga, Türkmenistanyň awtomobil we demirýol transporty ministrliklerine, «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugyna Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylary Aşgabada getirmek we yzlaryna eltmek buýrulýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG