Sepleriň elýeterliligi

Prezident esgerleriň toý lybaslary bilen tanyşdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirip, harby tehnikalar we türkmen esgerleriniň baýramçylyk-toý lybaslary bilen tanyşdy.

Türkmen telewideniýesi bu mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň sekiz aýyň dowamynda eden işlerine baha berlendigini aýdýar.

Şeýle-de mejlisde ýurduň harby pudagynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada maslahat edilipdir. Ýöne prezidentiň harby tehnikalary we uçarlary gözden geçirişi görkezilse-de, soňky ýyllarda goşunyň nähili täze ýaraglar we harby maşynlar bilen üpjün edilendigi,bu ugurda döwlet harajatlarynyň näderejede artdyrylandygy aýdylmaýar.

Muňa derek, resmi metbugat Polisiýanyň howa merkezi gullugynyň täze edara-binasynda geçirilen mejlisde prezidentiň degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňländigini aýtmak bilen çäklenýär.

Esgerleriň toý lybaslary

Şol bir wagtda telewideniýede berlen wideosýužetler prezidentiň esasan oktýabrda belleniljek Garaşsyzlyk baýramynda türkmen goşunynyň döretjek täsiri, hususan-da olaryň toý lybaslary bilen gyzyklanandygyny görkezýär.

Habarda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramynda geçiriljek «dabaraly harby ýöriş goşunlaryň ähli kysymlarynyň soňky ýyllarda artan kuwwatynyň we taýýarlygynyň görkezijisi bolar».

Türkmen metbugatyndan tapawutlylykda, synçylar we harby ekspertler türkmen goşunynyň serhetden abanyp biljek howplara garşy durup bilmezliginiň mümkindigini aýdýarlar.

Bu ýagdaýa daşary ýurtlarda hereket edýän türkmen oppozisiýasy hem alada bildirýär.

Türkmen goşuny "gowşaklygyna galýar"

Türkmenistanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky ozalky ilçisi, häzir Awstriýada ýaşaýan Nurmuhammet Hanamowyň pikirine görä, türkmen goşunynyň goranyş kuwwaty, garşysyndaky real howp-hatarlara seredeniňde, örän gowşaklygyna galýar.

Ol bu sözüne delil edip, türkmen goşunyndaky harby tehnikanyň umuman könedigini, üstesine, garşydaky jeňçileriň söweş-uruş tejribesiniň uludygyny mysal getirýär.

Türkmenistanyň bosgunlykda döredilen Respublika partiýasynyň lideri türkmen prezidentiniň halky baýramçylyk dabaralary, don-telpek, sowut, galkan ýaly zatlar bilen güýmejek bolmagynyň heňe gelmeýändigini, munuň «ýa halky aldajak bolmakdan, ýa-da özüňi aldamakdan başga zat däldigini» aýdýar.

Soňky ýyllarda goňşy Owganystanda, halkara kömek güýçleriniň söweş missiýasyny jemlemegi bilen baglylykda, düri jeňçi toparlaryň güýçlenendigi we türkmen-owgan serhedinde dartgynly ýagdaýlaryň ýüze çykýandygy, türkmen tarapyndan esgerleriň heläk bolan halatlarynyň bolandygy aýdylýar.

Emma Türkmenistan bu habarlara açyk reaksiýa bildirmeýär. Şol bir wagtda orsýetli harbylar türkmen serhedi, owgan tarapdan abanýan howp diýilýän barada ençeme gezek alada bildirdiler.

Bu ugurda Aşgabat bilen Moskwanyň arasynda käbir gepleşikleriň hem bolandygy habar berildi.

Türkmen telewideniýesi prezident Berdimuhamedowyň Garaşsyzlyk baýramynda asmana atyljak feýerwerkleriň dürli görnüşlerini 8-nji sentýabrda synagdan geçirmäge ygtyýar berendigini hem habar berýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG