Sepleriň elýeterliligi

Prezident waspçylygy 'mukaddes borç' hasaplaýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, täze desgalaryň dabaraly açylyşlaryna, döredijilik işgärlerini sylaglamaga gatnaşdy.

Sylaglananlaryň atlary metbugatda çap edilýär we türkmen telewideniýesi olaryň hormatly atlar, pul we altyn zynjyr sylaglary üçin prezidente alkyş aýdyşyny görkezýär.

TDH-nyň maglumatyna görä, prezident Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrapynda gurlan uly awtoduralgany, Hazaryň kenarynda gurlan bäş ýyldyzly «Gämi» myhmanhanasyny açmaga gatnaşdy we durmuş gurýan ýaşlaryň toý dabaralaryna hormatly myhman bolup, olara bagtly durmuş arzuw etdi.

AFP habar gullugy 13 gatly, 350 otagly, bahasy 100 million dollardan hem geçýän täze oteliň häzirlikçe "Awaza" zolagyndaky iň uly myhmanhana bolandygyny ýazýar.

Bu otel, AFP-niň maglumatyna görä, döwlet eýeçiligindäki kompaniýanyň tabşyrygy esasynda, Türkiýäniň "Ekol" gurluşyk we logistika firmasy tarapyndan gurlupdyr.

Türkmen lideri dabarada sözlän sözünde «Awazanyň» indi ýazyjy-şahyrlaryň, bagşy-sazandalaryň we suratkeşleriň zehinini joşdurýan, olary täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýan ylham mekanyna öwrülýändigini aýtdy.

Şeýle-de ol Aşgabatda bina edilen medeniýet şäherçesinde döredijilik işgärleri üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilendigini belledi.

Ýöne prezident ýurtda soňky ýyllarda gurlan gymmatbaha otelleriň özüni ödeýşi barada sanlary, döredilen ilhalar ýa-da halk tarapyndan ykrar edilen eserleri mysal getirmekden saklandy.

Ýogsam bolmasa, häkimiýet başyna gelen ilki ýyllarynda, Berdimuhamedow halk tarapyndan gözlenip okalýan eserleriň, höwes bilen tomaşa edilýän oýunlaryň ýa kinolaryň ýokdugyny aýdyp, döredijilik işgärleri bilen ençeme duşuşyk geçiripdi.

Şol bir wagtda prezident halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanýandygy barada aýdýan sözlerini «Awazada» ýene bir gezek dile getirdi.

Ol döwlet sylaglaryny we «Altyn asyr» bäsleşiginiň ýeňijileriniň baýraklaryny gowşurmak üçin guralan dabarada sözlän sözünde bu pikirini ösdürip, şeýle diýdi:

«...merdana halkymyzyň asuda, abadan, bol-elin we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, garaşsyz döwletiň mundan beýläk-de öňe gitmegine gönükdirilen giň gerimli we beýik işleri belentden wasp etmek hem-de dünýä ýaýmak medeniýet, sungat we ähli döredijilik işgärleriniň mukaddes borjy bolup durýar.»

Emma muňa garamazdan, döwlet baştutany soňky aýlarda welaýatlarda geçiren göçme mejlislerinde bu diýýän maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişinde düýpli kemçilikleriň bardygyny boýun alyp, onlarça resmini wezipesinden boşadypdy, onlarça resmä bolsa käýinç beripdi.

Mundanam başga, soňky döwürde iş ýerleriniň kemeldilmegi, dollaryň gara bazary we manadyň hümmeti, aýlyklaryň gijikmegi bilen bagly aladalar köp eşidilýär.

Ýurtda döredijilik wekillerine döredilýän şertler barada aýdylanda bolsa, Türkmenistan halkara hukuk toparlarynyň hasabatlarynda söz, metbugat azatlygynyň çäklendirilmeginde, ýaşaýjylaryň alternatiw habarlary almagyna päsgelçilik döredilmeginde yzygiderli tankyt edilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG