Sepleriň elýeterliligi

“Arkadag” ýowuz täzelenişi amala aşyrýar


Prezident G.Berdimuhamedow Daşoguzda, mart, 2014.

Prezident G.Berdimuhamedow Daşoguzda, mart, 2014.

Türkmenistanyň prezidenti geçen aý Daşoguz welaýatyna sapar edende ýerli resmileriň ençemesini wezipesinden boşadypdy.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleriniň beren maglumatyna görä, Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda etrap häkimlerini hem olaryň orunbasarlaryny “ýowuz çärelere” duçar edipdir. Bu barada ilkinji bolup Türkmenistanyň Alternatiw täzelikleri guramasy habar berdi.

Ýakynda welaýatyň Gubadag etrabynyň häkiminiň gurluşyk işleri baradaky orunbasary Dynçlyk Otuzow 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi diýen habar internet sahypalarynda ýaýrady.

Türkmenistan ýapyk jemgyýet bolansoň, wezipesinden boşadylýanlar ýa başga işe geçirilýän häkimleriň soňky ykbaly barada maglumatylary almak kyn. Adatda bolşy ýaly, wezipeden boşadylan ýokary wezipeli emeldarlar milletiň ünsüni çalt özüne çekýär.

Ýokarky waka dogrusynda geçirilen soraglar esasynda käbir zatlar anyklandy.

Gubadag etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary Dynçlyk Otuzowyň işine Aşgabatda Ýokary suduň günä geçiş bölüminde gaýtadan seredilipdir.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 16-njy iýunda geçirilen maslahatynda, Daşoguz welaýatynyň 7 etrap häkimi we olaryň orunbasarlary “işde ýol beren kemçilikleri üçin” diýlip, wezipesinden boşadylypdy. Häzire çenli Daşoguz welaýatyndaky ýene 13 ýokary derejeli emeldara soňky duýduryş berlipdi. Daşoguz şäher häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary R. Paýzyllaýew wezipesinden boşadyldy. Gubadag etrap häkimi T. Geldimedow hem işden boşadyldy.

Gurbansoltan eje etrabynyň häkimi R. Orazdurdyýew, Köneürgenç etrap häkimi K. Öwezow, S. Türkmenbaşy etrabynyň häkimi A. Girliýew we başgalar hem wezipesinden aýrylypdylar. Käbir bank işgärleriniň işi bolsa derňewe düşüpdi. Gubadag etrap polisiýa derňewçisi Gylyçbaý Annadurdyýew 18-nji sentýabrda wezipesinden çetleşdirildi.

Oba hojalyk işleriniň pesligi, sosial ähmiýetli we ykdysady ösüşleri dumuşa aşyrmakda haýallyga ýol bereni we başga kemçilikleri üçin, welaýat häkimi O. Gurbannazarowa käýinç yglan edildi. Akdepe etrap häkimi B. Gylyjow, Boldumsaz etrabynyň häkimi B. Arazow, S. Nyýazow adyndaky etrabyň häkimi B. Handurdyýew we onuň orunbasary H. Annamämmedow dagy hem şeýle duýduryş aldylar.

Üstümizdäki ýylda prezident G. Berdimuhamedow hökümet mejlislerinde Türkmenistanyň beýleki welaýatlarynda hem şeýle çäreleri amala aşyryp, wezipe täzelenişlerini girizdi. Ýylyň başyndan awgust aýyna çenli jemi 60 etrap we şäher häkimi wezipesinden boşadyldy. Şunlukda, 56 sany ýokary derejeli emaldar resmi jogapkärçilige çekildi. Olaryň ençemesiniň garşysyna jenaýat işi açylyp, häzirki wagtda derňew-barlag işleri alnyp barylýar.

Elbetde, wezipesinden boşadylanlar we käýinç alanlar hem munuň bilen arkaýyn bolmadylar. Olar Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli komissiýasynyň hem Baş prokuroryň öňünde hasabat bermäge borçly edildi. Olaryň her birine ýowuz tertipde kanuny jeza berilmegi mümkin. Häzirki wagtda birnäçe etrap häkimi öý tussaglygynda saklanýar. Olardan biri Lebap welaýatynyň Birata etrabynyň öňki häkimi Atadurdy bolmaly. Daşoguz welaýatynda hem şeýle çäreleri başdan geçirýän bar.

Munuň agyr tarapy şunda, adamlar öz düşen agyr ýagdaýlary barasynda döwlet organlaryna, aklawçylara şol işler boýunça karar kabul edenlerden öz närazylyklaryny aýdyp bilseýärler. Jenaýat jogapkärçiligine, agyr jezalara çekilmegine kanuny jogap tapmaýarlar.

Ynsan haklary Türkmenistanyň esasy meselelerinden biri bolup galýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG