Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedowyň çykyşyndan soň çilim satuwdan aýryldy


Çilimiň gutusynda saglyga zyýan barada türkmen dilinde duýduryş berilýär.

Çilimiň gutusynda saglyga zyýan barada türkmen dilinde duýduryş berilýär.

Türkmenistanyň prezidenti çilimiň söwdasyndaky galplyklara garşy göreşmegi talap etdi.

"Gynansak-da, çilim, neşe serişdelerini peýdalanýanlar we olaryň söwdasy bilen meşgullanýan hem-de ýaýradýan betnebisler hem tapylýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şeýle pişä ýüz urýanlar diňe bir özlerine däl, eýsem, ýurdumyzda berkarar bolýan sagdyn jemgyýetimiziň abraýyna hem şek ýetirýärler. Şoňa görä-de, şeýle haramzadalara hem-de näletkerdelere biziň aramyzda orun bolmaly däldir diýip, milli Liderimiz aýtdy" diýip TDH agentliginiň maglumatynda habar berildi.

G.Berdimuhamedowyň 2-nji noýabrda Türkmenistanyň milli howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda eden bu çykyşy Türkmenistanda çilim satmaga ygtyýar berlen döwlet dükanlarynda, çilimiň alyjylara açyk söwdada diňe ujypsyz möçberde satylyp, peýda görüjilik bilen has gymmat bahadan bikanun söwdasynyň alnyp barylýandygy barada maglumatlaryň peýda bolmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleri döwlet dükanlarynda 19 manatdan satylan, emma sanlyja sagadyň dowamynda açyk satuwda gutarýan çilimleriň soň hususy eýeçilikdäki dükanlarda iki esse gymmat bahadan, gizlin satylandygyny gürrüň berdiler.

Prezidentiň çarşenbe günki çykyşyndan soň döwlet dükanlaryndaky çilim söwdasy doly togtady.

“Men şu gün çilim satýan ýedi dükana aýlanyp gördüm, olaryň ýekesinde-de çilim ýok” diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy, synçy Amanmyrat Bugaýew 3-nji noýabrda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Soňky günlerde Türkmenistanda açyk çilim söwdasy birnäçe aýlyk arakesmeden soň gaýtadan satuwa çykarylyp başlanypdy. Çilimi satmaga resmi rugsady bolan döwlet eýeçiligindäki dükanlaryň öňünde ýüzlerçe adamlyk nobatlar emele geldi, käbir dawaly ýagdaýlar, basa-baslyk döredi.

Ýurtda çilim söwdasy döwletiň monopoliýasynda saklanýar.

Türkmenistanyň prezidenti 2-nji noýabrda milli howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda eden çykyşynda, Türkmenistanda ilatyň saglygyny berkitmek ugrunda giň göwrümli işleriň alnyp barylýandygyny, ýagny ilatyň arasynda sagdyn durmuşyň giň derejede wagyz edilýändigini aýtdy.

Türkmenistan çilimkeşlige garşy göreşi döwlet derejesinde yglan eden ýurt. Türkmen hökümeti 2020-nji ýyla çenli ýurdy çilimden doly azat etmek maksadyny hem yglan edipdi.

Emma ýurtda çilimkeşlige garşy göreş esasan gadagançylyk çäreleri bilen çäklenilýär.

2014-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje giren administratiw düzgün bozmalar hakyndaky kodeksiň 79-njy maddasyna laýyklykda çilimi, kalýany we beýleki temmäki önümlerini döwlet edaralarynda, kärhanalarda, harby bölümlerde, bilim edaralarynda, teatrlarda, kinoteatrda, jemgyýetçilik transporty, parklary ýaly köpçülikleýin ýerlerinde ulanyjylara 100 manat möçberde jerime göz önünde tutulýar. Şeýle-de, çilim çilimkeşiň elinden alynar.

Ilat köpçüligine elýeterli medisina-düşündiriş işleri ýetmezçilik edýär.

“Şu günki gün käbir keselhanalarda çilimkeşlere maslahat otaglary bar. Aşgabat şäherinde ondan gowrak poliklinikadan 3-4-sinde bar. Emma ol ýerde belli bir adam oturmaýar, barýanam ýok. Sebäbi baraňda “sen döwlet syýasatyna wepaly bol, çilim çekmäňi goý diýiljek” diýip, Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Türkmenistanda çilimkeşligiň zyýany barada käwagt resmi konferensiýalar geçirilýär, merkezi gazetleriniň käbirinde aýda 2-3 gezek çilimkeşligiň zyýany barada makalalar çap bolýar.

Şol bir wagtda-da çilimden saplanmaga ýardam berýän dermanlar, plastyrlar we beýleki nikotinli serişdeler dermanhanalarda satylmaýar.

Çilimkeşlik meselesi boýunça iş alyp barýan bilermenler çilimkeşlere zyýanly endikden el çekmäge kömek bermek boýunça medisina we düşündiriş işleriniň zerurlygyna ünsi çekýärler.

“Çilimkeşiň temmäkä garaşlylyk, ýagny öwrendikli bolmak derejesi ýeňil we ortaça bolan ýagdaýynda, olar çilimi özbaşdak taşlap bilýärler. Olara diňe esas gerek. Muny hem [çilimkeşi çilimiň zyýanyndan] habarly etmek, [çilimi taşlamaga] goldaw bermek arkaly berjaý edip bolýar. Çilimkeşligiň agyr derejesinde medisina işgärleriniň kömegi zerur bolýar. Munuň dürli usullary bar. Dürli däri-dermanlar bar, Iňňe sanjymlary bilen bejermek usuly, psihoterapiýa usuly ulanylýar” diýip, Gyrgyzystanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň Çilimkeşlige garşy göreş boýunça milli koordinasiýa merkeziniň ýolbaşçysy Çinara Bekbasarowa aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda eden çykyşynda, ýurtda çilimkeşleriň sanynyň birnäçe esse azalandygyny aýtdy, emma takyk sanlary bermedi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG