Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda sarygetirme ýaýraýar


Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynda grantdan akýan suw

Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynda grantdan akýan suw

Şu günler Türkmenistanda gepatitiň dürli görnüşleriniň, şol sanda sarygetirme keseliniň ýaýramagynyň ýene güýçlenendigini käbir garaşsyz çeşmeler habar berýärler.

Häzikri wagtda Daşoguz welaýatynyň mekdeplerinde her bir synpda 5-7 çaganyň, her çagalar bagynda 10-12 çaganyň sarygetirme keseli bilen keselländigi habar berilýär.

“Meselem, Görogly etrabynyň 44-nji orta mekdebinde 54 okuwçy häzir keselhanada bejergi alýar, 53-nji mekdepde kesellänleriň sany has köp, ýagny 71 adam. Bu diňe keseli anyklanan çagalar”, diýlip “Türkmenistanyň Hronikasy” atly neşir habar berýär.

Daşoguzyň 5-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Tylla çagalar bagyna gatnaýan 80 çemesi çagadan 11-12-sinde sarygetirme keseliniň lukmanlar tarapyndan tassyklanandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi: “Biz çagalaryň keseldigini bilmändiris. Ilkibaşda käbirlerde ýürek bulanma, gözleriniň saralmagy ýaly alamatlar dörände kör içege diýip çak etdiler. Iki çaga operasiýa hem edildi. Emma soň ýalňyşlyga göz ýetirip, ähli çagalary ýygnap barlagdan geçirdiler we şol 11 çagada sarygetirmäniň bardygyny anykladylar”.

Medisina kömegi

Daşoguz welaýatynyň keselhanalarynyň näsaglardan hyryn-dykyndygy barada habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy keselhanalarda dürli keseller bilen kesellänleriň köplügi bilen bilelikde para-peşgeşiň hem ilatyň medisina kömeginden peýdalanmak mümkinçiligini çäklendirýändigini gürrüň berdi: “Bir sanjymy etdirmek üçin bir hepdeläp gatnamaly bolýar. Lukmanlar pul bermejegiňi bilseler şeýdip kösäp bilýärler”.

Daşoguzda sarygetirme keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ýörite sanjymlary etdirmegiň zerurlygy barada çagalar baglaryna ýerli resmiler tarapyndan käbir duýduryşlar edilýän hem bolsa, guramalaşdyrylan çäreleriň göz öňünde tutulmaýandygyny ýerli ýaşaýjylar habar berýärler.

“Bize şu gün çagalary getiriň, sanjym etjek diýenlerinde-de keselhanalarda çagalar baglarynyň çagalary adaty raýatlar bilen bilelikde umumy nobatlarda durmaly bolýarlar. Haçan barsaň nobatlar uly”, diýip çagalar bagynyň terbiýesiçi Tylla gürrüň berdi.

Daşoguzda sarygetirme keseli, onuň öňüni almak boýunça ilkinji çäreler barada ilaty habarly etmek ugrunda resmi işleriň berjaý edilmeýändigini ýerli ýaşaýjylar aýdýalarlar.

Sarygetirme keseliniň epidemiýasy we umuman Türkmenistanda ýokanç kesellere degişli ýagdaý barada ýurduň Saglygy saklaýyş ministrliginiň resmi websaýtynda, türkmen mediasynda hiç hili maglumat berilmeýär.

Keselçiligiň sebäpleri

Lukmanlar sarygetirmäniň tutuş Merkezi Aziýa regionynda köp duş gelýän agyr ýokanç keselleriň biridigini belleýärler we onuň döremegine, ýaýramagyna ilkinji nobatda agyz suwunyň hapaçylygynyň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanly lukman, medisina ylymlarynyň kandidaty Ýelena Serbrýannik Türkmenistanda sarygetirme keselini döredýän bakteriýalaryň ilatyň uly böleginde bardygyny we onuň bildirer-bildirmez ýagdaýda geçmeginiň keselçiligiň ýaýramak howpuny güýçlendirýändigini belledi.

“Türkmenistanda agyz suwy örän ýaramaz, hapa. Döwlet agyz suwunyň arassalygyna ýeterlik üns bermän gelýär. Keseli anyklamak, barlaglary geçirmek, öňüni alyş çäreleri geçirmek boýunça resmi işler berjaý edilmeýär. Gepatitiň agyr görnüşine duçar bolan adamlaryň ýurtda bejergi tapman, başga ýurtlara gitmäge mejbur bolýan halatlary-da az däl”, diýip Ýelena Serebrýannik aýdýar.

“Iň aýylganç ýeri göwreli zenanlar gepatit sebäpli gan ýitirip ýogalýarlar”, diýip lukman belledi.

Türkmenistanyň sanepidemstansiýa edalarynyň birinde suwuň arassalygyny barlamak boýunça iş alyp barýan işgäriň adynyň agzalmazlyk şerti bilen gürrüň bermegine görä, ýurtda agyz suwunyň barlaglary onuň örän hapadygyny görkezýär. Emma hakyky netijeler ýokardan edilen görkezmä görä, resmi hasaba goşulmaýar.

Agyr ýokanç keseli sarygetirme iýmit we suw arkaly geçýär. Her ýyl dünýäde on milliona golaý adamyň sarygetirmä ýolugýandygy aýdylýar. Ösýan we resmi derejede arassaçylyga zerur gözegçilik edilmeýän ýurtlarda keselçiligiň has giň ýaýraýandygy bellenýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG