Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan gynamalar barada gapma-garşy maglumat berdi


Türkmenbaşy şäheriniň türmesi

Türkmenbaşy şäheriniň türmesi

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Gynamalara we rehimsizlige, adamkärçilige ters gelýän ýa-da adam mertebesini kemsidýän beýleki gatnaşyklara hem jezalara garşy halkara konwensiýasynyň talaplarynyň berjaý edilişi boýunça 59-njy maslahatynda, Türkmenistanyň resmi toparynyň çykyşy sorag döretdi diýip, maslahata gatnaşanlar Azatlyk Radiosyna habar berdiler.

Türkmen delegasiýasynyň çykyşy esasan ýurtda kabul edilýän kanunlaryň, şol sanda täze Konstitusiýanyň mazmunyna bagyşlandy.

Sorag köp boldy

Adam hukuklaryny goraýjy “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin Azatlyk Radiosyna Ženewadan şeýle gürrüň berdi: “Türkmen delegasiýasynyň ýolbaşçysy çykyş edensoň, komitetiň agzalary örän köp sorag berdiler. Soraglar bir sagada çekdi. Türkmen resmileriniň ozalky ýyllarda gozgalan takyk meseleleri agzamandygy, özlerine berlen sowallara jogap bermändigi bellendi. Olar Türkmenistanyň türmelerinde ölüm derejesine degişli sanlary, tussaglykda dereksiz ýitenleriň ykbaly barada takyk maglumat berilmegini talap etdiler”.

Tuhbatullin çykyş eden türkmen resmileriniň orta atylan sowallara jogap bermändigini aýtdy.

Türkmenistanyň BMG-niň resmi websaýtynda çap bolan resmi hasabatynda-da agzalan meselelere degişli maglumat ýok.

Türkmenistanyň resmi toparynyň 21-22-nji noýabrda Ženewada beren hasabaty 2011-nji we 2015-nji ýyllar aralygyndaky döwri öz içine alýar. Türkmenistanyň Adalat ministriniň orunbasary Meret Taganowyň baştutanlygyndaky sekiz adamdan ybarat resmi toparynyň düzümine baş suduň (kazyýetiň), prokuraturanyň, daşary işler ministrliginiň we parlamentiň agzalary girýärler.

Saparmämmet Nepesgulyýew

BMG-niň Gynamalara garşy komitetiniň maslahatynda türkmen resmilerine berlen we jogapsyz galan esasy meseleleriň ýene biri Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň ykbaly bilen bagly boldy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew 2015-nji ýylyň tomsunda ýapyk sud arkaly tussaglyga höküm edilensoň, onuň ykbaly köpçülige nämälim galýar.

Türkmenistan öz türmelerinde gynamalar bilen bagly ýagdaýlaryň ýüze çykýandygyny resmi derejede boýun almaýar. Emma ýurduň resmi hasabatynda ýurduň kanunlaryna gynama düşünjesiniň we onuň üçin jezanyň girizilendigini habar berdi.

Resmi gapma-garşylyk

Farid Tuhbatullin BMG-niň Gynamalara garşy komitetiniň agalarynyň türkmen resmileriniň öz hasabatynda, şu meselä degişli gapma-garşylykly maglumat berilmegine aýratyn ünsi çekendigini belledi: “Hasabatda ýurduň Jenaýat kodeksine gynamalar baradaky düşünjäniň we munuň üçin jezanyň girizilendigi, emma şu wagta çenli hiç hili şikaýatyň bolmandygy aýdyldy, emma şol bir hasabatyň ýene bir ýerinde 14 sany şikaýatyň bolandygy, emma olaryň tassyklanmandygy habar berildi. Komitetiň agzalary muňa nähili düşünmeli diýip soradylar”.

Türkmenistan Gynamalara garşy konwensiýa laýyklykda, birinji gezek 2010-njy ýylyň ýanwar aýynda taýýarlan resmi hasabaty bilen 2011-nji ýylyň maý aýynda çykyş edipdi.

Türkmen resmileri BMG-niň gynamalar boýunça ýörite hasabatçylarynyň ýurda barmagyna rugsat bermän gelýär. BMG ýaly iri halkara guramalarynyň öz hasabatçylaryny ýurda ibermek boýunça şu çaka çenli eden tagallalary başa barmady we halkara synçylary türkmen türmelerine baryp görmedi.

Alternatiw maglumat

BMG-niň Gynamalara we rehimsizlige, adamkärçilige ters gelýän ýa-da adam mertebesini kemsidýän beýleki gatnaşyklara hem jezalara garşy halkara konwensiýasynyň berjaý edilişi boýunça 7-nji noýabrda başlanan maslahaty bir aýlap dowam edýär.

BMG-niň Gynamalara garşy komitetiniň agzalary ýurduň resmi hasabatlary bilen bir wagtda, graždan jemgyýetiniň garaşsyz hasabatlary bilen hem tanyşýarlar.

Şu gezek Türkmenistan barada alternatiw hasabaty “Adam hukuklary boýunça Halkara partnýorlygy” we Adam hukuklary boýunça “Türkmen Inisiatiwasy guramasy” bilelikde taýýarladylar.

BMG-niň Gynamalara garşy komitetine (CAT) agza döwletleriniň berýän hasabatlaryny 10 garaşsyz ekspertden ybarat topar diňleýär. Bu komitetiň agzalary 1984-nji ýylda kabul edilen Gynamalara garşy halkara konwensiýasynyň düzgünlerine laýyklykda, agza döwletlerinden, dört ýyllyk möhlet bilen saýlanýarlar.

Türkmenistan Gynamalara garşy konwensiýa 1999-njy ýylyň aprel aýynda goşulypdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG