Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri Azatlyk Radiosyny diňlemezligi tabşyrdylar


Ýaşaýyş jaýdan aýrylan sputnik antenna, Türkmenistan.
Ýaşaýyş jaýdan aýrylan sputnik antenna, Türkmenistan.

Türkmenistanda Azatlyk Radiosynyň gepleşiklerini diňlemezligi tabşyrmak üçin, ýörite duşuşyklar geçirilýär.

Şeýle duşuşyklaryň, hususan-da, Daşoguz welaýatynda 7-nji dekabrda agşam oba ýerlerindäki mekdeplerde geçirilendigini Türkmenistanyň döwlet edaralaryndaky çeşmelerimiz habar berdi.

Diňlemezlik barada tabşyryk

Duşuşyklaryň dowamynda Azatlyk Radiosynyň gepleşiklerini internetden we sputnik antennalaryndan diňlemezlik barada tabşyryk berlipdir. Şeýle-de, ýygnaga baran adamlaryň ellerinden mobil telefonlary ýygnalyp alnypdyr.

Ýene bir maglumata görä, howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri çanak antennalary Hotbird sputnigine tarap bakdyrylyp oturdylan hojalyklara aýlanyp, olaryň eýelerinden düşündiriş alypdyrlar.

Bu ýagdaý Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň tussag edilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň Mekan Täşliýew lakamy bilen çykyş eden habarçysy Hudaýberdi Allaşow 3-nji dekabrda Köneürgenç şäherinde howpsuzlyk gulluklary tarapyndan öz öýünden äkidildi.

Şaýatlar onuň polisiýada aýylganç urlup-ýenjilendigini we gynamalara sezewar edilendigini habar berdiler.

Allaşow bilen bilelikde onuň ejesi Arazmädowa Gurbantäç hem tussag edildi.

Polisiýa žurnalistiň aýalyny urup-ýençdi. Ejeşiň 6-njy dekabrda tutuş günüň dowamynda polisiýada saklanylyp, adamsynyň tussaglygy baradaky maglumaty ýaýratmakda günälenip, ýenjilendigini Azatlyk Radiosynyň Köneürgençdäki howpsuzlyk gulluklaryndaky çeşmesi tassyklady.

Azatlyk Radiosyna gowşan maglumata görä, türkmen resmileri 27 ýaşly Allaşowy 11 kilogram nasy saklamakda günäleýär.

Azatlyk Radiosy yzarlanýar

Azatlyk Radiosy Hudaýberdi Allaşowyň tussag edilmeginiň hakyky sebäbini onuň žurnalistika işi bilen baglanyşdyrýar.

"Biz bu aýyplamalar Türkmen gullugyny sem etmek we türkmen halkyny gorkuzmak boýunça kampaniýanyň bir bölegi diýip hasap edýäris. Biziň habarçylarymyzy tutupdylar, üzňelikde saklapdylar, urupdylar, sorag edipdiler, eden-etdilikli tussag edipdiler we bizde olaryň gynamalara sezewar edilendigini çak etmäge esas bar. Biz türkmen häkimiýetlerini muňa jogapkär hasap edýäris" diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Tomas Kent aýtdy.

Soňky döwürde Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylaryna basyşlar has-da güýçlendi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa bir aýyň dowamynda üç gezek hüjüme sezewar edildi.

Azatlyk Radiosynda çykyş eden adaty raýatlar hem yzarlandy. Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Azatlyk daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Dünýägözel Jumagulyýewa Azatlyk Radiosyna interwýu berenden soň, türkmen häkimiýetleri tarapyndan 15 gije-gündizläp tussaglykda saklandy.

2015-nji ýylda tussag edilen Azatlyk Radiosynyň Balkanabatdaky habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň ykbaly bir ýyldan gowrak wagt bäri nämälim galýar.

BMG-nyň gynamalara garşy komiteti 8-nji dekabrda ýaýradan hasabatynda Türkmenistany gynamalardan el çekmäge çagyrdy.

Mundan öňinçä, ÝHHG türkmen häkimiýetlerini Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Hudaýberdi Allaşowy dessine azatlyga goýbermäge we onuň howpsuzlygyna kepil geçmäge çagyrdy.

Soňky günlerde adam hukuklaryny goraýjy we žurnalistleri goraýan iri halkara guramalarynyň ençemesi Türkmenistanda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň tussag edilmegini ýazgaryp çykyş etdi we türkmen hökümetinden onuň dessine boşadylmagyny we ýurtda Azatlyk Radiosynyň beýleki habarçylaryna edilýän basyşlary bes etmegi talap etdi.

"Amnesty International" guramasy Türkmenistanyň hökümetinden Hudaýberdi Allaşowa garşy gozgalan işi ýatyrmagy we onuň gynamalara sezewar edilmegini derňemegi talap edip, žurnalisti goldamak boýunça köpçülikleýin ýörite aksiýany gurady.

XS
SM
MD
LG