Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentlik saýlawlary Aşgabatda çilim söwdasyna täsir etdi


Çilim satýan resmi dükanyň öňündäki nobat, Aşgabat
Çilim satýan resmi dükanyň öňündäki nobat, Aşgabat

Türkmenistanda prezidenlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda çilimiň resmi söwdasy ýatyryldy.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň aýtmagyna görä, 11-nji fewralda irden paýtagtda döwlet dükanlaryndaky çilim söwdasy ýatyrylypdyr we çilim satyn almak üçin adatdakysy ýaky nobata düzülýän adamlar polisiýa tarapyndan dargadylypdyr.

"Nobata duranlary ir bilen kowýarlar, soňam günüň dowamynda ýygnanmaga rugsat bermeýärler" diýip, aşgabatly çeşmelerimiziň biri gürrüň berdi. Howpsuzlyk sebäpli ady görkezilmeýän söhbetdeşimiziň sözlerine görä, paýtagtlylar ýerli resmileriň çilim nobatlaryna garşy bu çäräniň saýlaw döwründe ýurda gelen daşary ýurtlularyň, şol sanda saýlawlara gözegçilik edýän resmileriň görmezligi üçin amala aşyrýan bolmagyny çak edýärler.

"Çilimkeşler indi prezidentiň kasam etmegine we resmi dabaralaryň sowulmagyna garaşýarlar" diýip, çeşmämiz habar berdi.

Türkmenistanda çilimiň resmi söwdasy geçen ýylyň dowamynda ençeme gezek doly ýatyrylypdy. Her gezek çilim gaýtadan satuwa çykarylanda, ýüzlerçe adamlyk nobatlar emele gelip, raýatlaryň çilim satyn almak mümkinçiliklerine degişli dürli resmi çäklendirmeler girizilipdi.

Şol bir wagtda-da, hususy dükanlarda çilimiň söwdasy has gymmat bahadan yzygiderli dowam etdirildi. Edil şu günki gün hem çilimiň döwletiň eýeçiligindäki dükanlarda satylmaýandygyna garamazdan, Aşgabadyň hususy söwda nokatlarynda çilimiň 40 manatdan, ýagny "döwlet bahasyndan" iki esse gymmat nyrhdan satylýandygy habar berilýär.

Türkmenistanda çilim söwdasy resmi taýdan döwletiň garamagynda diýlip hasaplanylýar.

2016-njy ýylda çilimiň importy Söwda ministrliginiň garamagyna berildi.

​Emma käbir garaşsyz çeşmeler ministrligiň temmäkini ýurda getirmek işini amala aşyrman, çilimi daşardan getirýän şirketler bilen işleşýändigini belleýärler.

Ýerli synçylar daşary ýurtlardan çilimi getirmek işiniň kim tarapyndan amala aşyrylýandygyny, hatda getirilip satylýan çilimiň öndürilen ýurdunyň köpçülik üçin nämälim galýandygyny aýdýarlar. Çilim gutusynyň ýüzündäki ýazgylar çilimi kimiň we nirede öndürendigi hakynda habar bermeýär.

Türkmenistanda satylýan çilimiň gutusyndaky ýazgy
Türkmenistanda satylýan çilimiň gutusyndaky ýazgy

Türkmenistanda çilim satmak üçin resmi rugsat, lisenziýa döwlete degişli "Türkmenbakaleýa" edarasynyň özüne we bölümlerine berilýär.

Aşgabatda bu döwlet edarasyna degişli dükanlaryň 30 çemesi resmi taýdan çilim söwdasyny amala aşyrýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň maglumatyna görä adatça "Türkmenbakaleýa" edarasynyň wekili, polisiýa işgäri we raýat geýimli adamlar dükanyň içinde we daşynda nobatçylyk edýärler, şeýle-de töwerek-daşa aýlanyp, hiç kimiň surat almazlygyna gözegçilik edýärler.

Geçen ýylyň aýagynda Aşgabatda we Daşoguzda çilim nobatlarynda dawa-jenjeliň, ýakalaşyklaryň dörändigi habar berlipdi.

2011-nji ýylda Bütindünýä saglyk guramasynyň “Temmäkä garşy göreş" boýunça konwensiýasyna goşulan Türkmenistanda çilimkeşlige garşy göreş prezident Berdimuhamedowyň garamagynda amala aşyrylýar.

XS
SM
MD
LG