Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen Visa bank kartlaryndan pul nagtlaşdyrylanda üç netijesiz synanyşykdan soň kartlar 'petiklenip başlandy'


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmen banklaryndan berlen Visa bank kartlaryndan daşary ýurtlarda pul nagtlaşdyrmaga synanyşýan raýatlar bir aýyň dowamynda degişli limit nagtlaşdyrylandan soň yzly-yzyna edilýän soňky üç synanyşykda kartlaryň petiklenýändigini habar berýärler.

Bu barada Azatlyk Radiosyna 10-njy we 11-nji mart günleri Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki çeşmelerinden maglumat gelip gowuşdy.

Azatlyk 10-njy martda türkmen banklaryndan alnan içi pully Visa kartlaryň 5-nji martdan bäri işlemegi bes edendigi barada habar berdi. Redaksiýa kartlaryň daşary ýurtlarda işlemegi bes etmegi bilen bagly hadysanyň köpçülikleýin häsiýete eýedigini ýa-da däldigini häzirlikçe anyklap bilmeýär.

Şol günüň agşamynda Visa kartlary bilen bagly Azatlyga ikinji maglumat gelip gowuşdy.

Şol bir çeşmäniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Bankynda türkmen banklaryndan berlen Visa kartlaryndan bir aýyň dowamynda 105-130 dollar aralygynda bellenen limit nagtlaşdyrylandan soň edilen üçünji synanyşykda kartlaryň petiklenýändigi aýdylýar.

“Dostum ‘Wneşekonombanka’ (Türkmenistan Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky – red.) baryp, anyklady. Bank işgäri kartlaryň petiklenýändigini aýtdy” diýip, çeşmämiz bank resmisiniň bu ýagdaýy tassyklandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosy degişli bankdan täze düzgün barada kommentariýa alyp bilmeýär.

Gürrüňdeşimiz öz ýany bilen Türkmenistandan pul nagtlaşdyrmak üçin, biri ejesine degişli, beýlekisi gaýyn enesine degişli, içi pully üç Visa kartyndan 5-nji martdan bäri pul nagtlaşdyryp bilmeýändigini, kartlarynyň ýapylandygyny aýtdy.

Ol özi ýaly ýene-de bir türkmenistanly aýalyň kartyň ýapylmagyndan şikaýat edýändigini mälim etdi.

Çarşenbe güni iberen täze maglumatynda çeşmämiz Türkiýede bilim alýan türkmenistanly bir studentiň hem türkmen Visa bank kartynyň ýapylandygyny aýdandygyny habar berdi.

Ýöne Azatlyk bu maglumatyň köpçülikleýin häsiýetdedigini ýa-da däldigini häzirlikçe anyklap bilmeýär.

Halkara hukuk guramalarynyň ýyllyk hasabatlarynda nygtalşy ýaly, Türkmenistanda häkimiýetler maglumata berk gözegçilik edýär.

Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky täze düzgün barada resmi beýanat ýaýratmady.

Türkmenistanda hereket edýän walýutanyň gara bazarynda dollaryň nyrhy onuň döwlet tarapyndan 3.5 manat möçberinde kesgitlenen resmi nyrhyndan 5.5 esse gymmatdyr.

Soňky üç ýyla golaý wagt bäri ýurt raýatlary Türkmenistandaky bank kartlaryndan ýerli pul birliginde goýan goýumlaryny daşary ýurtlarda walýuta çalyşmaga ýykgyn edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG