Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Güýç edaralary Lebapda ‘özleriniň hemaýatyndaky’ puluň gara bazaryna garşy ‘göreşýär’


Illýustrasiýa suraty.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde hem-de Kerki we Hojambaz etraplarynda häkimiýetler gara bazardaky walýuta söwdasyna garşy göreşe girişdi. Ýöne ýerli ýaşaýjylar walýutanyň gara bazaryna IIM-niň we MHM-niň düzümine girýän edaralaryň hemaýat edýändigini aýdýarlar. Lebapda häkimiýetleriň walýutanyň resmi däl söwdasyna garşy girişen täze göreşinde esasan ‘dollarçylar’ däl-de, pul çalyşýan raýatlar kösenýär. Bu barada Azatlygyň habarçysy 24-nji dekabrda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, golaýda Türkmenabat şäheriniň hem-de Kerki we Hojambaz etraplarynyň bazarlarynda häkimiýetler walýutanyň bikanun söwdasy bilen meşgullanýan raýatlara garşy çäre görüp başlady. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan lebaplylar walýutanyň gara bazarynda söwdanyň MHM-niň we polisiýa edaralarynyň hemaýatynda amal edilýändigini aýdýarlar.

“Gara bazarda daşary ýurt puluny satmak ýa-da almak isleýän ençeme ýönekeý raýat walýuta söwdasynyň polisiýanyň hem-de MHM-niň edaralarynyň goldamagy bilen işleýändiginiň özlerine äşgär bolýandygyny aýdýar” diýip, habarçy lebaply gürrüňdeşleriniň sözlerine salgylanýar.

Bu ýagdaýyň özlerine äşgär bolandygyny aýdýan raýatlar öz sözlerini şeýle delillendirýär:

“Pul söwdasyny edýän dollarçylara däl-de zerurlykdan pul çalyşýan raýatlara jerime töledilýär we olaryň jenaýat üstünde ele salnan emläkleri döwlet haýryna geçirilýär” diýip, lebaply bir ýaşaýjy Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Bu maglumat boýunça Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginden ýa-da Içeri işler ministrliginden kommentariýa alyp bilmeýär.

Türkmenistanyň Administratiw Hukuk Bozulmalary Hakynda Kodeksine laýyklykda Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt puluny bikanun satýan ýa-da satyn alýan adam kanun goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan ele salynsa, onuň çalyşýan puly muzdsuz döwletiň haýryna geçirilýär hem-de oňa 1500 – 2500 manat aralygynda jerime töledilýär. Bu etmiş 1 ýylyň dowamynda gaýtalanan halatynda jerimäniň möçberi 2500 – 5000 manada çenli göterilýär.

Türkmenistanda soňky üç ýyldan gowrak bäri hereket edýän walýutanyň gara bazarynda daşary ýurt walýutasynyň bahasy resmi kurs bilen deňeşdireniňde 5 esse töweregi gymmatdyr. Türkmenistanyň Merkezi banky 1 dollaryň manada bolan gatnaşygyny 3,5 manatlygynda saklaýar. Ýöne ýurtda hereket edýän walýutanyň gara bazarynda 1 dollaryň alyş-çalyş bahasy 18 manatdan aşdy.

Türkmenistanda puly kadalaşdyryjy edaralar Ministrler Kabineti hem-de Türkmenistanyň Merkezi bankydyr.

Türkmenistanda häkimiýetleri ýurtdaky walýutanyň hereketini berk çäklendirýän wagty, käbir türkmenistanlylar walýuta gaçakçylygy bilen bagly halkara jenaýatlara baş goşýar.

Hindistanyň metbugaty 24-nji dekabrda Deliniň Indira Gandi adyndaky Halkara aeroportunda 9 türkmenistanly aýalyň ýurduň daşyna 500 müň dollardan gowrak daşary ýurt walýutasyny bikanun çykarmaga synanyşanda ele salnandygyny habar berdi.

Halkara maliýe edaralarynyň Türkmenistana sapar edýän hünärmenleri türkmen hökümetini walýuta gözegçiligi gowşatmaga çagyryş edip gelýär.

Halkara walýuta fondunyň Türkmenistana sapar eden Iş topary noýabrda çap eden beýanatynda türkmen hökümetine manadyň konwertasiýa mümkinçiliklerini ösdürmegi maslahat berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG