Sepleriň elýeterliligi

Daşoguzda pensiýalar, kömek pullary wagtynda berilmeýär


Illýustrasiýa. Nobata duran adamlar.

Illýustrasiýa. Nobata duran adamlar.

Türkmenistanyň bazarlarynda azyk harytlaryň bahalarynyň gymmatlygynyň fonunda, Azatlyk Radiosy bilen habarlaşýan käbir türkmenistanlylar pensiýalaryň we kömek pullarynyň wagtynda berilmezliginden şikaýat edýärler.

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň ýaşaýjysy bäş çagaly Maksat Annaýew (Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli familiýasy üýtgedildi) oktýabr aýynyň kömek puluny almak üçin, eýýäm noýabr aýynyň başyndan bäri döwlet edarasyna gatnaýandygyny, emma her gezeginde eli boş öýüne gaýtmaly bolýandygyny aýdýar.

“Kömek puly ýok. Men şu gün daň bilen gitdim. Şu indi üçünji gezek barşym. Gije gitmeýän diýip, daňdan altyda baryp nobata ýazyldym. Her potokda [tapgyrda] 20 adam bar. Kömek puluny almak üçin nobata duran adamlar örän köp” diýip, 70 ýaşyna golaýlan Maksat aga gürrüň berdi.

“Adamlar basa-bas”

Ýaşulynyň pikirine görä, adamlara pensiýalaryň we kömek pullarynyň wagtynda berilmän, döwlet edaralarynyň öňünde uly nobatlaryň emele gelmegi, ýurduň ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigi bilen bagly.

“Adamlar basa-bas, şu ýeter-ýetmezçiligiň alamaty. Sebäbi sowet döwründe garry enemiň pensiýasy ýa-da kömek puly poçtanyň üsti bilen öýümize getirilip paýlanýardy. Gazet bilen kömek puluny hem getirýärdiler” diýip, Maksat aga aýdýar.

Ýeri gelende aýtsak, indi ençeme aý bäri Türkmenistanyň dürli welaýatdyr şäherlerinde döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň aýlyklarynyň, kömek pullaryň, pensiýalaryň we studentleriň stipendiýalarynyň wagtynda berilmeýändigi barada, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna maglumatlar gelip gowuşýar.

“Meýletin salgyt”

Bu gijä goýmalaryň bolsa, ýurtda azyk harytlarynyň bahalarynyň gymmatlan döwründe, eklenji diňe aýlyga, pensiýa ýa-da kömek puluna bagly bolan maşgalalara ýaramaz täsir ýetirýändigi aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna döwlet işgärleriniň zähmet haklaryndan, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçjek Aziýa oýunlarynyň çykdajylary üçin "meýletin" görnüşde bir böleginiň tutulyp galynýandygy dogrusynda hem dowamly maglumatlar gelip gowuşýar.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşigine agza kärhanalardan hem “meýletin salgyt” alynýandygy we munuň netijesinde ençeme hususy firmanyň öz işini bes etmeli bolandygy hem habar berlipdi.

Sözümiziň ahyrynda aýtsak, Türkmenistanda aýlyklaryň, pensiýalaryň, kömek pullarynyň we stipendiýalaryň wagtynda berilmeýändigi we onuň sebäpleri barada resmi metbugatda halk köpçüligine hiç hili maglumat berilmeýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG