Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri «Musawat» partiýasynyň edarasyna reýd geçirildi


Sişenbe güni Azerbaýjanyň polisiýasy ýurduň esasy oppozisiýa partiýalaryndan biri bolan «Musawat» partiýasynyň baş edarasyna reýd geçirdi.

Bu reýdde polisiýa işgärleriniň bu oppozision partiýanyň ofisindäki dokumentleri gözden geçirendikleri barada maglumat alyndy.

Azerbaýjanyň resmileri bu barlaglaryň ýakynda gurnalan demonstrasiýalar wagtynda amala aşyrylan jenaýatçylykly wandallyk bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

Şu aprel aýynda ýurduň polisiýasy Bakuda iki gezek gurnalan protest demonstrasiýalarynyň ikisini-de dargytdy we ençeme aktiwisti tussag etdi.
XS
SM
MD
LG