Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan hüjümlerinde koalisiýanyň üç esgeri öldi


Penşenbe güni giçlik Owganystanda aýry-aýralykda amala aşyrlan hüjümlerde Halkara koalisiýanyň hataryndan üç esger öldi. Bu barada NATO habar berýär.

Berilýän maglumata görä, ýurduň günortasynda bolan partlamada iki esger, gündogar Owganystanda amala aşyrylan hüjümde bolsa, bir esger ölüpdir.

Bu ýitgileri hem goşanyňda, şu aýda Owganystanda Halkara güýçleriniň hataryndan 48 esger öldi. Geçen ýylyň aprelinde bu görkeziji 33-e deň bolupdy.
XS
SM
MD
LG